Türkmen tebigatynda bolluk bilen eçilýän çogly gününiň şöhlesinden, ene topragyň jümmüşindäki şypaly nemden ganyp biten ösümlikleriň ählisiniň hem ugruny bilip ulansaň dermanlyk ähmiýeti bardyr. Şolaryň içinde iň gadymy döwürlerden bäri belli we has giňden ulanylýany ýüzärlikdir. Oňa her bir türkmen öýünde duşmak bolýar. Halkymyz ony iki maksat üçin, dermanlyk hem-de boýag ösümligi hökmünde peýdalanylýar.
Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda ol 50-den göwrak keselleri bejermekde ulanylýar. Onuň otuny, gülüni, miwesini sowuklamada, gyzzyrmada, çişlerde, garyn ýellenmesinde, damaryň çekmesinde, guragyry, gijilewik, diş etiniň agyrysy, demgysma we böwrek kesellerinde peýdalanylýar. Bu kesellerde ýüzärligiň belleýşimiz ýaly, özi we gaýnadylan peti ulanylýar. Ýöne her bir türkmen öýlerinde onuň tüssesine uly ähmiýet berilýär. Wagtal-wagtal ony tütedip, ak tüssesini daş-töwerege ýaýradýarlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alýarlar. Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň we ýylanlaryň gaçýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Muňa ösümligiň düzümindäki alkoloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar.
Şeýle-de, ata-babalarymyz yrym edip, göraýjy güýjüne ynanyp, ýüzärligiň tüssesini öýe täze bäbek gelende, täze gelin gelende tütedip, tüssesini ýaýradýarlar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir