«Türkmenhowaýollary» Aşgabat — Balkanabat howa gatnawyny ýatyrdy
2020-nji ýylyň 11-nji maýyndan «Türkmenhowaýollary» agentligi Aşgabatdan Balkanabada gatnaýan gatnawy ýatyrdy. Mundan öň, bu gatnaw hepdede 2 gezek amala aşyrylýardy. Bu barada agentligiň habaryna salgylanmak bilen ArzuwNews habar berýär.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda içerki gatnawlar terminalyndan her günde iki gezek amala aşyryljak howa gatnawlarynyň sanawy neşir edildi. Bu gatnawlar şu ugurlar boýunça amala aşyrylar:
• Aşgabat – Türkmenabat - Aşgabat
• Aşgabat – Mary - Aşgabat
• Aşgabat – Daşoguz - Aşgabat
• Aşgabat – Türkmenbaşy - Aşgabat
Goşmaça maglumat almak üçin awiagatnadyjynyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: 39-17-17
«Türkmenhowaýollary» Aşgabat — Balkanabat howa gatnawyny ýatyrdy
-
Adalat19
4 years ago
- Indi diňe şol nomer dälde hiç bir nomer jaňa jogap berenok. Islendik edaraň sorag-jogal gullugyna jaň edip göräý, hiç kim jogap berenok. Diňe 09 bilen kitaphanalar jogap berýär diýäýmeseň...
Panturkist 4 years ago- 391717-ä jaň edip aldyryp bilen adam barmyka şu jahanda?