Kerim Hallyýew "TIK-TOK"
Türkmeniň mukaddes saýýan namysyn,
0n epläp üstünden ädäýdiň "TIK-TOK".
Unutdyryp gerçek ýigitleň jynsyn,
Arly gyzlarmyzy nädäýdiň "TIK-TOK".
Süýji dilli gyzlaň agzynda "kalýan",
Ownan ýigitleriň üstünden gülýäň.
Bizi nädip beýle täsire salýaň,
Adamy sygyrdek idäýdiň "TIK-TOK".
A how sizde kaka, dogan bir barmy,
Ýa olaram "gyzym öldi" diý:p ýörmi?
Ýa gulagy kermi, gözleri körmi,
Şol soragdan halys ýadaýdym "TIK-TOK".
Dostyň oýnatgydyr, Şeýtandyr ýaryň,
Barha däliredip barýar humaryň,
Peýdaňam kän welin, goja ýer şaryň,
Paýhasly geljegin gädäýdiň "TIK-TOK".
Kerim Hallyýew "TIK-TOK"
-
yekejam.
2 years ago
- Tik tok.tik tok.tik tok.tik tok.
Ketdi sana menden bir ok tak tak
seyle aydymam bar eken
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Şondan ogurlaýdymyka payhasly?!...
*Hemedany 2 years ago- Asly şir bolanyň soňam şir bolar. Asly myźźyk bolsa-da 52 güne serseňem guramaz.