Şu günler Babadaýhan etrabynyň çopan-çoluklary dowarlary göwnejaý gyşlatmak bilen birlikde owlak-guzy almak möwsümine işjeň taýýarlyk görýärler. Ene goýunlar maldarçylyk talaplaryna görä gündelik gözegçilikde saklanyp, olar goşmaça ýokumly ot-iýmler bilen iýmitlendirilýär.Guzlaýjy mallaryň kadaly guratlygy hem-de sagdynlygy saklanylýar.
Etrabyň dowardarlary öňde durýan owlak-guzy almak möwsümini Merkezi Garagumyň Garajaowlak, Geldiowlak, Ýediarym, Çölaýy ýaýlalarynda geçirmegi maksat edinýärler. Maldarlar üçin ähli amatlyklary bolan bu ýaýlalarda möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýaýlalarda ot-iým ätiýaçlygy ýeterlik.
,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ygally gelmegi owlak-guzy almak möwsümini geçirmek üçin saýlanyp alnan ýerlerdäki kaklarda, sardoplarda ýeterlik suw gorlary ýygnandy. Häzirki wagtda möwsümiň kadaly geçirilmegi üçin bu ýerlerde suwuň ýeterlik mukdary bar. Dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminde çopanlara daýhan birleşikleri tarapyndan adam, tehnika güýçlerini berkitmek, beýleki zerur bolan zatlar bilen üpjün etmegiň anyk çäreleri işlenilip düzüldi.
Etrapda owlak-guzy almak möwsümine taýýarlyk çäreleri Ýusup Gurbanow adyndaky, Alty Garlyýew adyndaky, Täze ýol daýhan birleşiklerinde has-da ýokary hilli geçirilýär. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary-da şu günler çopan-çoluklaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň maldarçylygy, aýratyn-da dowardarçylygy ösdürmek baradaky öňde goýan wezipelerini giňden düşündirýärler. Bu bolsa etrabyň dowardarlaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir