Soňky döwürde “sary metbugat” diýlip atlandyrylýan media düzümleri hiç bir tarapdan kada laýyk gelmeýän habarlary ýaýratmak bilen ýeňil şöhrat gazanmakçy bolýarlar. Bu bolsa şunuň ýaly nädogry hereketleriň, ýalan maglumatlary ýaýradýanlaryň ählumumy ýigrenje mynasyp bolmagyny, olaryň abraýdan düşmegini şertlendirýär. Meniň bu barada aýtmagym ýöne ýerden däl, Ýewraziýa meselelerine monitoriing Merkeziniň direktory, syýasatçynas Aslan Rubaýew diýlen žurnalistsumak Faсebook sosial ulgamda ýalan maglumat ýerleşdirip, has aýlyganç herekete baş goşupdyr.

Dogrusy ol tassyklanmadyk maglumatyň ýalandygy barada aýdyp, hormatly Prezidentiň ýakynlaryndan, tutuş türkmen halkyndan ötünç sorap çykyş etdi. Ýöne onuň bu hereketiniň “Soňky tüýkülik sakgal ezmez” diýlişi ýaly onuň abraýynyň dikelmegine peýdasy degmez.

Ol hiç bir babatda eglişik edilmejek ýaramaz ýol bilen dünýä jemgyýetçiliginiň näletlemegine sebäp bolan maglumaty ýaýradýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji nobatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, ynsan saglygynyň ähli zatdan belentde tutulmagyna, bularyň esasy şerti bolan köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi hemmelere mälimdir. Şunlukda, ol hut şu ýörelgeleriň yzygiderli ösdürilmegini ileri tutup, bu babatda hut özi nusgalyk görelde görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil hem-de welosporty ösdürmek, ýaşlaryň bedenterbiýä işjeň gatnaşygyny üpjün etmek meselelerini esasy ugur edinýär. Onuň ýetginjek ýyllaryndan başlap sportuň dürli görnüşleri boýunça işjeň meşgullanyp birnäçe ugurlar boýunça ýokary derejelere ýetendigi hemmelere mälimdir. Şol bir wagtyň özünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçy düzümlerine şu ýylyň 15-nji iýulundan 15-nji awgustyna çenli dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň dynç alyş mahalynda hem täze kitaby ýazyp gutarandygyny, Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde taýýarlanan täze şäheriň desgalarynyň taslamalary bilen tanşyp, olar boýunça degerli maslahatlary berendigini mawy ekran arkaly tutuş dünýä halklary tomaşa edendir.
Şeýle-de bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag we işjeň ýagdaýda birnäçe çärelere gatnaşyp ýörendigini, halkyň bagtyýarlygynyň, ýurduň abadançylygynyň bähbidine uly işleri bitirip ýörendigini görüp, görmezlige salmak baryp ýatan naýynsaplykdan, kezzaplykdan nyşan. Munuň özi sagdyn pikirlenýän adamlaryň aňyny bulaşdyryp, olary alasarmyk ýagdaýa salýan haramzadalaryň pişesi bolup durýar. Emma “Ýalan söz – hiç bir dona bürenmez” diýlişi ýaly kezzapçylyk dessine aýan bolýar we ol tutuş adamzadyň näletlemegine sebäp bolýar. Syýasatçynas Aslan Rubaýewiň çykyşy hem hut şeýle boldy, ol umumy adamzadyň gözünden düşüp, ählhalk gargyşyna duçar boldy.
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň teleýaýlymlary nädogry maglumatlary ýaýradan žurnalistiň ökünç bilen aýdan sözlerini äleme jar etdiler. Ol ýalan maglumat berendigi üçin hormatly Prezidentimiziň ýakynlaryndan, tutuş türkmen halkyndan ötünç sorap çykyş etdi. Şonda bu görnüşleri teswirlän teleýaýlymlaryň žurnalistleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde iň zehinli Prezidentleriň biri hökmünde şeýlekin şyltaklardan has belentdigini aýratyn nygtadylar.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir