Gadymy Eýranyň ilaty zoroastrizm (otparazlyk) dinine uýupdyr. Halk Ahuramazda hudaýyna sežde edipdir. Bu dinde Gün, Aý, ýyldyzlar hem hudaýlaşdyrylypdyr. Zoroastrizm dini Eýran we onuň bilen ýanaşyk ýurtlara ýaýrapdyr. Zoroastrizm dininiň mukaddes kitaby «Awesta» bolupdyr. Midiýa patyşasy Astiag zoroastrizm dinini resmi döwlet dini diýip ykrar etdiripdir. Ol döwürde däp-dessurlary bilýän we ýerine ýetirýän ruhanylara ynanylypdyr. Olaryň üstünde bolsa baş ruhany durupdyr. Saklanyp galan möhürleriň ýüzündäki şekillerde däp-dessurlary berjaý edýän ruhanylaryň keşbi beýan edilipdir. Eýranda ybadathanalaryň gurluşygyna uly üns berlip başlanypdyr. Uruşlar döwründe ýykylan ybadatnahanalar täzeden dikeldilipdir. Dini baýramçylyklar yzygiderli guralyp durupdyr. Şa adamlara baý peşgeşleri paýlapdyr. Patyşa beýleki halklaryň dinine hem hormat bilen garapdyr. Olara- da zoroastrizm dinine uýýanlar bilen bir hatarda ybadathanalary saldyryp beripdir. Dini baýramçylyklarda basylyp alnan ýurtlaryň halklary bilen ýerli halky agzybirsaklamagy maksat edinip, patyşa tarapyndan ybadathanalarda ýörite sadakalar berlipdir.
Edebiýat. Gadymy Eýranyň edebiýaty barada aýdylanda, olara parslaryň döreden mifleri hem-de «Awesta» kitaby degişlidir. «Awesta » barada ozal aýdylansoň, rowaýatlar (mifler) hakynda gürrüň etmek ähmiýetlidir. Köp sanly mifleriň arasynda iň meşhury we gyzyklysy Jemşit şa bilen baglanyşyklydyr. Rowaýata görä, ähli eýranlylaryň nesilbaşysy bolan Jemşit şa 700 ýyl hökümdarlyk edipdir. Eýranlylaryň «Altyn asyry» hasaplanylan şol ýyllaryň bütin dowamynda Eýranda, hamana kesel, ölüm, garramaklyk, garyplyk bolmanmyş. Jemşit şa adamlara at dakmagy, çyrany, matany tapyp berenmiş, jaý salmagy, gaýyk ýasamagy, demir eretmegi, gap-gaçlary ýasamagy öwredenmiş. Emma onuň iň oňat tapyndysy «Jemşidiň jamy» bolupdyr. Rowaýatlara görä, Jemşit islendik wagtda jamyna seredip, dünýäniň ähli çäklerinde nämeleriň bolýandygyny görüp bilipdir.
Sungat. Gadymy Eýran sungaty dürli halklaryň: elamlylaryň, assiriýalylaryň, müsürlileriň, grekleriň medeniýetleriniň utgaşmagynda döräpdir. Şoňa görä-de, olarda bir-birine özboluşly meňzeşlik duýlupdyr. Olar wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşipdir. Sungat ussatlary metaldan dürli gap-gaçlary, şirmaýydan bulgurlary ýasap, olary nagyşlar, haýwanlaryň suratlary bilen çeper bezäpdirler. Zergärçilikde, şaý-sepleriň aýry-aýry görnüşleri ýasalanda dürli görnüşdäki haýwanlaryň keşbi şekillendirilipdir. Buişde gymmat bahaly daşlar hem ulanylypdyr. Şol döwürler külalçylyk önümleri köpçülikleýin ýasalyp, olar dürli nagyşlaryň üsti arkaly haýwanlaryň we adamlaryň şekilleri bilen bezelipdir. Patyşa möhürleriniň ýüzünde guşlar we ýyrtyjy haýwanlar şekillendirilipdir.
Aragatnaşyk etikasy. Eýranda edep kadalaryny saklamaga uly ähmiýet berlipdir. Ynsan keşbini gowy häsiýetler, mylaýymlyk we myhmansöýerlik bezeýär diýip hasap edilipdir. Eýranlylar beýleki halklar bilen agzybirlikde ýaşamaga çalşypdyrlar.
Zoroastrizm dünýägaraýyş hökmünde
-
Jeksparro
5 years ago
- Mende Budda pygamber diyip bir kitap bar. Şony bölekleyin sayda goysam nahili bolarka!?
Technoman 5 years ago- gowy mowzuk ekeni.Awesta barada bilyan bolsan goyayda