Adamyň oňat niýetde, ýagşy düşünjede bolmagy onuň ýaşaýşa bolan oňyn garaýyşyny artdyrýar. Hatda, durmuşda şadyýan, göwnaçyk ýaşamaklyga-da uly ýardam berýär. Belki, şonuň üçin, “Amallar niýetlere görä” diýilýändir. Alymlar bolsa, oňat niýetde bolmagyň ýüregiň sagdyn bolmagyna peýda berýändigini ylmy taýdan barladylar. Olar 2 müň 800 ýüregagyryly adamyň arasynda sowalnama geçirdiler. Sowalnamanyň iň esasy soragy bolsa olaryň bu kesel barada geljekdäki pikiri boldy. Sowalnama alnandan soňra hassalar 15 ýyllap göz astynda saklandy. Netijede, geljek barada ýagşy düşünjede, oňyn pikirde bolanlaryň bolmadyklara garanyňda, has sagdyn bolýandygy anyklandy. Bular barlaga gatnaşan hassalaryň 30 göteriminden ybarat boldy. Bir zady gözel görmek, gözel düşünjeleri döredýär. Gözel düşünjeler bile bolsa, durmuşdan lezzet alyp ýaşap bolýar. Bu ylmy barlag hem şuny, hem-de ata-babalarymyzyň “Ýagşy niýet- ýarym döwlet” diýen pähimli sözleriniň nä derejede dogrudygyny has aýdyň görkezýär.
Ýagşy niýet – ýarym döwlet
-
garypjan
13 years ago
- Sagbol bize yetireniñ ùcin
-
sahett
13 years ago
- menem bir az ustunu dolayyn...
Yagsy niyet yagsy niyet yagsy niyet,niyet bu bizin etmegi amal eden isimiz biribar bize yagsy niyetimiz ucin hem sogap beryar eger bilmeyan bolsanyz.yagsy niyetde bolmak ucin hemme bolup gecyan zat hakyn eradasy bilen bolup gecyandigini yatdan cykarmaly dal we hemme zadyn gowy tarapyndan seretmegi basarmaly we sabr etmegi basarmaly...
-
feride
13 years ago
- Salam t.com-ng agzalary. Menem sizi goldayan dogrudanam adam elmydama yagshy niyetde,govy pikirde bolmaly. Hich wagt sabryngy elden bermelpi dal. "Elimde hich zadym bolmasa eger,sabrym bilen kanagatym bar shol manga yeter"diyipdirler. Sabyr kanagat ing uly baylyk meng pikirimche
-
feride
13 years ago
- Salam t.com-ng agzalary. Menem sizi goldayan dogrudanam adam elmydama yagshy niyetde,govy pikirde bolmaly. Hich wagt sabryngy elden bermeli dal. "Elimde hich zadym bolmasa eger,sabrym bilen kanagatym bar shol manga yeter"diyipdirler. Sabyr kanagat ing uly baylyk meng pikirimche
-
Yegen
13 years ago
- Yagshy niyet-yarym dowlet! Elmydama yagshy niyetde yashamaly, yagshy niyet bilen goreshmeli, yagshy niyet bilen ishlemeli, yagshy niyet bilen yola çykmaly, yagshy zadyn gadryny bilmeli, elbetde dogry! Goldayan!
vesna87 13 years ago- dogry aydyan sahet. Niyetine gora ykbalyn hem diyilyar. Geljegine uly umyt bilen garamaly adam olinchan shu dunyada yagshylyk etjek bolmaly eden yagshylygyny agza alyp yormeli dalde ozunche ondan lezzet almaly.