863 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
26-njy sentýabrda Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezident 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamy kabul etmek hakynda Permana gol çekipdi.

Ynsanperwerlik syýasaty Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistan sebitde ilkinjileriň hatarynda bu meselä örän uly üns berip başlady. Sebäbi bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine halkara tagallalaryň birleşdirilmegi talap edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda 23 müňe golaý (22 müň 930) adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek we bu ýagdaýyň öňüni almaga degişli kepillikleri üpjün etmek üçin 2018 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Täzelikler, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir