Ýiti respirator ýokanç keseliň ýa-da dümewiň öňüni almak, bedenimiziň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli:
- iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. Şeýle-de, gadymdan gelýän dermanlyk ösümligi bolan üzärligi tüsseledip, howadaky mikroblary, wiruslary yzygiderli ýok etmeli;
- howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem hepdede iýmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär;
- bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli;
- öz hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaga, elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmaga endik etmeli. Elleri zyýansyzlandyrmak üçin welaýatymyzyň dükanlarynda satylýan el üçin antiseptik gelleri ulanmaly (hand sanitizer), ýuwulmadyk eller bilen gözleriňizi, burnuňyzy ellemezlige çalyşmaly, üsgüreniňizde ýa-da asgyranyňyzda agzyňyzy, burnuňyzy elýaglyk ýa-da bir gezek ulanylýan süpürgiç bilen ýapmaly;
- üsgürýän adamlardan daşda bolmaly. Dümewe garşy öňüni alyş sanjymyny her ýyl möwsümden öň almagy unutmaly däl! Witaminlere baý bolan iýmitler bilen iýmitlenmeli.
Hormatly okyjy, ýokarda agzalan sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, geliň, ýokanç kesellere garşy hemmämiz bilelikde göreşeliň!
Wiruslara garşy bilelikde göreşeliň!
-
Jeksparro
4 years ago
- Ay sag bola şeydip aktiv bolup gatnaşyp duruñ!?
Perhat Sabirovv 4 years ago- Dostlar nàhili virus gelse hem ajalyñ ýetmese ölmeýàñ)) Bula meniñ pikirim
Mowzuk barada pikirim bolsa, gowy maslahatlar Like