Abul Fazl (Sarahs baba) kümmeti.

Il içinde Sarahs baba ady bilen atlandyrylýan arhitektura ýadygärligi Ahal welaýatynyň Sarahs şäherçesinde, Türkmenistan Hökümeti tarapyndan döwlet ähmiýetli goraghana diýlip yglan edilen Köne Sarahs şäheriniň çäklerinde ýerleşýär. Kümmet 1023-nji ýylda aradan çykan şyh Abul Fazl Hasanyň guburynyň üstünde ýerli sarahsly ussalar tarapyndan dikeldilipdir.1830-njy ýylda Sarahsyň üstünden Buhara tarap geçip giden iňlis syýahatçysy A.Börns bu aramhananyň gabyrüsti daşynyň ýazgysyny okap, bu ýerde Abul Fazl Guzyň (oguz) jaýlananlygy hakynda öz ýol ýazgylarynda ýazypdyr.
Abul Fazl as-Sarahsy musulmançylygyň sopuçylyk (sufizm) taglymatynda uly meşhurlyk gazanyp, bu ylym ýolunda köp-köp şägirtleri ýetişdiripdir. Olaryň içinde Beýik seljuklar döwletiniň düýbüni tutan Muhammet Togrul bege we Dawut Çagryl bege soltanlyk üçin pata beren Abu Seýit Abylhaýr Mäneliniň adyny getirmek ýeterlikdir. Abu Seýidiň agtygy Muhammet Münewweriň ýazmagyna görä: "Abylfazl pir örän sahawatly ynsan bolupdyr. Biziň şyhymyz şan-şöhratyň çür depesine çykan wagty, Abylfazl pir dünýäden gaýdan eken. Bir gün şyhymyzdan: "Sende şeýle ýagdaý haçan başlady?" diýip soranlarynda, ol: "Abylfazl piriň bir bakyşyndan başlady. Biziň Abu Aly Fakyhda okaýan döwrümiz biz suwly ýabyň kenaryndan barýardyk we ol kenardan pir beýleki ugra barýardy. Ol şonda bir gezek seretdi we bizde şeýle ýagdaý başlady. Biz nähili derejä ýeten bolsak, hemmesi şondandyr" diýen. Ol (Abu Seýit)… islendik çözmesi müşgil iş bolsa, aýakýalaňaç Saragta pir Abylfazl Hasanyň ýanyna giderdi we oňa ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýdandan soň, meseläni çürt-kesik çözüp gaýdyp gelerdi."
Abul Fazl aramhanasy biziň günlerimize gelip ýetse-de, asyrlaryň geçmegi bilen onuň haly harap ýagdaýa öwrülipdir. Bolşewizm taglymatynyň dine garşy barlyşyksyz göreş alyp baran zamanlarynda kümmetiň saklanyş ýagdaýy ýaramazlaşyp, hatda ýerli ilatyň gürrüň bermegine görä, belli bir döwürde oňa ýarylyp ýok bolmak howpy hem abanypdyr. Daňatar Gurtjanow (1947ý.d.) öz kakasyndan (1910ý.d.) eşdip, şeýle gürrüň berýär: "Bolşewigiň möwç alan zabun zamanasynda Moskwada Isa pygamberiň hormatyna gurlan ybadathananyň ýaryp ýok edilenligini eştdik.Şol döwürde Sarahs babany hem partladyp ýok etmekçi bolupdyrlar. Ony ýarmak üçin gizlinlikde taýýarlyk görüp ugrapdyrlar. Il içinde bu habar aşaklyk bilen ýaýrapdyr. Gurbanýaz molla diýen biri bolşewigiň ketdesiniň ýanyna baryp, "Sarahs baba üýtgeşik bina. Hudaýa ynanmaýan, öwlüýä hormat goýmaýan bolsaňyz hem, ylyma sarpa goýuň.Bu bina ylym, hasap-hesip bilen gurlan. Ynanmasaňyz onuň depesindäki deşikden bir ýumurtga oklaň, ýere düşüp döwülse,bet işiňizi ediň" diýipdir. Barlap görüpdirler. Ýumurtganyň abat düşmegi olary geň galdyrypdyr. Olar bet pygyldan el çekipdir". Hakykatdan hem, Gündogar binagärçiliginde matematiki hasaplar we fiziki kanunlar ezberlik bilen ulanylypdyr. Ussalar olary gowy bilmek bilen binalaryň içinde üýtgeşik howa basyşyny, sesiň ýaňlanyşyny, howa çalşygyny, desganyň durnuklylygyny we beýleki zerur şertleriň bolmagyny gazanyp bilipdirler.Buhara ş.-däki Mesjidi-mahok çukur ýerde gurlan, emma ussalar ony suw almaz ýaly edip bilipdirler. Biz 2008-nji ýylda Mäne baba kümmetine zyýarata baranymyzda onuň müjewüri Kakageldi hojam binanyň köp täsinlikleriniň biri hakynda aýtdy: "Gyş aýlary gar gaty ýagan wagty gar bölekleri ýokarky deşikden aşak inip, şyhyň guburyna degip, ýene ýokary galyp, eräp gidýär. Ýagny ussalar töweregi ýapyk ýagdaýda-da piriň mazaryna ýagmyr degip, kifarat bolar ýaly etmegi başarypdyrlar". Biziň bagtymyza Hudaý gorap, Sarahs baba aramgähi ortaasyr binagärçiliginiň ajaýyp nusgasy hökmünde şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Ol häzirki wagtda Garaşsyz döwletimiz tarapyndan ortaasyr binagärçilik ýadygärligi hökmünde goralyp saklanýar. Bu işde goraghananyň işgärleri Hormatly Prezidentimiz G. Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň IV çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda eden çykyşynda "…halk mukaddesliklerine hormat goýmak" hakynda aýdan sözlerinden ugur alýarlar.
Sarahsda gurlan binalar Horezmde we Dehistanda salnanlardan üýtgeşik görnüşde bolupdyr. Horezmde inedördül mawzoleýler salynýar eken. Dehistanda bolsa tegelek ýa-da sekizgyraňly, öňi eýwanly kümmetler gurlupdyr.
Sarahs baba mawzoleýi monumental kompozisiýadan ybarat bolup, onuň esasy göwrümi parallelepiped görnüşindedir. Parallelepiped belli bir belentlikde aýlawa geçip, üstündäki gümmez bilen tamamlanýar. Desga taraplary 23х23 sm, galyňlygy 4-4,5 sm bolan inedördül bişen kerpiçlerden bina edilen. Öz planynda inedördül bolan bu jaýyň diwarlarynyň daşky ölçegleri 15,8 metre, içgi ölçegleri 10,2 metre barabardyr. Diwarlaryň galyňlygy 2,8 metre ýetýär. Binanyň içi inedördül otag görnüşinde bolup, onuň her diwarynda bir tagça (nişa), jemi dört sany çuň hem-de depesi çowly tagçalar bar. Aramhananyň gündogar tagçasynda peştakly (portal) girelge gurlupdyr. Kümmetiň gapysy gündogara bakýar. Girelgäniň iki tarapynda-da galyň diwarlaryň içinde gümmeziň aşagyndaky aýlawa eltýän aýlawly merdiwan-basgançak gurnalan.
Ilki dörtgyraň görnüşde bolan bina soň 5,8 metr belentlikde arka paruslarynyň kömegi bilen alty gyraňla geçýär, soňra on iki gyraňla we iki gat kerpiç gümmezi göterýän silindrik aýlawa geçýär. Gümmeziň aşak eteginde diwarlaryň 12 gyraňly görnüşden aýlawa geçmek hadysasy Merkezi Aziýa binagärçiliginde şu bina gurulýança görülip-eşidilmedik gurluşyk täridir. Aýlawy gurşap duran galereýa ýapgyt bölekler usuly boýunça edilen gümmezjikler bilen örtülipdir.
Ymaratyň her daşky ýüzi (fasad) pilçeler bilen bäş bölege bölünen. Olaryň ýokary başlary kerpiç örüminiň insiz zolagy bilen baglanypdyr we her bölegi tekiz egmekli tagça bilen bezelen. ХV asyrda binanyň gündogar ýüzündäki peştak beýgeldilipdir. Aramhananyň diwarlary goşalandyrylan kerpiçlerden bina edilip, olaryň aralary dikligine goýlan ýarty kerpiç bilen bölünýär we özboluşly nagyş emele getirýär.
Gümmeziň aşagyndaky tegelegiň töweregindäki egmekli galereýa on iki gyraňlynyň üstüni örtüpdir we şonuň bilen-de böleklere gowşak bölünen monumental parallelepipedi sazlaşykly tamamlapdyr. Paruslaryň bölümlerinde alebastr güberçejikleri (stalaktit) ХV-nji asyrda peýda bolupdyr. Kümmetiň esasy jaýynyň we peştagynyň arasynda hiç hili yş ýok. Bu bolsa binanyň we peştagyň birbada gurlandygyny görkezýär.
Uly şöhrata eýe bolan pir Abul Fazlyň mawzoleýi oňa uly hormat goýan belli şahslar tarapyndan döwrüň talabyna laýyk rejelenip durupdyr. Akademik M. Ýe. Massonyň kümmetiň ýüzündäki gänç ýazgysyny okap düşündirmegine görä, emir Teýmiriň ogly Şahruhyň döwründe 820-nji hijri ýylynda (1417 m.ý.) aramhanada rejeleýiş işleri geçirilip, ol gänç nagyşlary bilen bezelipdir we onuň portaly beýgeldilipdir. Ýerli ilatyň wekilleriniň gürrüň bermegine görä Sarahsly Berkeli ahun Halnazar oglunyň ýolbaşçylygy bilen we onuň hasabyna Abul Fazl kümmetinde 1910-njy ýylda rejeleýiş işleri geçirilipdir (Çary Kulyýewiň maglumaty).
Daş tarapyndan binanyň umumy beýikligi 14,07 metr. Gümmeze çenli beýikligi 8,7m.Aramhananyň ýumrulan bölekleri 1978-88-nji ýyllarda Türkmenistan döwletiniň ýardam bermegi bilen Sarahsly ussalar tarapyndan gaýtadan bölekleýin dikeldildi.
Sarahs baba kümmetini öwrenmek işi bilen dürli wagtlarda köp alymlar meşgul boldular. Professor W. A. Žukowskiý mawzoleýiň fotosuratyny 1894-nji ý.çap edipdir. Ýadygärlik 1940-njy ýyllarda binagär A. M. Pribytkowa tarapyndan öwrenildi. Soňky döwürlerde aramhana hakynda A. Esenow, M.A.Bulatow, M. A. Mämmedow, R. Myradow we beýlekiler öz ylmy işlerinde ýazdylar. Merkezi Aziýanyň gadymy ýadygärliklerini öwreniji G. A. Pugaçenkowa seljuklar zamanasynda Sarahs özboluşly türkmen binagärçilik mekdebibiň merkezi bolandygyny ylmy taýdan esaslandyrdy.
Оrta asyrlarda Gündogar binagärçiliginde arkalar we depesi zömmek gümmez görnüşli binalar berk ornaşýarlar. Bu diňe bir gözellik manysyny bermek bilen bagly bolmaýar. Iş ýüzünde zömmek keşbiň jezwerli keşpden berkligi aýan bolýar. Inžener-gurluşyk we çeper binagärçiligiň gülläp ösen wagty ХI-ХII asyrlara gabat gelýär. Seljuklar şäher gurluşygynyň meselelerine köp üns berýärler. Binagärçilik sungaty güýçli ösýär. Öz aýratyn ýoluny tapan binagärçilik mekdepleri döreýär. Sarahs binagärçilik mekdebi birnäçe ajaýyp ussalary ýetişdiripdir. Sarahsly ussalaryň işlerinde tehniki oýlaptapyjylyk, bezeg işiniň takyklygy, ownuk bölekleriniň ýönekeý we umumylyk bilen gönüden-göni bagly bolmagy bir ýerde jemlenýär. Bu mekdebiň ussalarynyň dünýä binagärçiligine goşan gymmatbahaly goşandy - iki gatdan ybarat gümmezli binagärçilik hasaplanýar. Diňe Sarahs binagärçilik mekedebiniň ussalarynyň işlerinde ilkinji gezek iki gatdan ybarat gümmeze gabat gelinýär. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan Mänedäki Abu Seýidiň, Sarahsdaky Abul Fazlyň, Eýran Sarahsyndaky Lukman babanyň, Tusdaky al Gazaliniň kümmetleri şeýle keşpde salnypdyr. Iki gatdan ybarat gümmezler her gezek täze bir döredijilik taýdan üýtgeşmäni başdan geçirip, Gündogar musulman ýurtlaryna ýaýraýar. Bu iki gatly gümmezler Ýewropada diňe ХV asyrda,haçan-da Galkynyş eýýamynyň belli ussasy Filippo Brunelleski Florensiýadaky Santa Mariýa del feora atly ybadathananyň depesinde şeýle gümmezi guran wagtynda peýda bolýar. Bu ussanyň musulman ýurtlarynyň medeniýeti we binagärligi bilen tanyşlygy sebäpli öz işinde sarahsly ussalaryň guran binalaryndan ylham alandygyny aýtmaga esas bar. Gadymy Gündogaryň gursagynda döräp, Merkezi Aziýa ussalary tarapyndan orta asyrlarda kämil ösdürilip, gümmezli binalaryň Täze zamanda Ýewropanyň ajaýyp binagärçilik sungatynyň ösüşine täsir edendigi gümansyzdyr.
Hezreti Sarahs baba Mäne babanyň söhbet piri bolupdyr. Söhbet piriniň derejesi tasawwuf ýolunda hyrka geýdiren piriňkiden has ýokary bolupdyr. Mürid öz söhbet pirine ömri ötýänçä bagly bolup galýar. Magtymguly "Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr" diýýär. Mäne baba öz goşgysynda "Horasan piri kaýda bolsa, ol ýerde-de ýeňiş bar" diýen sözleri Abul Fazl Sarahsy hakynda aýdyp, ony Horasanyň piri atlandyrypdyr. Mäne baba hemişe öz piri Sarahs babanyň aramhanasyna zyýarat edip durupdyr.Ol haja gitmegi arzuw edýän sopularyna : "Ilki Sarahsa gidip,keramatly pirim, hezreti Abul Fazl Sarahsynyň gubrunyň daşyndan…aýlanyp…Haktagala ýalbarsaňyz,enşalla,maksadyňyza ýetersiňiz" diýer eken. Hoja Abu Tahyr (Mäne babanyň ogly) şeýle gürrüň beripdir: "Kakam aýtdy ki: "Heran-haçan bir sebäp bilen kalbym hasrata ulaşsa,ýüzümi keramatly pirimiz hezreti Sarahs babanyň zyýaratyna öwürýärdim. Ol ýere baryp…togap etsem kalbyma rahatlyk aralaşýardy".
Muhammet Münewwer öz atasy Mäne baba hakyndaky ýatlamalarynda şeýle ýazýar: "Biziň şyhymyz din ýolunda uzak wagtlap şeýle azaplar çekenden soň, Saragta pir Abylfazlyň ýanyna barýar we pir Abylfazl oňa ryýazatyň ähli görnüşlerini öwredýär. Soňra biziň şyhymyz pir Abylfazlyň salgy bermegi bilen şyh Abu Abdyrahman Suleminiň ýanyna barýar we ondan hyrka alýar. Biziň şyhymyz hyrka mynasyp bolandan soň, pir Abylfazlyň ýanyna gelýär. Pir Abylfazl oňa: "Indi besdir. Sen Mänä bar-da, halky Hudaýa gulluk etmäge çagyr, olara nesihat ber, Hak ýoluna gönükdir" diýen. Biziň şyhymyz piriň aýdanyny berjaý edip, Mänä gelýär we piriň nesihat berşi ýaly Hak ýolunda has çynlakaý gulluk edip başlaýar".
Kitaplarda we ýatlamalarda Sarahs babanyň şerigat we tarykat ýollaryndaky meseleleri öz şägirtlerine düşündirişi barada aýdylýar. Ferideddin Attaryň "Tezkiretil öwlüýä" kitabynda ýazmagyna görä, Abul Fazlyň bir şägirdi ondan Kuranyň "Fezkuruni ezkurukum" (2s.:152a.) diýen aýatyny düşündirmegi sorapdyr. Pir giç-ara düşündirişe başlap, daň atýança aýata 700 düşündiriş beripdir we daň atmadyk bolsa sapagy ýene dowam etdirjek ekeni. Bir gezek uzak wagtlap ygal bolmandyr. Çarwalar Sarahs babadan ýagyş ýagdyrmak hakynda doga etmegi haýyş edipdirler. Ol doga edipdir. Şol gije ýere galyň gar düşüpdir. Muhammet Münewwer şeýle ýazýar: "Ol (Sarahs baba) şeýle diýdi:" Eý, Abu Seýit, şu dünýaden bir ýüz ýigrimi dört müň pygamber ýaşap geçendir, ýöne olaryň hemmesiniň maksady bir sözde jemlenipdir we olar hemişe "Alla" diýip çagyrýandyrlar. Olaryň hemmesi ähli halka şu sözleri dyngysyz gaýtalamagy buýurýardylar. Adamlar şu sözleri köp gaýtalap, şonuň içinde gark bolup galýardylar we ähli zatdan päklenýärdiler. Bu söz olaryň ýureklerinde döräni üçin, hiç zada matäçlik çekmeýärdiler". Şyhymyz (Mäne baba) şýle diýen: "Bu sözler bizi awlady we ol gije biz uklap bilmedik".
Tejenli Ylýas Abdyllaýew Sarahs babanyň il içindäki sarpasy hakynda şeýle ýazýar:
Aramgähiň şugla salýar äleme,
Keramat sen, hem gudrat sen aňana,
Dana dünýäň ýetip päklik diňine,
Sena bolduň, şirin dile Beýik pir.

Bilim, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir