ilkinji gezek saňa "söýýän" diýenim hiç ýadymdan çykanok. aeroportda uzak illere gitýädim. seň sözleriňä şeýle köp garaşdym welin... käbir zatlary aýtman düşündirmek ýürege has ýakyn gelýär eken. men ertiri pikirlenmegi halamok. näme boljak bolsa häzir bolmasyny isleýän. söýýän bolsam häzir, öpmek islesem häzir, sessiz oturmak islesem häzir, gülmek islesem häzir... wagt sen bir gezek geçýär, "şo" wagtyň gaýtalanmasy ýokdur. nähili ýaşaýan bolsan 1 gezek ýaşarsyň. şo sebäpden garaşmagy halamok. şo sebäpden garaşylyp geçen wagtlara gynanýan. ýöne bu gezek bir zad-a boldy, bir zat.... indi näme üçindir ertire garaşýan bolsam gaharym gelenok. sen ýanymda ýok, bu gijäm hem sensiz geçýär, "bolýar" diýýän öz-özüme. bize garaşýan gowy günler bar öňümizde bar diýýän. meni gysga wagtyň içinde üýtgeden zat nämekä? gelejege bolan umyt döredi ýüregimde, o näme üçinkä? "söýgüň" elbetde. başga düşündirişi bolup bilermi? sen ýok wagtyň hem lezzet alyp ýaşap bilýän. bir käse ýerine 2 käse çaý içýän, biri seň üçin. seniň halaýan aýdymlaryňy 2 gezek diňleýän, biri seň üçin. irden oýananymda penjiräni açyp 2 gezek uzyyyn dem alýan, biri seň üçin. sen ýok wagtyň durmuşymy 2 gezek ýaşaýan. sen ýok wagtyň hem nämäm bar bolsa seň bilen paýlaşýan. sen ýadyma düşeňde gaygylanýan elbetde... söýgüliňe hasrat aýdymlaryny menden gowy kim aýdyp bilerkä? kim asmanadaky yldyzlary seniň gözleriňe dakyp bilerkä? kimiň ýüzünde seni ýatlaýan wagty ýylgyryş bolarka? aýtýan-a üýtgeýän men. eger öň şeýle hasrat içinde bolsam.... häzir tomus pasyly, ýöne meň içimde ýazyň hoşboý ysy bar, bilýän bir gün hiç gutarmajak ýazy ýaşarys birlikde. ine şoň üçinem meni hasrata goýanok seň ýanymda ýoklugyň...
ýazdaky söýgim...
-
Bravo
12 years ago
- skacat edip gorung, gowja aydm bolmaly
-
Simpotyaga
12 years ago
- dost senden bir zat sorayjakdym kyn gormesen ice_heart_27@mail.ru suna druzhba ugratsana
-
virmenaard
12 years ago
- bravo modern talking dowri gecdi oytyan :D
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagbol virmenaard. Yone modern talking-iñ dowri bolmaz, olaryñ aydymlary bakydyr :-). Bravo "you're my heart, you're my soul" diyen aydymam gowjadyr.
-
akgultm
12 years ago
- WOAW VIRMENAARD klasno...molodes!!!!
-
virmenaard
12 years ago
- sag bolun. modern talking mana gora dallay :D
Bravo 12 years ago- shu nameka, gorung