Gawunyň ýagşysyn şagal iýer diýipdirler. Meň gowy gawun iýesim gelýär. Şonuň üçin men şagala öwrülmelimi ýa dogulaňda şagal bolup dogulmalymy?
***
Şagalyň sesi
Ýadymda, şol günem şu günki ýaly,
Dolan aý asmanda nurun saçýardy.
Garagol ýyldyzlar gözlerin gyrpyp,
Biri ýansa beýlekisi öçýärdi.
Ýadymda, gelipdiň şonda kenara,
Oýnadyp şemala gara saçlarňy,
Ýadymda, sypapdym aý yşygynda
Mawy gözleriňi, gara gaşlarňy.
Uzaklardan gelýän şagallaň sesi,
Seni tisgindirdi, atdy gujagma.
Diýdiň "Ogurlarlar şagallar meni,
Meni ýetirmezler şagallar saňa"
Men göwünlik berdim köşeşdiň soň-soň,
Diýdim şagal näme? Arslanyň barka
Şagal nämedigne düşündim soň-soň,
Bir şagaljyk saňa öýlenip durka
Ýadymda ol günleň bary ýadymda
Aý aýlanyp, ençe ýyllar geçsede.
Duşuşyk ýerimiz suw kenaryna
Käte gidip, dönüp gaýdýan geçmişe.
Edil düýnjik ýolum düşdi kenara,
Dolan aýyň keşbi ýene gülýärdi.
Aşyk ýigdiň gujagynda bir gözel
Uzaklardan şagal sesi gelýärdi.
(Oka oýlan)
***
Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa,
Namarda duş etdiň ýaryň ýagşysyn. (Magtymguly)
soraga düşünmedikler üçin gülkünç bolmagy mümkin, ýöne düşünenler üçin pikirlenmäge mejbur edijimikä diýýan
Jogap tapyp bilmedik soragym
-
yoga
6 years ago
- Onçasyna bilemok ýöne Magtymgulyň sözlerinde menä göriplik bardyr öýdemok
-
Nepes29
6 years ago
- gowy gawuny garawullap (ekinde gijelerne yatyp) gorap shagaldan ozun iymeli!
-
Nepes29
6 years ago
- magtymgulyn sozumi ol
-
yoga
6 years ago
- Men soragy göçme manyda sorapdym. Onsoňam aşakda Magtymgulynyň goşgusynda duş gelýän ýerini ýazdym
-
Gerceknazar
6 years ago
- Alla gowysyny bilýândir. Oña bil baglañ. Şonda iýersiñ "gawynyñ süýjisini"
Panturkist 6 years ago- Mysal üçin; Kristiano Ronaldo iň owadan model gyz bilen gezýär, menem bärden "wah, gawunyň gowusyn şagal iýer eken" diýsem bolarmy? Meniň pikirimçe bu nakylyň içinde hakykatdan has köp görüplik bar.