Adamzadyň esasy häsiýedinden biri öwrenmek. Şonuň üçin biz her gün bir zat öwrenýäris. Her gün bir zatlary bilesimiz gelýär. Köplenç biz öwrenmek prosesini amala aşyrýanymyzyň parhynda-da däl. Gep owdanlap oturmaýyn. Meniň öwrenesim gelýän zat siz bugünler nämeler öwrenýärsiňiz. Ýa-da bar öwrenjek bolýanyňyz şu ýerde açylýan temalar ýaly \"söýgi\" bilen \"durmuşyň\" nämedigimi? :) Men bugünler öň sapakda kän üns bermäni okanlarymy gaýtadan öwrenesim gelip başlady. Iň başynda hem \"döwlet näme?\" soragy we \"döwletiň gurlyşy\" temalary gelýär häzirlikçe gyzyklandyrýan. Wagt tapsam Eflatuny gaýtadan okamakçy. Döwlet we döwlet gurlyşy barada okamaga çeşme maslahat berseňiz gowy bolardy. Düýn Taksim tunelden geçmeli bolupdym. Laylaylom diýip bir ýerden gitara alypdym öň. Gitaraň, türkler aýtmyşlaýyn \"rot-balans\" problemasy bar şony gürleşeýin diýip şolara ugradym. Seretsem gitara ýasamak kursy bar ekeni, özi-em mugtjak. Ýöne häzir edenoklarmyş. Soň ýene açyljakmyş. Gowy oglan ekeni, kent boldyk, habarlaşyp dur diýdi, täzeden açylaýmagy mümkinmiş. Gitara ýasamagy öwrenesim gelýär.
Näme öwrenýärsiňiz ýa-da näme öwrenmek isleýärsiňiz?
-
agash55
17 years ago
- Mena gitar ovrenesim gelyar sonam elime gitar alyp aydym aydyp gezesim gelyar ay yone beytsenem kabirileri adyna derrrevjik mejnun goyarmyka diyyan.................agash
-
mc_merw
17 years ago
- Şu günler gözüm java dilinden başga zat görenok, öý işleri javada ýazmaly. Gaty gyň dil eken, her zada bir kitaphana ýasapdyrlar. Öň daşyndan wagt tapsam wektor grafika çyzjak bolýan, gowja illýustratsiýa döretmäni öwrenýän.
-
agajanh
17 years ago
- C++ öwrenjek bolýan onda-da öwrenemoklaý. Gerekmejek / peýdasyz işler bilen güýmenen bolup ýörin.
-
jink
17 years ago
- farabi, men okan kitaplarymy aydayyn : münci kapani-(politika bilimine giriş) we esat çam-(siyaset bilimine giriş) şu kitaplary tapsan döwlet barada ahli bilmek isleyan soraglaryna jogap tapyp bilersin.mende şolan ikisem bar islesen gel sana berip goybereyin :)
-
batyr
17 years ago
- İň kän övrenesim gelýän zadim. Şunça vagtlap okadik. Türkmenistana barip näme edip bolarka?
Siz pikir edeňizokmaý şu barada?
Meniň-ä içimi ýirtip gelýär.
-
Batyrgyz
17 years ago
farabi, men okan kitaplarymy aydayyn : münci kapani-(politika bilimine giriş) we esat çam-(siyaset bilimine giriş) şu kitaplary tapsan döwlet barada ahli bilmek isleyan soraglaryna jogap tapyp bilersin
politik gowy kitaby : Civil Disobedience by Henry David Thoreau Bu avtorda yene kop politika barada kop yazgylary bar.
Men ovrenjek zatlarymdan :
1. php dilini ovrenmek :) son bashga komp dillerinam
2. Durli elementlaryn atomlaryny mikroskopyn ashagynda gorjek.
3. Fizikany, matematikany, himiyany gowy bilmek... we bashga sapaklary...
-
Batyrgyz
17 years ago
- Yene,
4) Fidel Castro, Cubanyn prezidenti barada koprak biljek. Ol 1976 yylyndan bari Cubanyn prezidenti. Cuba dine birnache dowletler bilen aragatnashyk edyar, etsem. ABS, Cuban toweregindaki dowletlere Cuba bilen aragatnashyk etmane \"rugsat berenok\". Amerikanlaram gidip bilmeyarler Cuba. Name ucin? Sebabi Amerikan politikler Cuban adamlaryny ozlerine boyun egdirjekdiler...
Onler Cuba SSSR-yn soyuzdashydy.
-
Batyrgyz
17 years ago
- Yene, yatdan chykan
5) Assembly dilini ovrenjek.
6) komputer dillerini ovrenip bir turkmen(bilyan haysysyny :)) saytyny hackerlemek isleyan.
-
mc_merw
17 years ago
- 2003 ýylynda Oliver Stone, Fidel Castro bilen interwýu görnüşinde dokumentalniý film düşürdi, ady Comandante. Gyzyklyja eken, mena haladym.
-
korpe
17 years ago
- men-a syyasat bilen mesgullanmany halayan.
her ay asamyn žurnallaryny alyan, haberleri dowamly okamana calysyan.
owrenmek isleyan zadym: Turkmenbasynyn eden zatlary.
Harmandali 17 years ago- A men saz gurallaryny chalmagy owrenesim gelya esasan pianino, skripka, fleyta.. Shu wagt belli bir owrenyan zadym yok her kitabyn bashyny bashlap goydym. Kop zat owrenesim gelya pikirleneyin son yazarn nesip bolsa :))