«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň taslamasynda Halk Maslahatyna şu ygtyýarlyklar degişli edildi:
— Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullamak ýa-da ret etmek;
— Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garamak;
— ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözmek;
— Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, içeri işler ministrini, adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garamak;
— Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we beýleki döwlet atlaryny dakmak;
— Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözmek;
— parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;
— Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek ygtyýarlyklaryny beýan etmek teklip edilýär.
Mejlisiň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylary girizmek zerur diýlip bellenildi:
— Konstitusiýanyň, konstitusion kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garamak we kabul etmek, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;
— Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak baradaky meselä garamak;
— Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak baradaky meselelere garamak;
— döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;
— Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;
— Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak;
— döwlet sylaglaryny döretmek;
— halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;
— Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözmek;
— döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitlemek;
— Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek ygtyýarlyklaryny degişli etmek zerur hasap edilýär.
Esasy Kanunymyza üýtgetmeler girdi. Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ygtyýarlyklary görkezildi
-
turkmen-talyp
4 years ago
- HM onda Mejlisinem üstündedä dogry düshünen bolsam. HM deputatlary kimkä?
Mejlisde näche deputat barka 12?
Halk maslahaty diyilyändä näche adam bar 12?
Konstitusiya-da uytgäp durla. Bilemok shu wagta chenli näche gezek uytgeshme we goshmacha girizildi.
-
12
4 years ago
- Mejlisiň adamy 125 sany. Halk maslahatyňky her welaýatdan we welaýat hukukly şäherden 8 (sekiz) adamdan bolar
-
turkmen-talyp
4 years ago
- 12, deputatlar edibersindä shol HM ishini. HM nämä gerek bolduka? Birem deputatlan sany köp. HM agzalary kim, dunyä ykdysadyyetinde syyasatdan habarly adamlarmy bir?
Panturkist 4 years ago- "Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, içeri işler ministrini, adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garamak" - Ýaman gorkunç kanun eken.