16-njy iýulda takmynan irden 7 sagat 20 minut töwereklerinde Aşgabat şäheriniň 10-njy mikroraýonynda gaz bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý ýüze çykdy. Has takyk edip aýdanymyzda kiçijik partlama emele geldi. Bu heläkçilikli ýagdaý dört gatly jaýyň 4-nji gatynda ýüze çykandygyny belleýärler, şeýle hem partlamanyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi hökmünde gaz enjamlarynyň näsazlygy görkezilýär. Gaz enjamlarynyň näsazlygynda şol jaýyň ýaşaýjylarynyň günäleriniň hem bardygy nygtalýar. Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan pursatyndan haýal etmän ýangyn söndürijileriň, raýat halas ediş toparynyň barandygyna garamazdan şikes ýeten adamlara lukmançylyk kömeginiň berlendigini belläp geçmek hökmandyr. Galyberse-de ýaşaýjylaryň onlarçasynyň halas bolmagynda goňşy ýaşaýyş jaýlarda ýaşaýan raýatlarymyzyň gatnaşandyklaryny hem bellemelidiris.
Gysga wagtyň dowamynda tiz kömekleriň şeýle hem lukmançylyk kömekleriniň ýetişip gelmegi döwlet gulluklarynyň öz borçlaryny doly ýerine ýetirýändiginiň alamatydyr.
Bolup geçen wakada 4-nji gatda ýaşaýanlaryň ýalňyşlyklary esasynda jaýyň köp ýaşaýjylaryna zyýan ýetendigi sebäpli, seresap bolmagyňyz üçin şu wakany siziň dykgatyňyza ýetirýärin.
Aşgabatdaky gaz partlamasy
-
TNT
5 years ago
- Allah gorasyn
-
messibet
5 years ago
- Beterinden saklasyn, şu yssyda tokdan, gazdan gaty seresap bolmaly. Hä, guran ot-çöpdenem seresap bolmaly, ýangyn döräp bilýä. Allajan, belasyz-betersiz şu gyzgyn howalary sag-amanja geçirsekdä.
-
Panturkist
5 years ago
- Gül-ala güllik edip goýduň senä. Partlama bolan domy gördüňmi? Bir podýezdiň ýokarky üç etažy gidipdir. Içinden diri çykmak mümkin däl. Ýazan zadyňy döwlet propagandysyny edýän bir sahypadan copy+paste edipsiň öýdýän.
-
wagt
5 years ago
- Pantûrkist, bar ol-a dowlet propogandasyny edyan sahypadan kopyalapdyr diyeli, yazyş terziñe üns berýäñmi, dowletimizde aryñ köyen yaly, adamyñ bideregi oz dogduk yurduna kinayaly gürleyan adamdyr...
-
wagt
5 years ago
- Bey diysem men yuwmarlamaly, gizlemeli diydigim dal, herki zady aytmagyñam oz edebi bar.
-
Panturkist
5 years ago
- @wagt, öz ýurdyň hakynda diýip kimden nämäni gizlejek bolýaň? Dogduk ýurt, watan bilen hökümedi, döwledi biri-birinden tapawutlandyrjak bol! Bilip goý, bir ýurda ol ýerdäki kemçilikleri aýdýandan, meseleleri gozgaýandan gelmez, asyl şol meseleleri görmediksiräp agzamaýandan ýagny 3 maýmyny oýnaýandan geler.
Perhat Sabirovv 5 years ago- uhh bllaa