Werstappen Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, Formula-1-iň rekordyny täzeledi

“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi “Formula-1” çempionatynyň 20-nji tapgyry bolan Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş doganlar Rodriges adyndaky awtodromda geçirildi.
Tapgyrdaky ýeňiş dünýäniň üç gezek çempiony üçin möwsümde 16-njy boldy. Niderlandly türgen bu görkeziji boýunça rekordy täzeledi. 2022-nji ýylda ol 15 ýeňiş gazandy....

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Gazagystanda Hazar deňziniň ylmy-barlag instituty dörediler

Gazagystanda Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerini öwrenmek üçin ylmy-barlag instituty dörediler diýip, Respublikanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Ministrlik eýýäm gözleg institutyny döretmek baradaky kararyň taslamasyny taýýarlady.
Suw gorlary we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitow: "Institutyň...

Dowamy »

215 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Pekin Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak isleýär

Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagy maksat edinýär.
Trend agentliginiň habar berşi ýaly, ýylda 30 milliard kub metr kuwwatly täze gaz geçirijisi Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen geçip, öňki bar bolan A, B we C ugurlary bilen bit...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bayer AG ýalňyşlygy zerarly bir adamyň rak keseli bilen kesellemegine getirendigi üçin 175 mln dollar tölemäge mejbur edildi

Bayer kompaniýasy Roundup önümini ulanyp, hojinskiý däl limfoma keseline sebäp bolan adama ýetiren hakyky zyýany üçin 25 million dollar we jerime hökmünde 150 million dollar tölemeli edildi. Bu barada Bloomberg habar berýär.
Pensilwaniýa ştatynyň kazyýet agzalary Bayer AG-iň Monsanto bölümini 83 ýaşly Erni Karançä 175 million dollar tölemäge...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda şu hepde garaşylýan howa maglumaty

31-nji oktýabrdan Tü­rkmenistanda ortaça temperatura +21 dere­jä çenli peseler. Muny Gismeteo meteoro­logiýa çeşmesiniň ma­glumatlary delillend­irýär.
Aşgabatda sişenbe gü­ni iň ýokary tempera­tura +21 derejä çenli peseler, günüň do­wamynda ortaça tempe­ratura bolsa +17 der­eje bolar. Çarşenbe güni +23 dereje bol­magyna garaşylýar. Penşenbe...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Alymlar Günüň işjeňliginiň iň ýokary derejesiniň boljak wagtyny kesgitledi

Gün işjeňliginiň ýokary çäginiň wagtyndan öň bolup biler. NASA-nyň we ABŞ-nyň Atmosfera gözlegleri merkeziniň (NCAR) alymlarynyň aýtmagyna görä, bu açyş ýyldyzyň tebigatyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.
Gün işjeňligi 11 ýyllyk aýlawy bilen dowam edýändigi mälimdir, minimumlar maksimumlar bilen gezekleşýär. Pese gaçanda ýyldyzyň üstün...

Dowamy »

211 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Toyota rekord mukdarda awtoulag öndürdi

Şu maliýe ýylynyň birinji ýarymynda (2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabryna çenli) Toyota Motor 5,58 million awtoulag öndürdi.
Toyota-nyň resmi taýdan çap edilen maglumatlaryna görä, bu belli bir döwürde kompaniýa üçin rekord görkeziji.
Toyota öz beýanatynda dünýädäki awtoulag önümçiliginiň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bi...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

30-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen,...

Dowamy »

197 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Neşirde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň, şeýle hem hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary beýan edildi...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Lionel Messi sekizinji gezek «Altyn top» aldy

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy üçin berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy.
36 ýaşly hüjümçi klub derejesinde “Inter Maýami” amerikan klubunda çykyş edýär. Messi baýragy duşenbe güni Parižde geçirilen dabarada aldy. Ses berişligiň jemi boýunça iň gowularyň üçlügine “Pari S...

Dowamy »

225 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bellingem ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Duşenbe güni Parižiň Şatle teatrynda iň gowy futbolçylara baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. “France Football” žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy hökmünde (21 ýaşdan kiçi) Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem saýlandy.
Baýrak üçin dalaşgärleriň bäşligine Bellingemiň klubdaşy fransiý...

Dowamy »

196 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy

Argentinaly Emiliano Martines “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy derwezebanyna berilýän Lew Ýaşin baýragyna eýe boldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Angliýanyň “Aston Willa” klubunyň derwezebany baýragy Parižde geçirilen dabarada aldy.
31 ýaşly Martines 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempiony boldy, Katarda geçir...

Dowamy »

204 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Holand ýylyň iň gowy bombardiri baýragyna mynasyp boldy

“Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand “France Football” žurnaly tarapyndan geçen möwsümiň iň gowy bombardirine berilýän Gerd Mýuller adyndaky baýragyň eýesi boldy.
Holand 2022/2023-möwsüminde 56 gol geçirdi, onuň ähli goly dabarada ýazgy bilen görkezildi. Möwsümiň jemi boýunça bombardirleriň ýaryşynda ikinji orny Fransiýan...

Dowamy »

222 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“Mançester Siti” ýylyň iň gowy topary boldy

“France Football” žurnaly tarapyndan Angliýanyň “Mançester Siti” topary yzygider ikinji gezek ýylyň iň gowy topary diýlip ykrar edildi. Geçen möwsümde topar Angliýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogynda ýeňiş gazandy hem-de Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.
Iň gowy zenan topary hökmünde Ispaniýanyň “Barselonasy” saýlandy. Kataloniýanyň klub...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Winisius Žunior haýyr-sahawaty üçin Sokrates baýragyna eýe boldy

Madridiň “Realynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior “Altyn topuň” gowşurylyş dabarasynda haýyr-sahawaty üçin Sokrates baýragyna eýe boldy.
23 ýaşly braziliýaly oýunçy ýagdaýy pes talyplar üçin Vini Jr Institute atly bilim programmasyny döretdi. Ol 2022-nji ýylda 335 müň ýewro, 2023-nji ýylda 1 million ýewrodan g...

Dowamy »

211 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekillerinden düzülen ýörite topar ýurdumyzyň welaýatlarynda, çetki etraplarynda, obalarynda ýaşlaryň, zenanlaryň, ýaş maşgalalaryň arasynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklarynda, maslahatlarynda çykyş edýärler. Bu b...

Dowamy »

210 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

28-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär.
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygy beýik türkmen...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýaponiýanyň Osaka prefekturasynyň gubernatory Türkmenistana sapar bilen gelip biler

Osaka şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Osaka prefekturasynyň gubernatory H.Ýoşimuranyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şe...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen ilçisi bilen Türkmenistana saparyny maslahatlaşdy

30-njy oktýabrda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda, ministr...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ÝHHG-niň Baş sekretary Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşar

ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid 31-nji oktýabrda ÝHHG-niň gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geler.
Aşgabatda Baş sekretar Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan gurnalýan we geçirilýän “ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziý...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago