Adam ömrüni bir gezek ýaşarmyş. Ynsan ömrüniň sanalgyja soňky günlerini öz dogduk ilinde ýakynlarynyň ýanynda ýaşap, ýalançydan ötse, oňa gynanç bildirip, dady-perýat edilip, ahyrky ýoluna ugradylmagyna könelerimiz “abraýly ölüm” diýer ekenler. Adama ýamanlyk üçin “duluňda süýnme” diýlip gargyş edilmegine hem şu ýagdaýda düşünip galýaň.
Edil ýaňy bir habar gulagymyza degdi. Ýagny, birnäçe ýyl mundan öň ýurtdan gaçyp giden, ömrüniň soňky günlerini Şwesiýada ýaşan Ak Welsaparyň koronawirus ýokanjynyň netijesinde ýogalandygyny eşitdik. Öleniň yzyndan onuň diňe gowy tarapyny ýatlap gürrüň açylarmyş. Emma, bu “görgüliniň” halaly-haramy bir hatara düzüp ýurdunyň, halkynyň garşysyna galat söz aýtmakdan başga bitiren işi bolmandygy üçin näme aýtjagyňy hem bimeýärsiň. Işi-pişesi türkmene şyltak atmak bilen boldy. Ömrüniň köp bölegi gybat bilen geçdi. Türkmenistanda galan garyndaşlary munuň masgaraçylyklaryndan halys bolup, iň soňunda-da olaryň özünden ýüz döndermeklerine sebäp boldy. “Ölýänçäň ýüzüňi görmeris” diýip oňa nälet okan garyndaşlary onuň ölensoň hem ýüzüni görüp bilmediler. Onuň soňky deminde “ýurdum” diýip syzlamadyk bedeni, indi jansyz jesede öwrülen soň, oňa eýe çykan bir tapylarmyka?! Ýat ýurtda ölüňe aglajagam-a ýok! Diri wagtyň dostuňam bolandyr, ýoldaşyňam. Emma, ýurduny täzeläp, çyn dünýä gidenden soň welin, hat-da özüni ildeş saýyp ýören Halmyrat Söýün ýalylar hem onuň soňky çykdajylary üçin sadakasyny sarp etmez.
Diýmek, onyň ol ýerlerde adam hökmünde musulmançylyk bilen soňky ýoluna ugratjak ne ili bar, ne-de ýurdy! Bu işlerinden soň Ak Welsapar özüni o dünýede aklap biljegi-de belli däl. Sol sebäpli onuň eden ähli günäleriniň geçilmegini diläliň!
“Covid-19” Ak Welsaparyň ölümine sebäp boldy
-
wagt
4 years ago
- Şular ýaly anonim ýazgylar gürrüñi gidýän adamdan beter ýazgyny ýazanyñ özüni pes ýagdaýa düşürýär. Döwüşseñem mert bolup döwüşilýär, öz kimligiñ tanadylyp orta çykylýar, sebäbi biz öz watanymyzda ýaşaýas, dilimiz gysga däl, elimiz kelte däl. Näme üçin bukulyp atmaly?
Welsaparyñ kimdigini bilemzok, ýazan zatlarynam okamzok. Emma ýazgynyñ awtorynyñ watanyñ, il-günüñ gamyny iýýänine ynanasyñam gelenok, şular anonim ýazgylary göreniñde.
-
wagt
4 years ago
- "Halk öz hukuklaryny talap edip başlady"... şu sozuñi delillendirip bersene? Sen hakykatçy bolsañ, bir sozuñde halkdan ses çykanok diyyañ. Indi haysy sozuñ çyn bolya señ? Ozuñ ayt? Eger talap edilyan bolsa nahili yagdayda talap edilya? Nirede name boldy? Kim talap etdi? Kim çykyş etdi? Kimler gatnaşdy? Haçan? Saña bu habarlary beren kim? Anyk maglumatlary gorkezip biljekmi? Nä poh iyip otyrsyñ, nekgende?
-
wagt
4 years ago
- Ýazgy ýazyşyñdan syýasy sowadyñ noldugyny görkezýäñ. "Parahor döwlet" diýen zat ýok. Döwletde ýokary wezipeleri eýelän käbir kişileriñ parahor bolmagy mümkin. Emma "parahor döwlet" diýen düşûnje ýok, syyasaty öwreniş ylmynda-da, syýasatda-da... sebäbi döwlet fiziki şahs däl, parahor bolar ýaly.. )) Alahekek ýaly jakyrdap oturma-da hiniñe sûmüläy indi, güldüribildiñ...
-
wagt
4 years ago
- Gulakdan eşitme gürrüñlere, boş montajlara ynanyp ýõren yñdarma nadan diyerler saña. Wiy diydimemmi eyyäm. Men organ däl-ä. Wiy onsoñam aç olesim yok-la, iki daşyñ arasynda galsamam, şugunem iki halta ysmanak yygyp geldim meydandan. Gylyç Kulyýewiñ "GARA KERWEN" romanynda Forster diyen biri (yalñyşsamam): "adamlar name u.n pulsyzlykdan zeyrenyarkaler? Men- ony howadanam gaparyn, adamlañ okjesine yapyşan tozandanam yasaryn.." diyipdir. Oz emelsizligiñi, nalajedeyinligiñi halkyñ boynuna dakjak bolma, eşek. Daşary yurtlaram gormeyan yerimiz dal, gidip gelyanlerimizem az dal tanyş-bilişlerimiñ arasynda, nirede name bolyandygynam gorup yorus. Birwagt señ yaly nadanlar Amerikanlar Yraga girdi indi demokratiya geler diyip elleri kual çekiçli, lomly Saddam Huseyiniñ heykeli yumrupdylar. Indi şol heykeli yumranyñ biri birki yyllykda telewideniyede çykyş edip: "her gezek şol heykeliñ öñki duran yerinden gecsem möññûrip aglasym gelya. Amerikanlaryñ Yraga giren gijesi azatlygymysa gowuşdyk diyp begenjimize toy edipdik, asyl şol gije biziñ azatlygymyzam, erkinligimizem, huzurymyzam elimizden ömürlik alynan gijesi eken... Bir Saddam gitdi diyip begendik, 100 sany Saddam geldi... diyp aglayar...
Sen bu prowokasion teswirleriñ bilen kimiñ ýeline geldiñ bilemok welin, õz kelläñe gürläñok, yone señ aydyşyn yaly halk "aýaga galyp" yurt bulaşsa, ilki bilen señem meñem halyma çapak çaljaklar seniñ artbujagyña yel berip oturanlar bolar. Elbetde, señ bilen deñ bolup durmarys, saña gynanjaklaram yene oz iliñ gunuñ, biz bolarys.
-
Jeksparro
4 years ago
- Yurdumyzyñ koronawirusdan arassa saklanyandygynyñ özi nämä degenok. Gurbannazar eziz aýtmyşlaýyn ''Biz näme bolsak şol bolaly, bolsa bolýar eziz Watan'' :)
soho 4 years ago- Tanamadyk We Bilmedik... Imany Hemra Bolsun...