Türkmenistanda öwlat hasaplanylýan Magtym türkmenleriniñ nesilbaşysy hasaplanylýan şahsyýet Magtym Agzamdyr.
Arapça doly görnüşde şeýle ýazylýar: مَكهدُمِ اَزَم ال خَسَنِ ال ضَهبِدِ,(Makhdumi-Azam al-Kasani al-Zahbidi), Magtym Agzam ýa-da Ahmet Gazany ady bilen meşhur bolan şahsyýetdir. Ol 1461-1542-nji ýyllarda ýaşap geçen Magtym Agzam Nagyşbendiler ýolunda bolan sufi pirdir.
Hojalaryñ gündogar Türküstandaky Türkmenleriñ içinde uly täsiri bolupdyr. Magtym Agzam biziñ döwrümizdäki Fergana diýilýän ýerdäki Kosonsoý ady bilen tanalýan şäherde bir Seýýid neberesine degişli bolan maşgalada 1461-nji ýylda eneden dogulýar. Hakyky ady Ahmet Gazany bolup edebi tahallusy Hezreti Magtym Agzamdyr.
Magtym Agzamyñ nesil şejeresi baryp Garahanlylar türkmen döwletiniñ ýolbaşçysy Burhan Gylyja (Burhan al-Din Kylyç) çenli uzaýar(1). Türkmenleriñ arasynda ''Magtym'' diýlip tanalýan öwlat tire bar, olar şol şahsyýetden örñäp kemala gelipdirler. Bu hakda Soltanşa Atanyýazowyñ ''Şejeresiniñ'' 163-nji sahypasynda şeýle setirler bar: ''Türkmenleriň öwlat taýpalarynyň biri bolan magtymlaryň etnik ady araplaryň mahdum sözünden bolup, ol “hojaýyn”, “jenap” diýen manyny aňladýar. Akademik W.W. Bartold we etnograf G.I. Karpow bu taýpanyň adyny 1592-nji ýylda aradan çykan gudratly ruhany Mahdum Agzamyň (ýagny “beýik, şöhratly hojaýynyň”) ady bilen baglanyşdyrýarlar''(2).
Otuzuñ üstünde dini gözlegler kitabynyñ ýazyjysy, syýasy söweşjeñ we Nagyşbendi tarykatynyñ iki esasy goluny dörediji nesilbaşysy bolupdyr.
Ýaşlyk ýyllarynda Daşkentde Nagyşbendi tarykatynyñ piri Muhammet Kazypdan öwrenipdir.
Magtym Agzam şol wagtlar Samarkandyñ ýakynynda ýerleşen Dahbit obasynda 1542-nji ýylda dünýeden ötüpdir. Ondan keramatly ylym, syýasy rollary we Mawerannahr bilen Altyşäherde (3) (Günorta Synjan) ýerleşen mal-mülki miras galypdyr.
Ýarkent hanlygy (Seidiýe hanlygy) döwründe Magtym Agzamyñ ikinji ogly, Hoja Muhammet Yshak Weliniñ ogullary Yshakyýýe ýa-da Karataglyk ady bilen jigsi Hoja Muhammet Emin Kalanyñ ogullary hem Afakyýýe ýa-da Agtalyk ady bilen aýry görüşleriñ tarapyny tutýan iki din toparynyñ söweşleri bolup geçýär. Bu söweş şol ýerleriñ ykbalynyñ üýtgemegine getiripdir. Olaryñ döwrüne ''Hojalar döwri'' diýip at beripdirler.
Ogullary we Nagyşbendi tarykaty iki esasy goly emele getiripdirler.
1) Agtalyk ýolundaky gurujylar:
Magtym Agzamyñ iñ uly ogly Muhammet Eminiñ (Muhammad Amin ýa-da Işany Kalan diýlip tanalypdyr) ogly Hoja Ýusup (? - 1652/53) Gündogar Türküstana gelipdir we şol ýerde birnäçe tarapdar tutunypdyr. Onuñ tarapdarlaryna Aktaglyk diýlipdir we olar Kaşgarda güýçlenipdirler. Hoja Ýusubyñ ogly Apak Hojanyñ (soñra Hoja Hidaýat Allah diýilipdir.
Nagyşbendi tarykatynyñ iki esasy golundan bolan Afakiýýe Kinghaý we Gansuda ýaşaýan Salarlar we Huileriñ goşandy uly bolupdyr(5).
1. Ahmet Gazany lakamy Magtym Agzam (1461/2-1541/2).
2. Muhammet Emin lakamy Işan Kalan (1520-1597/8).
3. Muhammet Ýusup (1591/2-1653).
4. Apak Hoja Hoja Hidaýat Allah lakamy Apak (? - 1694)
5. Han Hojam Ýahýa (1694-1696)
6. Hasan Bugra han (? - 1725)
7. Ahmet (1713) Ýahýanyñ ogly.
8. Gylyç Burhanetdin (波羅尼都) lakamy Beýik Hoja (? - 1759).
9. Hoja Jahan Ýahýa(霍集占) lakamy Kiçi Hoja (? - 1779).
10. Kasym Baha Addin, Abdylhalyk, Muhammet Emin lakamy Samsak (薩木薩克, 1755 - 1809), Burhanetdiniñ ogullary.
11. Muhammet Ýusup (玉素普, ? - 1835), Jahangir (張格爾, 1790-1828) .hem-de Bahatdin (巴布頂, 1793 - 1825),
Samsagyñ ogullary.
''Ýedi Hojalar'' olardan:
1. Ketde Töre (Katta Tore - 1815 - 1869), Yichik Han we Abdylla, Muhammad Yusuf'un oğulları
2. Hakim we Haşim Han, Katta Hanın oğulları
3. Buzrug Han (布素魯克), Jahangir'in ogly
4. Öwliýa (Awliýa, 呵里雅) we Weli Han (倭里罕, 1825 - 1865),Baha ad-Din'nin oğulları
5. Töwekgel (Tawakkul), daýzasy ogly.
Karataglyk ýolundaky gurujylar:
1. Ahmet Gazanynyñ ikinji ogly, Hoja Muhammet Yshak Weli: مُهَمَّد اِسهَق واَلِ, Muhammad Ishak Wäli (? - 1599) birnäçe ýyllap Gündogar Türküstanda bolupdyr. Onuñ tarapdarlary Karataglyk (Garataglyk) hökmünde tanalypdyr. Karataglyklarynyñ esasy şäheri Ýarkentdir. Yshagyñ adyndan Yshakyýýe ýolundakylar döräpdir.
Ýarkent hany Ysmaýyl Hanyñ kömegini alypdyr.
1. Magtym Agzamyñ lakamy Hezreti Magtymy Agzam (1461/2 - 1541/2)
2. Muhammet Yshak Weli (? - 1599) we ogly (oglunyñ ady näbellidir)
3. Daniýel (5) (? - 1754) Ýusup (Kaşgar), Jahan (Ýarkent), Eýýup (Aksu), Abdylla (Hotan).
Çeşme:
1. B.Babajanov. Biographies of Makhdum-i A'zam al-Kasani al-Dahbidi, Shaykh of the Sixteenth-Century Naqshbandiya, sahypa 4 (Iñlisçe)
2. S. Atanyýazow Şejere (Türkmeniñ nesil daragty), Aşgabat ㅡ 1994, ''Turan neşirýaty''. MAGTYM, sah-163. Magtym tiresiniñ gelip çykyşy hakyndaky gysgajyk maglumat.
3. Altyşahr; günorta Sinjanda Hotan, Ýarkent, Ýengihisar, Kaşgar, Aksu, we Uçturfandan ybarat alty şäher.
4. Encyclopedia Iranica (Iñlisçe)
5. Ybrany asylly atlandyrma 1. Mukaddes kitapda ady geçen Ysraýyl pygamber. 2. Ybranyça bu atlandyrma: ''Tañry meniñ şaýadymdyr'' diýmekligi añladypdyr.
Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap
Magtymlar we olaryñ nesilbaşysy Magtym Agzam
-
wagt
5 years ago
- Onsoñam Magtym Agzam atly başga-da şahsyyetler bar. Meselem Garrygalada Sumbar deryasynyñ ugrunda Magtymgalada hem Magtym Agzam atly taryhy şahsyyetiñ kümmeti bar.
Magtymlaryñ başyny baryp Samarkantdaky yaşap geçen bir şahsyyete baglamagyñ hiç hili manysy yok.
-
wagt
5 years ago
- Gynansak-da S.Atanyyazowyñ gorkezilen kitabynda magtymlar tiresi baradaky ujypsyzja maglumaty bu makalada agzalyan Magtym Agzam bilen baglanyşdyrar yaly hiç hili esas doredenok. Yasama baglanyşdyrayañda hem gury delilden we bulaşyklykdan, duşnuksizlikden başga zat doredenok. Beyleki mysal getirilen çeşmeler hem Yarkent hanlygy we ol yerde yaşap geçen Ahmet Gazany barada maglumat berya, Turkmenistandaky magtymlar barada kelam agyz soz aydanoklar.
-
wagt
5 years ago
- Gepiñ keltesi, şu makala diyp taýynlanan dürüşdäniñ okyja peydasyndan zyyany kop
-
Jeksparro
5 years ago
- Türkmeniñ taryhy, nesil şejeresi bilen meşgullanan alymlar Bartold bilen Karpowyñ çaklamalaryna salgylanylyp ýazylan makala dürüşde diýmäge diliñ ýetýän bolsa onda yokarky alymlaryñ pikirleri bilen ylalaşmaýandygyñy añladyp biler. Eger olaryñ çaklamalaryna garşy hakyky faktlaryñ bolsa ýaz göreli senem bir dürüşde.
Seniñ bu ýazan teswirleriñem ýalñyş bolup biler aslynda!
wagt 5 years ago- Hoja Muhammet Yshak Weliniñ ogullary Yshakyýýe ýa-da Karataglyk ady bilen jigsi Hoja Muhammet Emin Kalanyñ ogullary hem Afakyýýe ýa-da "...Agtalyk ady bilen aýry görüşleriñ tarapyny tutýan iki din toparynyñ söweşleri bolup geçýär. Bu söweş şol ýerleriñ ykbalynyñ üýtgemegine getiripdir"...
Yslam dininiñ içinde başga-da din toparlary barmy. Başga din toparlaryny doredip urşanlar barmy? Men duşunmedim. Sözlem düzeniniñde ünsli bolmasañyz başga many berip bilyandir