Penşenbe gününe geçilen gije bolan Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Barselona” öýünde Dortmundyň “Borussiýasyny” uly hasap bilen utdy (4:0), “Pari Sen-Žermen” bolsa Birmingemiň “Aston Willasyndan” üstün çykdy (3:1). Barselonadaky duşuşykda hasaby 25-nji minutda Rafinýa açdy, has dogrusy, ol goly Pau Kubarsiden ogurlady diýseňem bolýar. Braziliýaly winger katalon toparynyň goragçysynyň urgusyndan soň asyl hem derwezä girip barýan topy derweze çyzygyndan depip goýberdi. Şol bir wagtyň özünde Rafinýa bu epizodda ofsaýddan birnäçe santimetr daşda boldy. Oýundan soň braziliýaly Kubarsiden ötünç sorandygyny aýtdy. “Paudan ötünç soradym, sebäbi, meniň pikirimçe, top derwezä girip barýardy. Ol bu barada biynjalyk däldigini we asistden hoşaldygyny aýtdy. Men ofsaýd bolmasyn diýip alada galdym” – diýip, Rafinýa aýtdy. Ikinji ýarymyň başynda braziliýaly oýunçy ýene-de özüni görkezdi, ol kelle bilen gowy geçirim etdi we bu mümkinçilikden Robert Lewandowski peýdalandy. 66-njy minutda polşaly ikinji goluny girizdi, soňky hasaby bolsa 77-nji minutda Lamin Ýamal kesgitledi. Lewandowski iki goluň netijsinde Çempionlar ligasynyň taryhynda üç dürli klubuň – Dortmundyň “Borussiýasynyň”, “Bawariýanyň” we “Barselonanyň” düzüminde bir möwsümde 10 we ondan köp gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Toparlaryň arasyndaky jogap oýny bir hepdeden bolar. Pariždäki “Park de Prensde” geçirilen beýleki bir duşuşykda birinji bolup hasaby birmingemli myhmanlar açdy. Goly öz adyna “Aston Willanyň” wingeri Morgan Rojers ýazdy (35-nji minut). Ýöne iňlis toparynyň begenji bary-ýogy dört minut dowam etdi – “PSŽ” Dezire Dueniň goly bilen hasaby deňledi. Ikinji ýarymyň başynda parižliler hüjümçi Hwiça Kwarasheliýanyň owadan golundan soň (49) öňe çykdy, oýunda gutarnykly hasaby Nunu Mendeş kesgitledi. Hasap “PSŽ-niň” peýdasyna 3:1 boldy. Bularyň arasyndaky ýeňiji bir hepdeden belli bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir