Ýadyňdamy maý aýynyň gijesi,
Ýatanyň kän wagty oýaň az wagty,
Boşanda araklaň ençe çüýşesi,
Görogla atdakyp at alan wagtyň.

Oynuňyz jahyllyk murtyňyz towly,
Ýanyňyzda bolsa bir baýyň ogly,
Inede alabaý satylan howly,
Her kişä bir çüýşäň göze az wagty.

Ilki başda siziň sanyňyz üçdi,
Çüýşeleriň sany altydan geçdi,
Birdenem Merdanjan bir joýa gaçdy,
Gije ýarym wagty suwyň bol wagty.

Biri diýdi bratok aý niçik aýdyň,
Göwnümiz açylar aýdaýsak aýdym,
Ýatan bende diýdi ýigitler gaýdyň,
Ukyň öz wagty bar keýpiň öz wagty.

Diýipdir ses meňki kimiň nä işi,
Biz keýpi halaýas siz bolsa düýşi,
Derrew çykdy köçä şol batyr kişi,
Uly goh edipdik gijäň bir wagty.

Ýene çüýşe açdylar içildi biraz,
Bir görse siýena urupdur perwaz,
Ahow siz alkaşlar sabr ediň biraz,
Bu nämäniň toýy daňyň saz wagty.

Atdylar maşyna gollaryň baglap,
Ähmet gaçjak boldy tutdylar kowlap,
Idip getirdiler gollaryn towlap,
Horaz bady gaçyp keýpiň az wagty.

Şowagt siz peýan men bolsa sagat,
Bir görsem altydan işläpdur sagat,
Şeýdip polisýada geldiňiz gabat,
Gaçsak nädýä diýip ýalbaran wagtyn.

On-onbäş günden dolandyň sen soň,
Öň geroýam bolsaň geroý däl sen soň,
Gelinleň maňlaýna aragyňy goýsaň,
Hem gelinleň bagty hemem öz bagtyň.

#BeZZaT
04.01.2022ý 23:20

Sorag-jogap, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir