22/02/2019
“Täzeden uniwersitede başlamaga, täzeden hünär saýlamaga mümkinçiligiň bolsady haýsy käri seçerdiň?” diýen soraga birnçäe gezek gabat geldim. Meniň üçin bu soragyň jogaby hiç wagt üýtgemedi we mundan soňam üýtgär öýdemok. Umuman alanda hünär saýlamak baradaky pikirim bir gezek entek 6-njy synpda wagtym üýtgedi we şol üýtgeden pikirime görä hem kärimi seçdim. Şondan bäri saýlan hünärime bolan söýgim, sylagym öz güýjüni saklaýar. Makalanyň adyndan hem çaklaýşyňyz ýaly bu hünär – MUGALLYMÇYLYK hünäri.
Bu gezekki makalamda mugallym bolmagyň adama ýükleýän jogapkärçiligi we mugallymyň elindäki güýç barada ýazmakçy. Jogapkärçilik we güýç diýmegimiň sebäbi olar köplenç biri-biri bilen baglanşykly bolup durýarlar. Islendik edaralardan, guramalardan hatda iň bärkisi synplardan mysal alsak, ol ýerdäki jogapkärçiligi ýokary bolan kişileriň elindäki mümkinçilik we güýç adaty kişilere garanyňda has ýokarda bolýar. Eger durmuşa bu penjireden seretsek, “Dünýäni üýtgedip biljek bir hünär bar bolsa ol hem mugallymçylykdyr.” diýen pikiri öňe sürsem ýalňyş bolmasa gerek. Bu pikire aşakda has giňişleýin seretmekçi.
Adamyň häsiýetiniň belli bir şekil alýan döwri okuwçy wagtlary bolýar, ýagny belli häsiýetiň adama siňmeginde mugallymyň täsiri uly.
Islendik bir şahsyýet maşgalasynda alty ýaşyna çenli alan terbiýesinden soňky 10-12 ýylynyň, eger unwersiteti hem hasaplasak 15-17 ýylynyň üçden birini mekdepde ýa-da okuw jaýlarynda geçirýär. Hernäçe mekdepdäki çagalar dürli maşgalalaryň terbiýesini alanam bolsalar, olaryň häsiýetlerini gowy tarapa ugrukdyrmak üçin iň uly mümkinçilik mugallymda bolýar. Birinjiden, 6-18 ýaşlar aralyklary adamyň häsiýetiniň döreýän, üýtgeýän we ornaşýan döwürleri. Başgaça aýdanymyzda gowy ýa-da erbet islendik häsiýeti bir kişä gazandyrmagyň iň tiz we aňsat çagy.
Bu barada “Agaç ýaş wagty egiler” sözi hem biziň bu pikirimizi goldaýan ata sözlerinden biri bolup durýar. Diýmek çaganyň soňky durmuşy üçin gazanjak häsiýetinde esasy goşant we esasy paý mugallymyňky bolýar. Eger çaga mugallymda özüniň pikirlerini, duýgularyny kanagatlandyrjak bir doýuryjylyk görse, ol öz mugallymyny ädimme-ädim yzarlamaga, edil şonuň ýaly özüni alyp barmaga synanyşýar. Ýagny özüni söýdüren hakyky watansöýer, zähmetkeş, bilimli we ahlakly mugallymyň hiçhili kynçylyksyz özi ýaly hatda has gowy bir nesli ýetişdirmäge mümkinçiligi uludyr.
Mugallymyň sözi has täsirli.
Köplenç çaga üçin mugallymyň sözi ene-atanyň sözünden has täsirli bolup bilýär. Eger araňyzda mugallym bolup işlän bar bolsa ene-atalaryň “Mugallym, siziň sözüňiz çagamyz üçin kanun ýaly, aýdan zadyňyzy edäýmeli emma biz aýtsak welin kän bir üns berip baranok” ýaly sözlerine gabat gelen bolup bilerler. Bu ýerde islendik bir tarapa ugrukdyrylmaga taýýar bir şahsyýet bar we ugrukdyrmak güýji hem mugallymda. Bu bolsa, bu käriň jogapkärçiliginiň nä derejede uludygyny, ähli okadylýan çagalaryň geljeginiň şekillenişini öz içine aljak derejede wajypdygyny görkezýär.
Has ýakyndan seretsek, bu şahsyýetleriň her biriniň geljegi aslynda tutuş ýurduň geljegini emele getirýär. Bu bolsa ýurduň geljegini ýagtyltmakda iň esasy wezipäniň mugallyma düşýändigini görkezýär. Belki ýurdy ösdürjek täjirler, doktorlar, injenerler we ş.m wezipedäki adamlar diýip pikir edýän bolmagyňyz hem mümkin. Emma olary okadyp ýetişdirenleriň hem mugallymlardygyny unutmalyň.
Iň köp sylanýan kişi – mugallym.
Mugallym kişi diňe il içinde sylanmak bilen çäklenmeýär. Haçanda ol hakyky derejede çagalary gowy terbiýeläp, olara dogry ýolda we nähili ýöremelidigini öwreden ýagdaýynda, ol ömür boýy şol ýetişdiren çagalarynyň iň gowy ýatlamalarynyň we doga-dilegleriniň arasynda ýaşamaga dowam edýär.
Iň lezzetli iş.
Meşhur bir hytaý nakylynda “Bir ýyl rahatlyk isleýän bolsaň – bugdaý ýetişdir, on ýyl rahatlyk isleýän bolsaň agaç ýetişdir, 100 ýyl rahatlyk isleýän bolsaň adam ýetişdir.” diýilýär. Bu ýerde agzalanlaryň islendigini ýetişdirip miwesini alanymyzda onuň bize berýän bir lezzeti bolýar. Emma bularyň iň taýsyzy mugallymlaryň okuwçylara bilim berýän wagtynda duýýan lezzetimika diýýän. Bu lezzetiň derejesi mugallymyň bu ugurdaky sarp edýän zähmetine we umydyna baglylykda dürli-dürli bolup biler. Ýene bir bellemeli esasy zadymyz bolsa, her mugallym üçin gerekli bolan SABYR duýgusydyr.
Edil daýhan ekinini ekip suwaryp hasylyny alýança, eken ekinine zyýan berjek ýabany otlardan saplamaga arman-ýadaman sabyrly ýagdaýda dowam edýän bolsa, mugallym hem hernäçe okuwçylarda dürli meseleler ýüze çyksada sabryny saklap ýoluna dowam etmelidir. Her ekiniň ösýän şertleri, hasyl berýän döwri we berýän hasylynyň bollugy dürli dürli bolýar. Käbir ekinler bir ýylda hasyl berýär, käbir agaçlaryň miwe bermegi üçin bolsa birnäçe ýyl gerek. Edil şonuň ýaly hem okuwçylar bilen işleşilende hemme zadyň gülala-güllük bolmagyna garaşmak ýalňyş bolar. Mugallymyň käwagt bagbana meňzedilmegi hem şu meňzeşlikler sebäpli bolsa gerek. Onda mugallyma düşýän wezipe özüniň beýin küýzesini ylym-bilim bilen dolduryp ony süzgüjinden geçirip, saplap, iň gowylary bilen çagalaryň aňyna eken ähli gowy tohumlaryny suwarmak we emaý bilen olary ösdürmek bolup durýar. Bu ýolda mugallymyň okuwçylar bilen gatnaşygynyň has täsirli bolmagy üçin yzarlanyp biljek ýollary bolsa indiki makalada beýan etmekçi.
Ünsüňizi çekip biler: Täzeden dünýä gelseň haýsy käri seçerdiň?
Mugallymyň güýji
-
ETIKA
5 years ago
- Sho dunyañ lezzetida ozune mynasyp kàr saylamak
-
lacos
5 years ago
- Гызыклы пост
-
sari
5 years ago
- Täzeden gelip men işlemerdim çünki ölmänkäm halaýan ugrumy saýlap lezzet alardym. täzeden dünýä gelsem dünýäni aýlanyp tebigaty gezmekçi
-
pedagog
5 years ago
- Sari şol ugry soralyar
-
pedagog
5 years ago
- Etika 10% galan aylyk gecipdir öytýan xexee (degishme). Çagalar bn işlemek gowy zat hasam uly okuwcylar bn işleseñ gowy olar bn yurekdeş dost bolup bolyar.
-
Megalord
5 years ago
- Men ucin in gowy kar lukman bolmak. Ondada gowu lukman bolmak we karlerin in gowusy lukmancylyk. Adama komek etmek in gowy sogaplaryn biri. Dunyade sondan basga gowy kar yokmuka diyyan.
-
Barbary
5 years ago
- Bilimiň pes bolsada zyýany ýok,esasy adamçylygyň,edebiň ýokary bolsun.
-
Saryk Gozeli
5 years ago
- Men mekdepde wagtym bir hunar islapdim, mekdebi gutaramson bashga hunar islapdim. Universiteta giren wagtym name hunar saylajagymy bilman helak boldum. Sonam, men universitetde 2-nji kurs wagtym hunarimi sayladym, shuwagtam hunarime gora ishlamok. Yone edyan ishim gowy goryan :)
sari 5 years ago- Hiç kär saýlamardym çünki täzeden dünýä gelsem dünýäň lezzetini alyp ýaşamakçy.