FIFA iň gowy futbolçylary sylaglamak dabarasyny 15-nji ýanwarda Londonda geçirer
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) boýunça ýylyň iň gowy oýunçylaryny we tälimçilerini sylaglamak dabarasy 15-nji ýanwarda Londonda geçiriler diýlip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär.
Dabarada iň gowy oýunçylar, tälimçiler hem-de erkekler we zenanlar futbol toparlarynyň simwolik ýygyndylary yglan edilen, ýylyň iň gowy goly «Puşkaşyň...
Afrikanyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärler yglan edildi
«Liwerpulyň» müsürli hüjümçisi Mohamed Salah, marokkoly Açraf Hakimi (PSŽ) we nigeriýaly Wiktor Osimhen (Napoli) geçen möwsümiň iň gowy afrikaly futbolçysy diýen ada dalaşgärlige hödürlendi diýip, Afrika futbol konfederasiýasynyň (CAF) resmi web sahypasynda habar berilýär.
«CAF Awards 2023» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda Maro...
Suarez Braziliýanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy
«Gremio» toparynyň urugwaýly hüjümçisi Luis Suares Braziliýanyň futbol boýunça çempionatynyň 2023-nji ýyldaky iň gowy oýunçy baýragyna mynasyp boldy.
36 ýaşly hüjümçi Braziliýanyň «Seriýa A» çempionatynyň iň üstünlikli oýunçysy boldy, ol 33 oýunda 17 pökgi geçirip, 11 ýardam pasyny berdi.
Möwsümiň ahyrynda «Gremio» 68 utuk toplap, Bra...
Agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew Dohada geçirilen bäsleşikde bürünç medal gazandy
Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçirilen «Gran Pri II» agyr atletika ýaryşynda türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew bürünç medal gazandy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasy habar berýär.
2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşlarda türkmen atleti 150 - 188 - 338 kilogram görkeziji bilen çykyş etdi....
Туркменское посольство в Анкаре организовало матч по мини-футболу
Сегодня в Анкаре при поддержке Посольства Туркменистана в Турецкой Республике в спортивном комплексе “Konak Halı Saha” был проведен товарищеский турнир по мини-футболу по случаю празднования Международного дня нейтралитета. Об этом сообщает интернет-издание «Туркменистан: Золотой век».
Товарищеский турнир собрал на стадионе спорткомплекса ту...
«Realyň» oýunçysy Winisius Žunior BMG-niň Adam hukuklary boýunça ilçisi boldy
«Real Madridiň» braziliýaly futbolçysy Winisius Žunior BMG-niň Adam hukuklary boýunça ilçisi bolandygyny aýtdy.
«Meniň üçin bu ýyl sportda we jemgyýetde ýüze çykýan ters düşünjäni ýok etmek üçin entek uzak ýoluň geçilmelidigini aç-açan ýatlatdy. Meniň pikirimçe, jynsparazlyga garşy bilim bütin dünýäde deňligi we adam hukuklaryny ilerletmek u...
Çiro Immobile Çempionlar ligasynyň bäşinji oýun hepdesiniň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy
«Lasionyň» hüjümçisi Çiro Immobile Çempionlar ligasynyň bäşinji oýun hepdesiniň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy diýip, UEFA-nyň web sahypasynda habar berilýär.
Italiýaly hüjümçi 2:0 hasabynda tamamlanan Şotlandiýanyň «Seltik» toparyna garşy oýunda dubl bilen tapawutlandy. Immobile duşuşygyň 82-nji we 85-nji minutlarynda pökgini derwezä sa...
2024-nji ýylyň ýazynda Ewerestde taryhda ilkinji küşt ýaryşy geçiriler
“Ewerest 2024” halkara küşt ýaryşy 2024-nji ýylyň ýazynda Ewerestiň eňňitlerinde geçiriler. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.
Ýaryşlaryň birinji tapgyry Nepal tarapdan Ewerestiň esasy lagerinde 12 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar ulgamyna laýyklykda geçiriler. Ikinji tapgyr di...
2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi
2-nji dekabrda Gamburgda (Germaniýa) 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi.
24 topar dört sebede bölündi, şondan soň bije çekmek arkaly hersi dört topardan ybarat alty toparça kesgitlenildi.
A topar: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa.
B topar: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniý...
«Nýukasl» de Hea bilen şertnama baglaşmagy maksat edinýär
«Nýukasl Ýunaýted» Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Nik Poupyň şikes almagy sebäpli «Mançester Ýunaýtediň» öňki derwezebany Dawid de Hea bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar.
2-nji dekabrda şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde «Mançester Ýunaýtede» garşy duşuşygyň dowamynda Poup egninden şikes...
Türkmenistan dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji gezek medal gazandy
Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen Uly tuwulganyň “Tokyo Grand Slam-2023” ýaryşynda ilkinji gezek bürünç medala türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow eýe boldy.
Baýrak gaznasy 154 000 dollar bolan iki günlük ýaryş bäş yklymyň 84 ýurdundan 506 türgen (298 erkek we 208 zenan) ýygnady. Olar 14 medal toplumy ugrunda göreşdiler.
Türkmenistan...
Holand Çempionlar ligasynda iki rekord goýdy
«Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand Çempionlar ligasynyň iki rekordyny täzeledi.
Holand Çempionlar ligasynda iň çalt 40 pökgi geçiren oýunçy boldy. Munuň üçin oňa 35 duşuşyk gerek boldy.
Şeýle hem «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Çempionlar ligasynda 40 pökgi geçiren iň ýaş oýunçy bolup, bu görkeziji boýunça «Pari S...
Konte ýene «Ýuwentusyň» baş tälimçisi bolup biler
Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Antonio Konte 2024-nji ýylyň tomsunda ýene-de Turiniň «Ýuwentus» toparynyň baş tälimçiligine bellenip bilner.
Bellenilmegine görä, klubuň ýolbaşçylary 54 ýaşly italýan hünärmen bilen indiki möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdylar. «Ýuwentusyň» häzirki tälimçisi Massimiliano Alle...
UEFA Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleri yglan etdi
UEFA Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleriň adyny yglan etdi. «Galatasaraýyň» ýarymgoragçysy Hakim Ziýeş, «Lasio» toparynyň hüjümçisi Çiro Immobile, «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Fil Foden we «Benfikanyň» ýarymgoragçysy Žoau Mariu dalaşgär görkezildi.
Mariu «Inter» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:3...
Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmaga ýakyn topar belli boldy
Goal portalynyň pikiriçe, 2024-nji ýylda Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary bolan topar Madridiň “Realy” hasaplanýar.
Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň 1/8 finalynda möhletinden ir orun alan Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygyndaky topar reýtingde ikinji orunda ýerleşen, ýaryşyň häzirki ýeňijisi “Mançester Sitiden” öňe geçip, b...
Şu gün UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň nobatdaky tapgyry geçiriler
Şu gün, milli ýygyndylaryň oýunlary sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň, futbol boýunça Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary dowam etdiriler.
Sişenbe güni, 28-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň sekiz oýny geçiriler.
Has gyzyklylarynyň arasynda F toparçadaky oýunlary bellemek bolar,...
Winisius Žunior 2023-nji ýylyň iň gowy braziliýaly futbolçysy boldy
Madridiň “Realynyň” oýunçysy Winisius Žunior 2023-nji ýylyň iň gowy braziliýaly futbolçysy hökmünde “Samba Gold” (“Altyn samba”) baýragyny aldy. Bu barada championat.com habar berýär.
Ses berişlikde ikinji orny “Al-Hilýal” saud klubunyň hüjümçisi Neýmar eýeledi, üçünji orunda “Pari Sen-Žermeniň” goragçysy Markinos ýerleşdi.
Bu baýrak...
Messi XXI asyryň iň gowy futbolçylarynyň reýtinginde Ronaldudan öňe geçdi
“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi “FourFourTwo” neşiri tarapyndan XXI asyryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi bu at ugrundaky göreşde “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi. Liderleriň üçlügini 2010-njy ýylyň dünýä çempiony we iki gezek Ýewro ýeňijisi (2008, 2012)...
Kuraş – 2023: 39 ýaşly türgen dünýä çempiony boldy
Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda ýene bir täsin netije alyndy. Zenanlaryň arasynda 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde dominikanly 39 ýaşly türgen Audreý Arelis Puello Perez dünýä çempiony boldy. Ol şu çempionatda altyn medala mynasyp bolan iň ýaşuly türgendir.
Puello Perez finalda türkmenistanly S...
Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Arkadag şäheriniň sport mümkinçiliklerine ýokary baha berdi
Şu gün Aşgabadyň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mediaforuma gatnaşyjylar Arkadag şäherine baryp gördüler we ol ýerdäki sport desgalaryny synladylar. Şäherdäki sport desgalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
...