2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 02-ne internet ulgamynda ýurdymyzda hyzmat edýän TM CELL, MTC aragatnaşyk ulgamlarynda internet torlarynyň (MobiMeet24, LINE, Odnoklasniki we ş. m.) ýanwar aýynyň 05-ne ýapylýandygy, haçan açyljagy belli däl diýen ýalan gürrüňler kime gerek boldyka? Internet ulgamynda hiç-hili üýtgeşme bolmady, eger-de ýokarda görkezilen aragatnaşyk ulgamlarynda internet tory ýapyljak bolsa, olar ähli müşderilerine SMS ugradardylar. Şeyle ýalan gürrüňler gep-gybat gözleýän işsiz adamlaryň etjek hereketidir. Şonuň üçin, internet ulgamyndaky şeýle ýalan gürrüňlere ynanmak we şol yalan gürrüňler barada tanyşlaryň ýanlarynda gürlemek özüňiziň sowatsyzdygyňyzy görkezmekdir.
Internet saýtynyň ýapylýar diýen ýalan gürrüňňler barada
-
EdgarPo
10 years ago
- "Ilde gep kän, Mekgede arap"
-
Ishli
10 years ago
- Menä muňa "информационная война" diýjek
-
kitaphanachy
10 years ago
- ýapylmagyny isleýänler ýaýradýalar şolar ýaly habarlary
-
Aybolek
10 years ago
- Kitaphanachy meselem kim yapylmagyny isleyandir oydyan
-
nexttmm
10 years ago
- bah gatyn kyna bolar yapylsa emma yapylasy yoklay bary bos gep gurrunler
-
kitaphanachy
10 years ago
- Aybolek biziň daşary ýurtlarda ýaşaýan agzy boş raýatlarymyz bolaýmasa
-
Shagen
10 years ago
- Internede girip bilmän, giryänlerede görüplik edyänleriñ tapyp yören zatlary.
Aybolek 10 years ago- Dogry, munun yaly gurrunlere ynanmak hokman dal