Merkuriý planetasy
Merkuriý Gün Äleminiň iň kiçi we Güne iň ýakyn Ýere meňzeş planetasydyr. Ýakyn 88 günüň içinde aýlawyny tamamlaýandygy üçin tizligi, Gün äleminiň beýleki planetalaryndan has çalt hereket edýär.
Ol Gün äleminiñ 1-njy planetasydyr Radiusy 2439 km, dykyzlygy 5,45 g/sm3, massasy 3,3·10 23 kg. Merkuriniñ iç gurluşy barada aýdylanda onuñ massasynyñ 80 %-e ýetýän we radiusy 1800 km-e ýetýän demir ýadrosy bar. Onuñ ilkinji we üçünji gatlaklary kremnidendir diýlip hasap edilýär. Ol Günüñ töwereginde 47,89 km/s orta tizlik bilen hereket edip, bir gezek aýlawy 88 günde tamamlaýar. Öz okunyñ töwereginden 176 günde bir sapar aýlanýar. Netijede, Merkuriniñ iki ýylynda onuñ diñe bir gije gündizi geçýär. Merkuriý Güne 45,9 mln. km golaýlaşyp, ondan 69,7 mln. km uzaklaşýar. Tizlenme 3,72 m/s2. Günüñ dowamynda ýylylyk - 180oS-den +430oS aralyklarynda üýtgeýär. Onuñ örän az mukdarda howasy bar: 1 sm3-da 10 6 atoma golaý. Amerikanyñ hemrasy Mariner-10 -yñ alan maglumatlaryna görä, üstüniñ sekili Aýa meñzäp dur. Merkuriniñ aýlanýan oky onuñ hereket edýän tekizligine 2 gradus gyşyk. Hereket edýän tekizligi bolsa ekliptika 7o gysyk. Sonuñ üçin ol Günüñ üstünden bir asyryñ dowamynda orta hasap bilen 13 gezek geçýär. Ol hadysa diñe Maý we Noýabr aýlarynda bolup geçýär. Onuñ az möçberde magnit meýdany bar (Ýeriñkiden 300 esse az)[1].
Ýerden gözegçilik edilen wagty öz okundan 116 günde hereket edilýändigi görülýär. Onuň hiç hili hemrasy ýokdur. Ady Rim mifologiýasyndaky Taňrylara habar getiren Rim taňrysy Merkürden alyp gaýdýar. Dogrusy onuň ady dakylýar.
Onuň üstüniň gyzgynlygyny gorap saklajak atmosferasy ýok. Merkuriniň ýüzüniň gyzgynlygy Gün Älemindäki beýleki planetalaryňkydan öte gyzgyn bolup hemişede gyzgynlygy üýtgäp durýar. Käbir Ekwatoriýal ýerlerinde gije 100 K (−173 °C; −280 °F) den gündizine 700 K (427 °C; 800 °F) e çenli üÿgäp durýar. Merkuriniň daşky merkezligi Gün Älemindäki belli bolan bütin planetalaryňkydan has ulydyr.
Merkuriniň üsti kraterlerden doldydyr we görnüşi boýunça Aýa Meňzeýär. Merkuriý Gün bilen 3:2 rezonansta ýakyn-daşlaşyp, dartylmaga ýapykdyr[2]. Beýleki planetalara (saýýaralara) görä Günüň töweregindäki her iki aýlawa jogap öz oky boýunça 3 gezek aýlanýandygy gözegçilik edildi[3]. Merkuriý Güniň töwereklerinde Ýerden gözegçilik ediljek bolsa asmanda ir-daňdan ýa-da agşamlaryna görünýär, ýöne ýarygijeler görnenok.
Merkurini Ýerden synlanyňda parlak görnüşdedir. Güne bolan ýakynlygy sebäpli Weneranyň parlaklygyndan pesdir.
Ýerden goýberilen iki sany älem gämisi baryp Merkuriniň daşky şaryny syýahat etdi. Olaryň biri ''Mariner 10'' 1970-nji ýylda onuñ töwereginden uçup geçdi we ''MESSENGER'' 2004-nji ýylda uçuruldy. 2015-nji ýylyň 30-njy aprelinde ýangyjyny tamamlaman we planeta bilen çakyşmazdan öň 4 ýyl boýunça Merkuriniň töwereginde 4000 gezek aýlaw etdi[4][5][6][7].
1. Içki gurluşy
Gün sistemasynyň Ýere meňzeş planetasy bolan Merkuriý Ýer şaryna meňzeş dag gaýalaryndan ybaratdyr. Hemmetaraplaýyn Ýere meňzemese-de Daglary we Ýere meňzeş kraterleri, uçut gaýalary bilen biri-birine çala hem bolsa meňzeýändir. Aýratynam Ýeriň tebigy hemrasy Aýa gaty meňzeşdir. 2,439.7 kilometrlik ekwatoriýal ýarym guşaklygy bilen Gün Äleminiň iň kiçi planetasydyr[6]. Merkuriý aýratynam Gün Äleminde üsti açylan tebigy hemralar bolan Ganymetden we Titandan agyrdyr. Ýöne welin olardan has kiçidir.
Merkuriýniñ 70%-i metal we 30%-i silikat maddalaryndan ybaratdyr[8]. Merkuriniň 5.427 g/cm3'lik galyňlygy Gün Älemindäki ikinji iň uly galyňlyk diýlip hasap edilýär. Ol Ýer şarynyň 5.515 g/cm3' lik galyňlygyndan sähelçe kiçidir[6]. Eger grawitasiýinal gysylma täsiri urgulara sezewar bolmasady Merkurini emele getiren maddalar Ýeriň 4.4g/cm3 lik galyňlygyna deňleşik 5.3 g/cm3 lik gysylmadyk galyňlygy bilen has uly gatly bolardy[9].
2. Üstüniň görnüşi:
Merkuriniň üstüniň görnüşi ünsüňi çekýän aýratynlygy bilen beýleki planetalaryň üstünde görülýän ululy-kiçili urga sezewar bolan kraterler ýalydyr. Merkuriniň üsti has hem Ýeriň tebigy hemrasy Aýdaky deňizlere meňzeş kraterleri bar. Meteoritleriň we beýleki jisimleriň üstüne syçrap gaçan maddalaryň ýetiren täsiri takmynan 4,5 bilen 3,8 milýard ýyl mundan ozalky wagtlarda emele gelendigi çak edilýär. Merkuriniň üstündäki iň uly urga sezewar bolan sürtülmäniñ yzy 1300 kilometrlik Kaloris howzy ady dakylan krater görnüşli oýlukdyr. Bu uly deňiz 100 km tizlik bilen urulan Älem jisiminiň täsiridir. Aýratynam düzlükleriň üstünde ýüzlerçe kilometre uzynlykda we beýikligi. 2 ㅡ 3 km. ybarat döwülen ýerleri bar. Bu döwüklik planetanyň sowaýan eýýamlarynda emele gelendigi çak edilýär. Bu döwülmeler bolsa käbir kraterleriň içinde-de bar we kraterleriň emele gelen wagtyndan soň bolandygyny aýdýarlar.
Merkuriý planetasynyň üstünde sodium, oksigen we ş.m. gazlardan ybarat seýrek atmosferasy bardyr. Bu atmosfera täsiri güýçli bolan Günüň gyzgyn howasy we öte howurlar bilen planetanyň üstünden aýrylyp Älem giňişligine tozap giden atomlardan ybarat we yzygider gaýtalanyp durýan atmosferadyr. Şol sebäpden Merkuriniň atmosferasyny Ýeriň egzosferasy bilen deňese bolar.
3. Merkuriniň açylan taryhy.
Gadymy eýýamlardan biziň döwrümize çenli gelip ýeten çeşmelerde Merkuriý; Aý, Gün, Wenera, Mars Ýupiter we Saturn bilen birlikde belli bolan 7 sany Älem planetalarynyň biridir. Şol sebäpden antik Älem ylmy üçin astrologik katalogynda öz orny birnäçe dilde hepdäniň ýedi gününe adyny beren ýyldyz hökmünde eýýamlardan biziň günlerimize çenli adamzat medeniýetinde öz ýerini gorap gelipdir. Gadymy Gresiýada Daň ýyldyzy hökmünde görülende Germes, agşam ýyldyzy hökmünde görülende bolsa Apollo bolmak bilen iki sany ady göterýär eken. Pifagoryň kömegi bilen bu iki ýyldyz hasap edilýän ýyldyzy bir ýyldyz diýlip öwrenilmäge başlanypdyr.
Rimliler bolsa bu planeta Germesiň Rim mifologiýasyndaky meňzeşligi bolan: Aýaklary ganatly habarçy taňry Merküriniñ ady dakylyp bu atlandyrma häli-häzirem dünýä ýüzünde atlandyrylýan adalgasydyr.
1939-njy ýylda Italýan astronomy Giowanni Battista Zupi ýönekeý bir teleskopuñ kömegi bilen Merkuriniň hereketlerini gözden geçiripdir. Onuň Günüň töwereklerinde aýlanýandygyny bilýär eken. 1880-nji ýyllarda Italýan astronomy Giowanni Skiaparelli (Giovanni Schiaparelli) atmosferanyň täsiriniň azdygyny subut etmek üçin gündiz sagatlarda teleskop bilen barlanlarynda, Merkuriniň ýüzündäki goýy we açyk reňkli çäkleri görkezýän albedo kartasyny çyzýar we Merkuriniň aýlanma wagtyny we öz daşyndan aýlanyşynyň dogrudygyny subut edýär. Grek asylly Türkiýada dünýä inen fransuz astronomy Eugene Maýkl Antoniadi (Eugène Michel Antoniadi) 1934-nji ýylda neşir etdiren kitabynda Merkuriniň şol wagtlara çenli taýýarlanan kartalarynyň arasynda aýratyn has aýdyň kartasyny çyzdy we üns berilmesi gerek bolsa atmosferasynyň bardygyny öňe sürdi.
1962-nji ýylda Miçigan (Michigan) uniwersitetinde W.E. Howard planetanyň ultramelewşe radioaktiwligine esaslanyp Merkuriniň gije ýüzüniň hiç wagt Gün yşygy tutmaýan bir sebäpden o diýen sowuk däldigini, şol sebäpdenem 88 günlik öwrüm wagtynyň akla sygmajakdygyny öňe sürdi. 1965-nji ýylda Gordon H. Pettengil we Rolff B. Dyk Porto Rikodaky Aresibo radioteleskopynyň kömegi bilen geçiren barlaglary bilen planetadan çykýan ýagtylygy Dopleriň açan gyşarmasyny ölçäp Merkuriniň töweregindäki aýlawyny 59 günde tamamlaýandygyny hasaplapdyrlar.
Bu açdan soň Italýan alymy £uzeppe Kolombo häzirki günlerde kabul edilen 3:2 gradua dönüşiniň sinhronizasiýon pikirini orta atdy. 1991-nji ýylda Aresibo radioteleskopynda geçirilen radar gözleglerde planetanyň belli ýerlerinde doňan görnüşli suwlaryň bardygy belli bolupdyr.
Pluton Merkuriýden kiçi bolmagyna garanazdan 1976-njy ýyla çenli ulydygy pikir edilýärdi. Astronomiýada ''aýlanma'' we ''dönme'' biri birlerinden tapawutly. ''Aýlanma'' diýip bir jismiň öz-özi aýlanyp durmagyna aýdylýar. ''Dönmek'' bolsa jisimiň haýsydyr başga bir jismiň daşyndan töwerekleýin gezmegine aýdylýandyr.
4. ''Mariner 10''-yň toplan maglumatlary:
Şu günlere çenli Merkuriý planetasyna ugradylan ýeketäk Älem gämisi 1973-nji ýylda uçurylan ''Mariner 10'' atly emeli hemradyr. 1974-nji ýylyň Fewral aýlarynda Weneranyň çäginden aýlanyp Wenerada ylmy gözlegleri geçirip Günüň aňyrsyna giden Merkuriý bilen her 176 günde bir gezek gabatlaşyp köp maglumatlary toplady. 1974-nji-nji ýylyň 29-njy marty, 1974-nji ýylyň 21-nji Sentýabry we 1975-nji ýylyň 16-njy marty günlerinde üç sapar gabatlaşyp örän gyzykly hem wajyp maglumatlary toplap ýerdäki dolandyryjylara ugratdy.
Merkuriniň aýlanyşy, dönüşi, üsti bilnişi ýaly öwrenildi. Planetanyñ has öň bilinmeýän magnitosferasynyň daşyndan aýlanyldy we barlanyldy. Inçejik atmosferasynyň bardygy belli boldy. Üstünden, kraterlerinden, ýarym şarynynyň fotograflary surata düşürildi. Planetanyň ýarymdan gowrak şarynyň kartasyny çyzmagy başardy. Üçünji gezek planeta bilen gabatlaşanda 327 km ýakynlaşyp ýangyjy gutaransoň onuň wagty doldy.
1975-nji ýyldan bäri aragatnaşyk saklanmaýan Mariner 10 her iki Merkuriniň ýylynda bir planetada şol bir nokatda gabatlaşmagy dowam etdirýär.
5. MESSENGER Älem gämisiniň toplan maglumaty: Ýerden Merkura ugradylan älemiň emeli hemralary planetanyň Güne has ýakynlygy sebäpli planetanyň çäklerinde uçup aýlanmak üçin örän uly güýç energiýasynyň gerek bolany üçin Mariner 10 programmasynda gözleglerini az wagtyň içinde uly tizlik bilen ýakyn uçuşlary başyndan geçiripdi. 1980-nji ýyllaryň soňlarynda NASA Älem guramasynyň ylymly adamlaryndan Ken-wan-ýen (Chen Wan Ýen) bir älem hemrasyny Merkuriniň daşyndan uçurmak üçin ekenomik şertlerde uçuşyny taýýar etdi. Messenger bu plan üçin gurulup 2011-nji ýylda Merkuriniň töwereginden aýlanmak üçin 2004-nji ýylyň 3-nji Awgustynda uçuruldy. Ol bolsa aýgytly tizligi bilen uçup Merkuriniň tutuş üstüniň 250 metrlik piksel görnüşlerini surata alyp iň azyndan planetanyň bir bölüminiň topografik kartasyny çyzmaklyga we başga-da köp maglumatlary toplamaklyga kömegi degdi.
Peýdalanylan Edebiýatlar:
1. H. Meläýew. Syrly Älem. Aşgabat. Ylym neširýaty. 2004. sah: 135-136.
2. Elkins-Tanton, Linda T. (2006). Uranus, Neptune, Pluto, and the Outer Solar System. Infobase Publishing. s. 51. ISBN 978-1-4381-0729-5. Extract of page 51
3. "Animated clip of orbit and rotation of Mercury". Sciencenetlinks.com. 5 Maý. 2016-njy ýyldaky çeşmeden arhiwlendi.
4. http://messenger.jhuapl.edu/news_room/details.php?id=284
5."From Mercury orbit, MESSENGER watches a lunar eclipse". Planetary Society. 10 Oktýabr 2014. 2 Sentýabr 2016-nji ýyldaky çeşmeden arhiwlendi.
6. "Innovative use of pressurant extends MESSENGER's Mercury mission". Astronomy.com. 29 Dekabr 2014. 15 Noýabr 2016-njy ýyldaky çeşmeden arhiwlendi.
7. "Mercury Fact Sheet". NASA Goddard Space Flight Center. 30 Noýabr 2007. 18 Ýanwar 2017-nji ýyldaky çeşmeden arhiwlendi.
8-9. Staff (8 May 2003). "Mercury". US Geological Survey. 27 Sentýabr 2011-nji ýyldaky çeşmeden arhiwlendi.
Merkuriý planetasy
-
Jeksparro
5 years ago
- @12, senem şeyle. Saña-da minnetdar.
12 5 years ago- Jeksparro adamalaryň bilesi gelýän zatlary dykgatyna ýetirýärsiň minnetdar