Pişikleri erbet görýän adam ýok bolsa gerek. Olar süýt emdiriji bolup, öý haýwanlarynyñ yoparyna girýär. Bilýäñizmi bir pişigiñ çagasy 2aý öz enesiniñ ýanynda galmaly we süýdünden içmeli. gözi açylmanka enesinden aýyrmak bolanok. Çaga pişikler şeýle owadan, gowja, kiçijek, tüýlije bolýalar. Çaga pişilleriñ tüýleri ulaldygy saýy galyñlaşýa we gatylaşýar, ýassylaşýar.
Bir orkaçy pişik ýylda 3 gezek çagalaýan eken. Çagalary 2 ýada 5 ýada ondanam köp bolup bilýär.
Olar 16-18 ýyl dagy ýaşaýarlar.
Üns bereniñiz barmy pişikleriñ dillerine? olaryñ dilleri tüýe meñzeş zat bar. şoña papilla diýilýän eken we onuñ uçlary bokurdak tarapa bakyp durýar. Pişikler suw içende agyzlaryny hiç suwa batyranoklar. dilini suwa baatyranda papillalar suwdan gereklisini alp içine goýberýan eken. süñk gemirendede papillar işe girişýän eken. Pişikler öz tüýlerini özleri ýalaýarlar. şonda papillar hem tüýlerini darap berýän eken.
Pişik gije gowy görýär. ýöne gije gezende murtlary hem işe girişýär. Pişikleriñ psihologiýasynyñ nähilidigini murtyna we gözüne seredip bilip bolýar.
Eger pişik murtlary galyp, gözleriniñ içiniñ garasy ullakan bolup bir nokada seredip duran bolsa onda onuñ oýun oýnasy gelýänligidir.
Eger murtlary ýüzüne ýapyşyp gözüniñ garasy inçejik bolsa onda onuñ ukysy gelýänligidir.
Pişikleriñ gulaklary gowy eşitýär. ähli seslerem öz beýnisinde aýratynlaşdyryp bilýär, şonuñ üçin elmydama anten ýaly oýnap durýar gulaklary.
Pişikler hakda
-
yyldyz.
3 years ago
- onsoñom, diñe ýyldyz diýmegiñi haýyş etýän!
-
DonMaxx
3 years ago
- iki ayagyndan tutup awtomat edip oynayadym pisigi kicikam ))
-
yyldyz.
3 years ago
- Men kiçi wagtym oýde ýeke galamda pişik bilen gürleşerdim) häzirem şeýle
-
yyldyz.
3 years ago
- Aýdyşlara görä. pişik adamyñ bir ýeri agyrsa bilýämiş, we gelip şol ýerde ýatýarmyş.
-
yyldyz.
3 years ago
- onsañam pişigiñ ilkinji dogan çagalaryny almak bolanok. "düwünçi" diyyärler. ýabany bolýar birinji çagasy.
-
yyldyz.
3 years ago
- we pişigiñ ýeñsesinden tutanda ol gymyldaman durýar.sebabi enesi hem ýeñsesinden dişläp äkitýär äkodende
-
yyldyz.
3 years ago
- caga pişik alsañyz oña terbiýäni özüñiz öwredip bilersiñiz. ynha men pişigime düşek dikdim. tüýlerini hemme ýere saçyp ýatmazlygy ũcin. ýatsa şol düşekde ýatýa,häli kiçi bolanlygy üçinem kuta gum guýup goýdum. meýdanlasa şol guta barp gòmüp gaytyar
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Dasaryk cykdygym bolly yzymdan ylgao gelyaler hazire gune cenla kawagt gorkyan solardan. Sebab bir gezek yaman erbet duys gordim sondan bari pisijler bilen aram yok
yyldyz. 3 years ago- payhasly howwa ukysy gelýär