Bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz al-elwan güller bilen bezeldi. Tebigatda ähli janly-jandaryň örän uly orny bar. Ähli zat adama berlen ullakan nygmatdyr. Ynha, şol beýik nygmatlaryň biri hem güldür. Gül diňe bir tebigatymyzy bezemek bilen çäklenmän, ruhy dünýämize hem uly peýda getirýändir. Kähalatlarda “Gülleriň saglygymyza täsiri barmy?” diýen sorag hem ýüze çykýar. Biz oňa arkaýyn “hawa” diýip, jogap berip bileris. Geçirilen barlaglara görä, gülleriň saglygymyza örän uly täsiri bardyr. Doktor Hawiland Jones tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde, gülleriň biziň pikir edişimizden has köp maýyl ediji duýgularymyzy oýarýandygy anyklanyldy. Güller adamyň durmuşdan lezzet alýan duýgularyny köpeldýär we adam gülüň bar ýerinde özüni has gowy duýýar. Umuman aýdanymyzda, gülleriň adamyň häsiýetlerini tebigy taýdan kämilleşdirýändigi subut edildi. Barlaglaryň netijeleri şulardan ybarat: Güller söýgimizi, şatlygymyzy paýlaşmagyň serişdesidir. Ol mukaddes söýginiň hem nyşanydyr. Barlaglarda adamlaryň öýleriniň haýsy burçunda gül goýýandyklaryna üns berildi. Güller adamlar tarapyndan aýratyn gaplarda ýa-da aýratyn ýerlerde saklanyp, olar, esasan hem, adamlaryň köp bolýan otaglarynda goýulýar. Munuň sebäbi bolsa, gülleriň adamlarda öz bolýan ýeriniň atmosferasynyň gözelliklerini duýmaklaryny artdyrýanlygydyr. Güller adamy gören badyna özüne bendi edýär. Barlaga gatnaşan adamlara gül berlen mahalynda, olar gülleri şatlyk we ýylgyryşlar bilen garşyladylar. Olaryň hemmesi hoşaldyklaryny bildirip, gül gowşuranlara sagbolsun aýtdylar. Bu ahwalat hemme kişide görünýär diýsegem, ýalňyşdygymyz bolmaz. Gülleriň adamlaryň duýgularynda uzak wagtlap oňyn häsiýetleri saklaýan täsirleri hem bardyr. Geçirilen barlaglarda adamlar başga birinden gül alan wagtlarynda gaharjaň we gamgyn hallarynyň aýrylýandygy, onuň ýerine bolsa, olaryň şadyýanlygynyň we durmuşdan alýan lezzetleriniň artýandygy görüldi. Bu ýagdaýyň uzak wagtlap dowam edýändigi hem haýran galdyrýar. Güller has sada we içgin baglanyşyklaryň ýola goýulmagyna öz täsirini ýetirýändir. Barlaglar gülüň bar ýerinde maşgalalaryň we dostlaryň arasyndaky gatnaşyklaryňam has hem berkeýändigini görkezdi. *Shugun liliany ona berdim, begenishini goraysen.
Gül barada geň zatlar
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagbol virmenaard paylashanyña! Hamala gül berlen yaly begendim:-)
-
virmenaard
12 years ago
- sag kompliment ucin. gullerin kop yerde peydasy bar.
-
missindependent
12 years ago
- guller yagny olaryn ysy medisinada hem ginden ulanylyar. Gulun ysy arkaly nasaga bejergi berilmegine aromaterapiya diyilyar. Esasanam, nerw ulgamyna gowy tasir edyar...
Koroche, oglanlar, ne zhmotimsya i s udowolstwiem darim dewushkam cvety!!!!!!!!
-
virmenaard
12 years ago
- :D
-
jeka11
12 years ago
- Dogry aytyanyz güller durmu$ymyzyñ bezegi gül adamyn duygusyna täsir edyär güller hakda maglumatyñ üçin sagbol
Bayramsoltan 12 years ago- Sagbol virmenaard paylashanyña! Hamala gül berlen yaly begendim:-)