GÜL ALAR

Bahar gelip, ýaz aýlary bolanda,
Ol çaýlaryñ kenaryny sil alar.
Iki juwan bir karara gelende,
Oglan gyza nerkes berer, gül alar.

Sap kümüşden akdyr seniñ bilegiñ,
Hak ýolunda kabul bolsun dilegiñ,
Messaý ýöri, mawy donly melegim,
Il arypdyr, ýörişiñden syn alar.

Dolup-daşyp, däli köñül joşaly,
Köp zamandyr ýar söwdaña düşeli.
Atmyş zülpün ak gerdenden daşary,
Ösen ýeller zülpleriñden tel alar.

Garajaoglan diýer, gördüm men bir ýar,
Se£de bilen bakdym-da, eýledim nazar,
Elmydam al-ýaşyl geýinip gezer,
Ary gonar, ak gerdenden bal alar.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir