Azyndan hepdede bir gezek hezillik etýän, has takygy hezillik etmäni gowy görýän. Hökmän ýüzläp adam bilen däl, 3-4 bilen hem bolsa dertlerden, okuwdan, işden uzak durup şatlanmany halaýan. Näme de bolsa intäk sallah, alan galaň özüňki. Hemişe öňünden plan düzýan; nirede etmeli, kimleri çagyrmaly, näme bilen hyzmat etmeli, ... Şu wagt gyş baramda etjek party-myň planyny düzmäne başladym. Häzirlikçe diňe hezilligiň soňlarynda näme etjegim belli, gije 12 töwerek ojaryň odunda çişlik. Gyş, sowuk bolonsoň oduň daşynda durup özüň bişirýäň, däş bolýa, ýatdan çykmaýan hezillik bolýada.
Party (hezillik)
-
teke
17 years ago
- ey dost haçan gitjegey öye? gayrat edip menem çagyrsana? agzym suwjaryp gitdahow... tüveleme gaty keypihon ekenin sena!? mendenem ariginal(!) pikirler çykar mesele keyp çekmek bolsa :-) garaşyan onda :-)
-
el_mariachi
17 years ago
- hmmm... bah mena dogrymy aytsam elim degenok her gije öye baramda avtobusta uklap galyan , öye yetemde agdaryp goyberyalerr emedeklap baryan banya giryan - 1 bölüm serial göryan yatyan , irden turubam ylgan bolyan , onam goyaymasam, son iş okuw...
gyşam ya nesip barmakçy , niyetim geljekki gelnimi görjek , haysys gyzgyn salam berse şonam saylajak...!
-
agajanh
17 years ago
emedeklap baryan banya giryan - 1 bölüm serial göryan yatyan
Şu derejä ýeteňsoňam serialy görip ýatýaňmy :-)
-
shahyr
17 years ago
- Howa mahal mahal keýp çekip almasaň adamyň kellesi kirläp gidýä. Keýp çekip alsaň ipconfig/flushdns ýaly bolýa :-)
Bizem geçenlerde 6njy gün sagat 10 töweregi Muhacir, farabi we men bolup pizza hut-da 7 dollara limitsiz menýu iýdik. Doýup garnymyz ýaryljak ýaryljak bolansoň turup gaýtdyk. Gaty keýp boldy. 1 sagatdan gowrak iýip gülşüp otyrdyk. Muhacir doýansoň üstüne pizzalary zyňyp başlady, çaý dökýämi garaz doýsa bolanok öýtýän :-)
-
mc_merw
17 years ago
- Agamyň hezillik edişi. Eger kän adam geljek bolsa kakama tamdyrlama bişirtýä. Ýaman tagamly bolýa, iýeňde gulagyňy kesellerem bilmeýäň.
Tamdyrlama taýynlaňda geçiň eti gowy bolýa. Başda tamdyry taýynlamaly, içi közden dolmaly, közüň üstüne uly bir gazan ýerleşdirmeli. Geçini bütünligine tamdyra dykýaň, gök önümiň bar bolsa geçiň içini şolardan doldurýaň, ýok bolsa tamat ýalak bir zatlar goşaýmaly. Asylgy duran etiň ýaglary we gök önümleri suwy aşakda duran gazanda ýyngalýa, bu da ikinji nahar bolýa, ýaman tagamly sous bolýa. Esasy zat tamdyra gowy edip basyrmaly, içine howa girmeli däl.
-
agajanh
17 years ago
- Menä dogrymy aýtsam köplüge kän bolomok.
-
aka_merw
17 years ago
- çary gyşda mekanyňa gitsen oglanlara köp-köp salam ayt, meniň adymdan. Menem nesip bolsa tomusda egzaminler gutarandan soň barmakçy. Gyş hem barardym welin ýolkrey gymmadraga düşýär... bor onda çary ýazyp dur!
Bärde howalar sogap başlady -17-ä ýetip gördü, entek bärdäkiler üçin sowuk däl sebäbi -40-a çenli ýetýän wagty hem bolýar diýýärler.
-
MuhaciR
17 years ago
pizzalary zyňyp başlady, çaý dökýämi garaz doýsa bolanok öýtýän :-)
meslige bolomak :P
-
agajanh
17 years ago
meslige bolomak
Beýle bolsaň \"meslige bolomok\" däl. \"Mes bolýaň\" diýmek. Meslige bolmasaň zyňylan pizzalary alyp öýüňe getirip ertir iýerdiň ;)
-
MuhaciR
17 years ago
- şol yerden alyp gaydyp bolonok agajan.
-
shahyr
17 years ago
Meslige bolmasaň zyňylan pizzalary alyp öýüňe getirip ertir iýerdiň ;)
Hakyt türkmen kellesiniň işleýşi :-)
-
agajanh
17 years ago
şol yerden alyp gaydyp bolonok agajan.
Zyňmak nämä gerek onda?
Hakyt türkmen kellesiniň işleýşi :-)
Türkmene göwnüň ýetmeýäne meňzeýä...
-
shahyr
17 years ago
Türkmene göwnüň ýetmeýäne meňzeýä...
Ýok diňe türkmene göwnüm ýetýär. Galanyna ýetmeýär. Sen ters düşünüpsüň.
-
MuhaciR
17 years ago
Zyňmak nämä gerek onda?
başa gitdik - meslik :D
-
agajanh
17 years ago
Ýok diňe türkmene göwnüm ýetýär. Galanyna ýetmeýär. Sen ters düşünüpsüň.
Eýýäm bir-iki ýerde duşdum \"Türkmeniň kellesiniň işleýşi\", \"türkmeni gyzyklandyrýan mesele-dää\" ýa-da \"türkmeniň diýäýýjek zady\" we ş.m
-
shahyr
17 years ago
- Ol göwün ýetmezçilik däl how. Prikol bolsun diýip aýtýan men-ä. İň gowy prikollar hakykatlardan döreýä.
-
agajanh
17 years ago
Ol göwün ýetmezçilik däl how. Prikol bolsun diýip aýtýan men-ä. İň gowy prikollar hakykatlardan döreýä.
aý goýsanaý beýlede prikol bormaý...
-
Ga1taman
17 years ago
- daşary yurtda beterem öz obadaşlaryny görsen gaty begenip gidyan.
gyş bolsyn tomus bolsyn, gije daşaryk çykmak gowy bolyar.
tomusyna eger maşyn tapyp bilsen, şaherin daşyna çykmak we düzlikde nahar edinmek has hem gowy..
türkmenistandaky oglanlar \"gyzsyz\", spirtli içgisiz beyle şaher daşlaryna gitmegi geng göryaler.. :)
-
batyr
17 years ago
- işlekliniň üstüne yokmika diyyan. Esasanam guzi etini burçlap bişirsen. Aladasi köprak. Yöne puşman bolmarsiniz.
-
Shazada
17 years ago
- uyshup bedewe gidip fitchi iyelin oglanlar..
-
kakabay
17 years ago
- pulyny berjek gidip geljek barmy?
-
Achilles
17 years ago
- mc_merw, gyshda onson gapdalyndan \"yylamak\" uchin bashgarak \"activityler\" yokmy??? ay eylen beylen... ishda achar yaly....ilki sonam saglyk uchin diyilshi yaly... ondan sonam name diyyaler \" ors ichse olusini yatlar, turkmen ichse kun**sini\" diyyalermi?! ana onson dag dursun onumuzde :))
maryly bolsan yslam\'yn somsasyny bilyansin-e/ shony iyip otyrkanam gulagynyz kesseler duymayan...
-
kakabay
17 years ago
- achiles yslamyň somsasy marynyň nirräginde bolýar.menä hiç ýadyma salyp bilmedim.
bizä her zaman çäýnege barýadyk .(çäýnegi tapýansyňla)
a-na şotaýyňam somsasy gaty govy bolmaly.
-
jankaka
17 years ago
- hazirden size sowluluklar dileyan yone insallah hayirlisi bolsun
-
Achilles
17 years ago
- kakabay, arapcast\'y bilyanmi? shonun gabadynda dom byt\'a bolmaly...ana shonun arkasynda bihsiryardi ol. indi yykdylar, dmitr\'de oyunde bishiryar. caynek\'den has gowy tagamy.
aziya yapylypdy diydinmi? ol davno yapylda how. bu wagtlar disco shol sanjar bar. birem gije margush hotel\'de bar. bashga bulvar\'yn ugrunda ambassador ishleyar. kakadu bar gorbatiy most\'yn yanynda. aslynda dogrumy aytsam bugunler menem kan gidemok. mara kan gidemok, gitsem sho taylaryk gitman oturyp bolanok. shol gitmejek bolup mara gidemok :))
MuhaciR 17 years ago- howa stressini birzad edip zynmaly.