Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegin Konsepsiyasynyn», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegin Konsepsiyasynyn», şeyle hem «Türkmenistanyn bilim edaralarynda yaş nesli Sazlaşykly terbiyelemegin maksatnamasynyn» önde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilyär. Häzirki wagtda hemme ýurtlarda diýen yaly bilim ulgamyny üytgedip guramak işleri alnyp barylyar. Onun, esasan, iki sebäbi bar. Olaryn birinjisi ykdysadyýet bilen baglanysykly, ýagny yaş nesle XXI asyryn yzygider üytgäp duran ykdysady durmuşynda mynasyp orny eyeläp biler yaly yeterlik bilim we endik bermek. Ikinjisi medeniyet bilen bagly bolup, çagalara halkyn me- deni özboluşlygyny saklamagy we geljekki nesle geçirmegi, şol bir wagtda dünyä medeniýetine sazlaşykly goşulyşmagy öwretmek zerurlygydyr. Ylym-bilim döwletin we jemgyyetin öne gitmeginin berk binýatlarynyn biridir. Şona görä-de yaşlara döwrebap bilim berip, ylmy-bilimi hemmetaraplayyn ösdürmek mugallymlaryn önünde duran esasy wezipelerin biridir.
Ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmak hem olary goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek meyilleşdirilendir. Türkmen yaşlary häzirki zaman tehnologiyalaryndan oñat baş alyp çykyan, döwrün talabyna laýyk hünärmen, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin ukyply bolmalydyr. Ýaşlarymyz bilimin-ylmyn ilkinji basgançaklaryny umumybilim beryän mekdeplerimizde geçýärler. «Mekdep» düşünjesi ilkinji gezek Gadymy Gresiýada döräpdir we ol “dynç alyş “, “boş wagt” diýen manyny berýär. Ilkinji mekdepler biziň eýýamymyzdan öň 4 muň ýyl öň Assiriýada, Wawilonda we Hytaýda döräpdir. Halkara derejesinde geçirilen soragnamanyň netijeleri boýunça jemgyýetiň abadamnçylygyny üpjün edýän hünärleriň arasynda mugallymçylyk käri möhümligi boýunça harbylardan we lukmanlardan soň üçünji orunda durýar. Hakykatda bolsa mugallymçylyk kärini has ýokary derejä çykarsaň hem ýalňyş bolmasa gerek, sebäbi her bir çaganyň ykbaly, döwletiň geljegi ilkinji nobatda mugallyma bagly bolup durýar. Bilermenleriň nygtaýşy ýaly, mugallymçylyk käri edil uçarlaryň herekedini sazlaýjylaryň, uçarmanlaryň we ýangyn söndürijileriň käri ýaly iň çylşyrymly kärleriň hatarynda durýar. Nerw ulgamyna düşýän agramyň derejesi bu kärlerde takmynan, deň derejededir.
Bilimiň hili mugallyma bagly
-
12
4 years ago
- Ay dost sena onardyn bu materyal totanlikde mana dusdy welin mekdebin taryhyndan kabir zatlar bar eken sony yetirayin diydim.
-
Panturkist
4 years ago
- 1) Çagalary öý işleri bilen gömmek endigi taşlamaly.
2) Ilki bilen daşary ýurt dillerini (iňlis, rus) öwretmek üçin köne CCCP-den galan netijesiz düşünjäni taşlamaly. Özümizde bar bolan husuy dil merkezleriniň taktikasyny we okuw esbaplaryny ulanmaly.
3) Matematika, fizika, himiýa, biologiýa ýaly sapaklar üçinem CCCP-den galan effektiwligini ýitiren sistemany taşlamaly. Nusgawy ýurtlardan nusga almaly.
sari 4 years ago- Şu gezegä şu temada gödek boljak. Biriniň götüni ýaglamak gerekdäl. Hiç him hiç zat edenok. Mekdepler uniwersitetler hilsiz. Bilim sistema hilsiz. Bir topar garry mugallymlaryň ýa-da bir topar ýaş mugallymlaryň näme gep etýänini öwrenýäs sapak geçenoklar. Okuwçylar mal bolup gidip barýa habaryňyz ýok kartada türkmenistany görkezip bilmeýän soňky synp okuwçylary bar. Bolýa düzen sistemaňyzam agzyna syçaýyn, özümizem okarys welin idigli internet ýok. Bolýa onam siktir et, kitaplardan okarys. Iň esasy zat adalatlylyk ýok döwlet olimpiada/taslama/bäsleşik gidip depresiýa girip gaýmadyk okuwçy tapmarsyň. Hökmany döwlet derejesinde ýaryşlaryň ýerleri $ satylýar. Bolýar onam geç soňky ýere hem razy. Uniwersiteta girjek bolsamam para alýalar. Soň nädip türkmenler daşary ýurda okuwa gitmesin. Sanly bilim ulgam diýdiňiz welin men 100% ynamly şolar ýaly portal ýok, diňeje reklamada bet biz. Gaýrat edip boş zatlary blog ýazmaň, eger jan watanym türkmenistan diýýän bolsaňyz, sag aman biriniň elini egilip öpüberiň.