Türkmenlerde “ulusyny sylamadyk uglar” diyip nakyl bar. “ýaşulylarymyzy sylamak, olara hormat goýmak gerek. olaryň aýdan zatlaryny bir kemsiz ýerine ýetirmeli we ş.m” bu wagyzlardyr sargytlar klasikleşen we gulaklarymyza gulakkalka bolan pentlerdir. dogrydan hem ulylarymyzy sylamaly we olara hormat goýmaly. sebäbi olar durmuşyn mugallymlary. olar ömürlerine birnäçe kynçylyklary gördiler. durmuşlary boyunça 20-30 hat-da 40 ýyllyk iş tejribeedindiler. ýone men günimizde iş durmuşynda ýaşuly neslimiz bilen ýaşlaryň arasynda birnaçe pikir we düşinje aýralyklarynyň bolýandygyna şaýatlyk edýärin. ýaş neslimiz iş durmuşlarynda köneleşen iş proseduralary ulanmak islemeýärler. täzeçe pikir edip, işleri has aňsat we tiz çözmegiň tarapdarlary. ýalňyşlyklary tizden tiz düzetmegiň tarapdary. (iň bolmanda men işleýan ýerimde şeýle.) emma uly yaşly (40-60 ýaş aralygyndaky) işgärler has agyrbaşly býurokratlar. meselem bir döwlet edarasy dokumenlerde ýalňyş goýberse buny düzetmek hepdeläp hatda aýlap wagtyňy alýar. kä halatlarda bolsa hiç düzedip bolmaýar. bunyň iň esasy sebäplerinden býurokratýa. belkide bunuň sebäbi ýaşulylarynyzyň koministiki rejimin gol astynda bilim terbiýe alan bolmaklarydyr. umuman diýjek bolýan zadym ýaşuly nesilimiz (işgärler) öran býurokratik hereket edýärler . bu bolsa işleriň netijeliligine zyýan ýetirýär. ýönekeý bir resminama gol çekdirmek öran köp wagtyňy alýar. in esasy (içiňi ýakýan) ýeri hem olar öz edýänleiniň dogrydygyna ynanýarlar. men özimä şu meselede uly ýaşdaky işgärlere garşy. siziň pikiriňiz?

Köneler, Azik tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir