Xiaomi smartfonlaryň 15 modeli üçin gorag täzelenmesini çykardy
Xiaomi kompaniýasy 15 smartfon modeli üçin aprel aýynyň howpsuzlyk patçisini çykardy. Bu täzelenme programma üpjünçiligindäki düýpli gowşaklyklary düzedýär.
Kompaniýa programmalaryň ýadyny dolandyrmagy kämilleşdirdi, bu hem zyýanly programmalardan goragy güýçlendirdi. Şeýle-de, internet boýunça howpsuzlyk protokollary güýçlendirildi.
...
Tesla täze arzan bahaly elektromobiliniň çykarylyşyny yza süýşürdi
Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň arzan görnüşiniň önümçiligine başlamagy yza süýşürdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär.
Kompaniýanyň içki resminamalarynda «E41» diýip atlandyrylýan bu modeli ýylyň birinji ýarymynda öndürip başlamak meýilleşdirilýärdi. Emma çeşmeleriň berýän maglumatlaryna gö...
Arzan bahadan aerotaksi hyzmaty Hytaýda eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilip bilner
Mart aýynyň ahyrynda Hytaýyň EHang kompaniýasy ýolagçylary howa arkaly gatnatmak üçin ýurduň degişli edaralaryndan resmi taýdan rugsat aldy. Bu rugsat kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň iki sebitinde «awiagezelençleri» ýola goýmaga hem-de bu hyzmat üçin töleg almaga mümkinçilik berýär. EHang kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, petegiň...
Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi
Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär.
Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady. Ýang...
«Tesla Model 3» 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili diýlip ykrar edildi
Zutobi analitika kompaniýasynyň geçiren gözlegine görä, «Tesla Model 3» ulagy 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili boldy. Gözlegiň çäklerinde ABŞ-da elektrik energiýasynyň ortaça bahasy göz öňünde tutulyp, 100 mil (160 km) ýol geçmegiň çykdajylary deňeşdirildi. Bu barada «Teslarati» ýazýar.
57,5 kWt-sagatlyk batareýaly we yzky tekerlerde...
Apple iPhone 16e-de öz öndürýän düzüm böleklerini beýleki modellerden has köp ulanypdyr
iPhone 16e smartfony diňe bir Apple-iň öz işläp taýýarlan modemine eýe bolan ilkinji model däl. Counterpoint Research analitikleri onuň, eýsem kompaniýa tarapyndan döredilen komponentleriň paýy boýunça-da rekord eýesidigini anyklady.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, iPhone 16e-de ulanylan şaýlaryň 40%-i Apple-iň özi tarapyndan işlenip düzü...
NASA Güni öwrenmek üçin PUNCH kiçi hemralaryny işe girizdi
NASA 2025-nji ýylyň mart aýynda Güni we Gün şemallaryny öwrenmek maksady bilen, dört sany kiçi hemrany PUNCH (Polarimeter to Unify the Corona and Heliosphere) atly missiýanyň çäginde Ýere ýakyn pes orbita (570 km beýiklikde) uçurdy. Emeli hemralar aprel aýynda ilkinji synag suratlaryny üstünlikli düşürip, kameralarynyň we bort enjamlarynyň dogry iş...
Tesla ilkinji robotaksisi bolan Cybercab-yň dizaýnyny Ýewropada patentledi
Tesla kompaniýasy «Cybercab» sürüjisiz elektromobilini Ýewropa bazaryna çykarmak boýunça ilkinji resmi ädimini ätdi. Ýewropanyň patent edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň 9-njy aprelinde bu modeliň dizaýnyny hasaba aldyrmak üçin ýüz tutulypdyr. Dizaýn şekilleri 15-nji aprelde elýeterli boldy diýip, «32Cars» habar berýär.
«Cyberca...
Xiaomi mör-möjeklere garşy göreşýän täze pylesos çykardy
Xiaomi kompaniýasy Mijia Dust Mite Vacuum Cleaner 2 Pro atly täze tozan sorujyny hödürledi. Bu enjam diňe düşek, mebel we ýorgan-düşekleri arassalamak bilen çäklenmän, eýsem mör-möjeklere garşy hem göreşýär diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär.
Enjam 16 kPa güýçli sorujy motor bilen üpjün edilen, şeýle-de 21,5 santimetrlik sorujy agzy bar...
Pekinde gumanoid robotlaryň we adamlaryň arasynda taryhda ilkinji ýarym marafon geçirildi
Hytaýda adamlar bilen deň derejede gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda dünýäde ilkinji ýarym marafon geçirildi. Bu barada The Global Times neşiri habar berýär.
Pekindäki ylgaw ýaryşy 12 müň adamy we 20 gumanoid roboty jemledi, olar 21 km aralygy geçdi. Robotlardan ilkinji bolup pellehana Milli robototehnika merkezi tarapyndan döredilen Tien Ku...
ChatGPT-niň özüni nähili keşpde “göz öňüne getirýändigi” anyklanyldy
Mart aýynyň ahyrynda OpenAI şekil emele getirmek funksiýasyny hödürledi. Şondan soň ulanyjy Deniel Paleka ChatGPT-niň özüni nähili şekillendirýändigini barlamak kararyna geldi. Ol soragyň we çeper stiliň dürli hili berlendigine garamazdan, netijäniň meňzeş bolýandygyna üns berdi. Ýagny, çat-bot özüni goňras saçly, sakgally we äýnekli ýaş ak erkek a...
Huawei emeli aňly we titan çarçuwaly Eyewear 2 akylly äýneklerini tanyşdyrdy
Huawei "Eyewear 2" täze nesil akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam berk titan çarçuwanyň içinde ýerleşýän sport görnüşli optiki linzalar bilen enjamlaşdyrylan bolup, iş hem-de gündelik ulanmak üçin köp sanly emeli aň funksiýalary bilen üpjün edilen. Bu barada «Huawei Central» habar berýär.
Eyewear 2-niň aýratynlyklarynyň arasynda sesli buý...
Intel çökgünlik sebäpli Altera kompaniýasyndaky paýyny satyp başlady
Intel biznesiniň bir bölegini satýandygyny mälim etdi. Ol 2015-nji ýylda 16,7 mlrd dollara satyn alan Altera kompaniýasyndaky paýlarynyň 51%-ini aýyrmak kararyna geldi. Şol wagt bu Intel-iň taryhynda iň uly şertnama bolupdy.
Altera dürli işler üçin sazlap bolýan programmirlenýän logiki mikroshemalary (FPGA) işläp taýýarlaýar.
Alyjy hö...
Samsung ulanyjylaryň arz-şikaýatlaryndan soň, One UI 7 täzelenmesini ýaýratmagyny bes etdi
Samsung kompaniýasy One UI 7 täzelenmesini paýlamagy wagtlaýynça bes etdi. Ulanyjylar Galaxy S24 smartfonlaryny açmaga päsgel berýän bökdençlikler barada habar berýärler diýip, Wccftech.com habar berýär.
One UI 7 programma üpjünçiliginiň dünýä ýaýramagy 7-nji aprelde başlandy. Ol Android 15 -e esaslanýar we emeli aň ulanylýan täze özleşdirme...
ABŞ-nyň ýaşaýjysy iki sany Toyota Tundra-da 3 million km ýol geçdi
ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň ýaşaýjysy Wiktor Şepard 2007-nji we 2014-nji ýyl iki sany «Toyota Tundra» pikaby bilen 3 million kilometrden köp ýol geçip, olaryň ygtybarlylygyny subut etdi. Bu barada «The Drive» neşiri habar berýär.
Ilki bilen ol 2007-nji ýylda Toyota-nyň Tehasdaky zawodynda öndürilen model bilen 9 ýylyň dowamynda 1,6 million km...
Lexus täze "TZ" modelini taýýarlaýar
Ozalky yglan edilen meýilnamalara laýyklykda, Toyota bilen Lexus 2027-nji ýyla çenli täze 15 sany elektromobil çykarmagy göz öňünde tutýarlar. Şondan soň Lexus täze awtoulagyň iki wersiýasynyň resmi atlary bolan «TZ450e» we «TZ550e» haryt nyşanlaryny bellige aldy. Olaryň ikisi hem ilkinji gezek apreliň ahyrynda, maýyň başynda geçiriljek Şanhaý awto...
Mercedes ChatGPT-niň sesi bilen gürlär we ýoly ýokardan görkezip biler
Mercedes-Benz kompaniýasy 2023-nji ýyldan bäri öndürilen iki million awtoulag üçin MBUX multimedia ulgamyny täzeledi. Täzelenme Wi-Fi arkaly elýeterli bolup, birnäçe täze aýratynlygy öz içine alýar. Olaryň arasynda ýoly ýokardan görkezýän Google Satellite View görnüşi, ChatGPT esasly kämilleşdirilen sesli kömekçi we off-road ulaglar üçin niýetlenen...
Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň bahasyny ýokarlandyrdy
Sony Group kompaniýasy PlayStation 5 oýun konsolynyň bahasynyň Ýewropada, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde, Awstraliýada hem-de Täze Zelandiýada ýokarlanandygyny mälim etdi.
Kompaniýa bu kararyny dünýädäki «kyn ykdysady ýagdaý, ýokary inflýasiýa we durnuksyz walýuta kurslary» bilen düşündirdi. Meşhur konsolyň bahasy 14-nji aprelden başl...
Toyota Supra-nyň önümçiligini tamamlaýar: ABŞ-daky iň soňky wersiýasy iki esse arzan, ýöne güýji pes bolar
Toyota «GR Supra-nyň» bäşinji nesli bilen hoşlaşýar: «MkV Final Edition» atly iň soňky wersiýa 2025-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň bazaryna çykar. 69 müň dollar bahasy bilen, Ýewropadaky «A90 Final Edition» modelinden iki esse diýen ýaly arzan, emma şoňa görä-de onuň kuwwaty hem pesräk. Ýewropadaky wersiýasy 429 at güýjüni öndürýän bolsa, ABŞ-daky 382 a...
Tesla Berliniň eteginde dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy
Tesla kompaniýasy Berliniň (Germaniýa) töweregindäki Brandenburg sebitinde ýerleşýän Giga Berlin zawodynda dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy. Umuman alanyňda, bu ýerde 546 sany zarýad nokady gurnalan. Stansiýalaryň köpüsinde ähli brendlerdäki ulaglar üçin elýeterli bolan 11 kWt kuwwatly mugt AC zarýad nokatlary bar. Bu barada «Teslarati» habar be...