12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy. Toparyň türgenleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. “Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow öz toparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara sport ýaryşynda çempion bolmagyň, abraýly Kubogy gazanmagyň miýesser edendigini belledi. Bu üstünligiň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri, şahsy göreldesi, uly yhlasy bardyr. Ol Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Arkadag şäherinde sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, esaslandyrylanyna köp wagt geçmedik, «Arkadag» adyny uly buýsanç bilen göterýän toparyň gazanýan ýeňişleriniň munuň aýdyň güwäsidigini nygtady. “Futbol toparymyz AFK-nyň 2024-2025-nji ýyl möwsüminiň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmak bilen, Kuboga we pul baýragyna mynasyp boldy. Şu taryhy günde toparymyzyň agzybir türgenleridir tälimçileri, hünärmenleri bolup, ýaryşda gazanylan pul baýragyny Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek üçin türkmen halkynyň Milli Liderine ýüz tutup bermegiňizi Sizden haýyş edýäris” diýip, A.Amanow Arkadag şäheriniň häkimine ýüzlendi. “Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow täze şäheriň futbolçylarynyň abraýly halkara ýaryşda çempion bolmagy bilen gazanan Kubogyny Arkadag şäheriniň häkimligine uly hormat bilen gowşurdy. Soňra “Arkadag” toparynyň tälimçilerine we türgenlerine Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir