COVID-2019 koronawirusy bejermegiň netijeli usuly tapyldy
Hytaýly lukmanlar COVID-19 koronawirus zerarly ýüze çykan pnewmoniýa bilen keselläp sagalanlaryň plazmasyny guýmak usulyny peýdalanyp başladylar. Bu barada Euronews «Sinhua» agentliginiň China National Biotec Group /CNBG/ kompaniýasynyň lukmanlarynyň aýdanlaryna salgylanyp habar berýär.
Kompaniýanyň beýan edişi ýaly, olar sagalyp giden näsaglardan terapewtiki önümleri, şol sanda rekonwalessent plazmany we immunoglobulini işläp taýýarlamak üçin gan plazmasyny toplapdyrlar.
Global Times neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, täze usuly kömegi bilen, eýýäm, agyr ýagdaýda ýatan ondan gowrak näsagy bejermek başartdy. Bejerilen näsaglaryň aglabasynyň organizminde wirusyň zyýanly täsirini ýok etmäge ukyply antibedenler emele gelýär.
Kliniki netijeleriň görkezişi ýaly, gaz plazmasynyň guýulmagyndan 12-24 sagat soňra näsaglarda kliniki alamatlaryň gowşamagyna gözegçilik edilipdir. Has dogrusy, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna we sowuklama prosesini döredijileriň peselmegine gözegçilik edilipdir.
Bilermenleriň bellemegine görä, rekonwalessent plazmasyny peýdalanmak arkaly bejergi agyr ýagdaýda keseli başdan geçirýänleriň arasynda ölümçiligi peseltmek üçin netijeli usul bolup biler.
CNBG we Uhan donorçylyk merkezi agyr ýagdaýlarda ýatan näsaglara kömek bermek üçin sagalyp giden näsaglary plazma tabşyrmaga çagyrýar.
COVID-2019 koronawirusy bejermegiň netijeli usuly tapyldy
-
Jeksparro
4 years ago
- Borjak bilen ýüzärlik derman ösümlikleri şu koronowirusa garşy derman diyip ors doktor alymlary aydyarlar!
Barbary 4 years ago- Dert beren Allah,dermanynam berer inşallah,bolupdyr