Beýni implantatynyň kömegi bilen kör adamlar kameradan “görüp” bilerler
Hýustendäki Beýlor lukmançylyk kollejiniň alymlar topary kör adamlara harplaryň suduryny “görmäge” mümkinçilik berýän beýni implantatyny döretdiler. Bu barada discover24.ru habar berýär.
Özboluşly beýni implantatyň kömegi bilen görejini ýitiren adamlar ýörite wideokamerany ulanmak bilen daş-töwerekdäki obýektleri “görmegi” başararlar. Täze gurluş wizual maglumatlary kameradan adam beýnisinde ornaşdyrylýan elektroda geçirmek işini amala aşyrýar. Barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, bu kör adamlara göreji gaýtaryp bermäge kömek etjek “wizual proteziň” durmuşa geçirilmegine tarap ädilen uly ädim bolup durýar. Synagdan geçijiler olara dürli obýektleriň suduryny görmek we olary tapawutlandyrmak başardandygyny bellediler.
Bu gurluş geçenkilerden düýpli tapawutlanýar, sebäbi öňki gurluşlaryň her bir elektrody piksel görnüşinde işleýärdi. Indi barlag geçirijiler reňkli nokatlardan şekil döretmäge çalyşman, sudurlar bilen işleşmäge başladylar. Ýöne alymlar entek tehnologiýanyň döretmek işiniň birinji tapgyryndadygyny belleýärler.
“Elektrodlaryň implantasiýa edilen ilkinji görüş gabygy ýarym milliard neýrony özünde saklaýar. Biz bu gezek birnäçe elektrodyň kömegi bilen bu neýronlaryň diňe az bölegini herekete getirdik. Şonuň üçin indiki ädim müňlerçe elektrodlardan gözenek döretmek üçin neýroinženerler bilen işleşmek bolar” – diýlip, barlagda aýdylýar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir