Argentinanyň we Barselonanyň formasyny geýýän Messi Ronaldo barada açyk ýürekden öz pikirini aýtdy we - Ronaldo dünýäniň iň güýçli oýunçysy diýip baha - berdi. Mundo Deportivo gazedine beren interwýunda Messi, Ballon d'Or baýragy üçin geçen ýyl Xavi, Iniesta ve Kun Agüero ses berendigini, bu möwsümde bolsa şol üç oýunçydan soň Higuain, di Mariýa dagydan birini saýlajagyny aýtdy. Ronaldo bilen deňeşdirilmekden ýadandygyny aýdan Messi, Ronaldo hakynda öň dile getirmedik sözlerini dile getirdi: - Durmuşda nähili adamçylykdaky biridigini bilmeýärin, ýöne hyýaly bir futbolçy, dünýäniň iň güýçli futbolçysy. Ady Barselona transferi bilen köp gürrüňi edilen Braziliýaly Neýmar barada hem şeýle diýdi: - Neýmar güýçli futbolçy. Käbirleri biziň birlikde oýnap bilmejegimiziň gürrüňini edýär. Gowy oýunçylar elmydama birlikde oýnap bilerler. Messiden ýene esasy basdaşlary Real Madrid, Pepe we Mourinýo barada soranlarynda şeýle jogap berdi: - Real Madrid dünýäň iň güýçli klublarynyň biri. Olar bilen oýnan oýunlarymyz iň bir gyzykly geçen duşuşyklar. Mourinýo kämil bir tälimçi. Pepe hem güýçli goragçy.

Köneler, messibet tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir