Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda bir bende günäsiz ýerden tut-ha-tutlugyň azabyny çekmeli bolýar. «Halkduşmany» diýlip, on ýyllap sowuk Sibirde bolmaly edilýär. On ýyl diýlende, nesibesi dogduk diýaryna çekýär.
Yzynda ýaňy gunanlykdan saýlanan aty galýar. Özüniňem taýlykdan bir gözi köreken. Taý wagty harmana baranda, zyňlan daş attanlykda bir gözüne degipdir. Şol alamat bolmanda, eýesi ony on ýyldan soňra tanamalam däl.
Gör-ä bu bolýan ýagdaýy! Ol bendilikden boşap, otla, maşyna münüp, on gün diýlende, Köneürgenje gelýär. Günem ep-esli aşak sallanypdyr. Obasyna ýetmek üçinem, ýene 30 kilometr töweregi ýol aşmaly.
Bende:«Kimiňkä myhman bolsamkam?» diýip oýlanyp durka, özüne tarap ýetip gelýän aty görýär. Görse, şol ýeke göz!Onýança yzyndan kowguçylar gelýär.
—Bilmedik näme bolanyny. Heserlän ýaly boldyda, tanapyny üzüp, gala tarap tutduryp gaýdyberdi — diýip, kowguçylar aýdýarlar.
Ol adam on ýyldan soň eýesiniň geljegini duýup, bir menzil öňünden çykyp garşylan atyna münüp, öýüne ugrapdyr.

Şöhrat Abdyýew.
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir