Pişigiň saglyga oňyn täsiri onuň tüýleriniň uzynlygyna we reňkine
baglydyr. Uzyn tüýli angar, birma, norwegiýa tokaý, pars, sibir pişikleri
akyl taýdan ösüşde yza galan, newrotiki we psihiki bozulmalar anyklanan çagalara, ýürek-damar, daýanç-hereket ulgamynyň näsazlyklaryndan ejir çekýän ýa-da myşsalary gowşan näsaglara has oňat täsir edýär.
Iýmit siňdiriş we peşew-jyns ýollarynyň kesellerinde gysga tüýli ýa-da
tüýsüz pişikler bilen bejeriş ýokary netije berýär. Iň güýçli bejeriji täsire
eýe bolan gara pişikler adamdaky otrisatel (ýaramaz) energiýany beýleki pişiklere seredeniňde 2 esse köp mukdarda
özüne çekip alýarlar. Ak pişikler bejeriji täsiri boýunça garalaryndan soň ikinji orunda
durýarlar. Çypar, mor pişikler adama köp
energiýa berýär, bedeni gurplandyrýar,
kuwwatlandyrýar. Sarymtyl reňkli pi
şikler adamy ruhlandyrýar, göwnüni
galkyndyrýar. Mawymtyl-çal reňklileri nerwleri köşeşdirýär.
Pişikleriň islendik görnüşi bilen bejeriş arterial
gan basyşyny peseltmäge,
ýürek ritmini kadalaşdyrmaga, ýüregiň işini gowulandyrmaga, iýmitiň
siňmegini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýüregagyry tutgaýyndan soň birnäçe minutlap pişigiň endamyny sypalan näsagyň pulsy we
gan basyşy kadalaşýar. Munuň özi pişigiň tüýleriniň elektrikleşýändigi
we sypalananda bir-birine sürtülip, pes ýygylykly elektrik toguny işläp
çykarýandygy bilen düşündirilýär.
Pişikler öz eýesiniň agyrýan ýerini tapmaga ukyplydyr. Olar
penjeleri bilen çalaja dyrmalap, agyryny aýyrmaga synanyşýarlar.
Pişik gulagyňyzy ýalajak bolýarmy? Onda oňa päsgel bermäň. Gulakda biologiki işjeň nokatlaryň köp sanlysy ýerleşýär. Şoňa görä, gulagy
dil bilen «owkalama» saglyga oňyn täsir edýär. Kelläňiz agyrýarmy?
Onda pişigi boýnuňyzyň üstünde ýakanyň ugry boýunça ýerleşdiriň.
Myrlap, penjelerini gezeýän şekilli gezýän pişijegi ýanyňyzdan kowmaň. Pişigiň dyrnakçalamagy bedene edil akupunktura (belli-belli
nokatlara iňňe sançmak arkaly geçirilýän bejeriş) ýaly täsir edýär. Pi
şigiň myrryldysy ultrasesiň täsirine eýedir. Myrlap eýesiniň el-aýaklaryna oýkanýan pişik immunitetiň pugtalanmagyna, ýaralaryň çalt
bitmegine, hatda süňkleriň bekemegine-de, itergi berýär. Pişikler
eýesiniň keýpini, hal-ýagdaýyny, agyrap-ynjan ýerlerini duýýarlar we
mydama gapdalynda bolmak bilen onuň emosional ýagdaýyny gowulandyrýarlar.
Pişik saglyga nähili täsir edýär?
-
Nowcha90
5 years ago
- Mena pişigim halaýan
Panturkist 5 years ago- Pişigiň bu zatlardan habary barmyka?