Gadym wagtlarda özüni halkynyň taňrysy diýip kabul edýän we etdirýän zalym bir padyşa bar ekeni. Onuň garry bir gurraçy (jadygöý) bir maslahatçysy bar ekeni. Padyşa oňa ýaşy ýetip ölmäkä birini ýetişdirmegini buýruk berýär. Olam ýaş bir ýigidi özüne şägirt edinip alýar. Ol oglanjyk wagtyň geçmegi bilen has ulalyp, kämilleşip başlaýar. Günlerden bir gün ol ýolda bir din alymyna duş gelýär. Onuň bilen söhbetdeş bolýar we sulhy alýar. Şol sebäpli-de ol boş wagtyny onuň ýanynda geçirip, ondan ylym almaga başlaýar. Gün geçdikçe gurrada gurraçyny, ylymda alymy hem geçip başlaýar. Gurraçynyň kazasy dolup, ruhy baky äleme sary ýelk ýasaýar. Padyşanyň maslahatçysy ýaş oglan bolup galýar. Elbetde, alymyň ýanyna gitmegi hem ýatdan çykarmaýar pursaty gelse. Bir gün ýoldan gidip barýarka, öňündäki köpride ynsanlary geçirmän saklap duran bir aždarhany görýär. Ynsan güýji bilen hem tär eder ýaly däl diýýär. Onsoň şol oglan ýerden ýatan kiçijek bir daşy alyp:” Allahym, eger din alymynyň aýdýanlary dogry bolsa, onda şu aždarhany öldür we ynsanlary bu azapdan halas et!” diýip zyňýär we daş baryp aždarha degýär we ölýär. Şol ýerdäki halaýyk bu ýagdaýa haýran-u seressima bolup, ol oglana uly hormat goýup başlaýalar we gysga wagtda onuň şany ähli ýere ýaýraýar. Padyşa bu ýagdaýdan bimaza bolýar we oglany tussag etdirip, din alymynyň sebäp bolanyny öwrenýär we ony oldürtýär. Oglanyň hem öldürilmegini emredýär. Iki jellat jeňňeliň gyrasyndan barýarka, oglanyň Biribara eden dilegi sebäpli, iki ýolbars jeňňelden çykyp, jellatlary düýt-müýt edýär. Oglan yzyna gaýdyp gelse, ýene dört jellat bilen deňizden aşak atmaklaryny bildirýär. Dört jellat hem Biribaryň gudraty bilen özleri dagdan deňize gaçyp, gark bolup ölýäler we oglan padyşanyň ýanyna ýene gelýär. Padyşanyň muňa bolmajysy tutýar, şonda oglan oňa: - Eý, padyşa! Sen meni öldürip bilmersiň! Men saňa meni nädip öldürmelidigiň barada tär öwredeýin, ýöne diýen günümiň guşlyk wagty ähli raýatyňy köşküň içinde ýygnamaly bolarsyň – diýip şert goýýar we padyşa-da kabul edýär. Diýlen gün ýetip gelýär we guşlyk wagty jümle halaýyk diýlen ýere jemlenýär. Oglan padyşa sagdagyndan ok çykaryp: “Oglanyň rebbisiniň ady bilen!” diýip ok atmagyny, şeýlelik bilen öldüip biljegini aýdýar halkyň öňünde. Padyşa ilki hiç zat diýmän näçe ok atyp, oglany öldürip bilmeýär, näalaç oglanyň diýen sözlerini gaýtalap atýar we oglan şol atylan ok bilen wepat edýär. Halk bu ýagdaýy görüp, padyşa taňrylyk waspyny bermegi goýup, oglanyň Rebbine ynanyp başlaýalar. Padyşa bu ýagdaýa gaharlanyp, jellatlaryna gazap bilen oglanyň Rebbine ynananlary tutup, gazdyran uly hendegindäki lowlap ýanýan ataşyň/oduň içine atmaklaryny buýruk berýär. Halkyň köp bölegi oňa atylyp öldürilýär. Şol wagt elinde gundagdaky bir çagasy bolan bir zenanyň ýanyna-da jellatlar golaýlaşyberenlerinde, zenan bir jellatlara, bir çagasyna, birem ýanyp duran otly hendege seredýär, şonda gundagdaky çagajyk dile gelip, ejesinin dogyr ýoldalygyny we mertlerçe durmagyny bildirýär, şeýlelik bilen olaram hendege atylýarlar. Hendege atylanlara Ashab-y Uhdud diýilýär soňradan, Gurhanda-da geçýän bolmaly. “Hendek/ataş sahabalary” diýen manysy bolmaly. Bu ýerde ýene bir ýagdaý: nazara berilmek islenen zat bolsa, guşlyk wagtynyň şeýle ýagdaýlar we haýyr amallar üçin iň amatly wagtlygydyr. Sebäbi, irden ynsanlar işleri we okuwlary üçin alňasap başlasalar, gije öýlerine ýetmek üçin howlugýalar. Guşlyk bolsa ynsan aňynyň iň dury wagtlary diýlip bellenilýär. Ähli märekäniň hem üýşüp biljegi bir wagt. Bu babatda juma namazynyň wagty, Hz.Musanyň (a.s) Faraon bilen belleşen wagty, pygamberimiziň garyndaşlaryna pygamberlik bilen ilkinji gezek ýüzlenenn wagty we ş.m zatlar hem şaýatlyk edýär!

Köneler, ata tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir