Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi

Warner Bros. Animation “Pişik” (The Cat in the Hat) multfilminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol Doktor Sýuzyň adybir ertekisiniň ekranlaşdyrmasydyr. Kinoteatrlarda premýera 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirilýär.
Sýužetiň merkezinde iki dogana täze şähere öwrenişmäge kömek edýän gürleýän Pişik durýar. Gahrymanlara Bill Heýder (“O...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

“Habbl” teleskopy Sowur ýyldyzlar toplumynda mawy öwüsýän dumanlygy surata düşürdi

Astronomlar “Habble” kosmos teleskopyny ulanmak bilen, Sowur ýyldyzlar toplumynda Ýerden takmynan 480 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän yzyna serpikdiriji şöhleli GN 04.32.8 dumanlygyny surata aldylar. DG 41 diýlip hem atlandyrylýan bu ýyldyzlar topary molekulýar buludyň düzümindedir.
"Şöhläni yzyna serpikdiriji dumanlyk - beýleki dumanlykla...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

Nissan Motor Co. ýapon kompaniýasy hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli ABŞ-da 443 899 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär.
Şeýlelikde, dürli ýyllarda çykan Nissan Rogue, Nissan Altima, Infiniti QX50 we Infiniti QX55 modelleri yzyna gaýtar...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi

“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi.
Möwsüm başky üç günüň netijesi boýunça Netflix-iň iňlis dilli däl seriallarynyň arasynda meşhurlygy...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 55 mln funt sterling boldy, ýene 5 mln funty “Braýton” bonus görnüş...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär

Toyota benzin bilen işleýän meşhur Grand Highlander ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin ABŞ-da elektrik ulaglarynyň öndürilişini gijikdirýär diýip, Bloomberg habar berýär.
Ýapon awtoulag öndürijisi Jorjtaun zawodynda (Kentukki ştaty) täze elektrikli wnedorožnigiň önümçiligine badalga bermegiň möhletini 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi....

Dowamy »

89 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular

Awgust aýynda 001 şassi belgili Bugatti Bolide giperkarynyň birinji nusgasy Gooding & Company tarapyndan auksiona çykarylar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň bahasy 6 million dollara ýetip biler. Bu awtoulag diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir.
Ulag ilkinji gezek iki ýyl mundan ozal Gudwuddaky Tizlik festiwalynda çykyş ed...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

Beýik britaniýaly 21 ýaşly Zara Lahlan Atlantika ummanynyň üsti bilen Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde ýüzüp geçen taryhda ilkinji aýal boldy. Şeýle hem ol kesekiniň kömegi bolmazdan we ýolda saklanmazdan, şeýle syýahaty amala aşyran iň ýaş zenandyr diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.
Zara birnäçe tälimçiniň kömegi bilen...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar.
Sazani – Albaniýanyň iň uly adasy bolup, meýdany, takmynan, 5 km2. Ada Adriatik d...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Raşid Meredow Owganystanyň wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy

3-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäginde geçirildi diýip, Türkmeni...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi

Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär.
Kanun taslamasynyň esasy maddalary:
Sanly şahsyýet hukugy: Raýatlar özleriniň raz...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasaryny çalyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak hakynda karara gol çekdi. Döwlet Baştutany bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşiçisi M.Sapargulyýewi belledi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Täze wezipä bellen...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2025-nji ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça mejlisi geçirildi

2-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisiň başynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministr...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Serdar...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistan Ispaniýada geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata gatnaşýar

Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy iýundan 3-nji iýul aralygynda Sewilýa şäherinde geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä döwlet we hökümet baştutanlary, BMG-niň Baş sekre...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanyň we Maliniň daşary işler ministrleri LLDC 3 maslahatyna taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdulaý Diop bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-mali hyzmatdaşlygynyň ileri tut...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi

Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasy Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi diýlip resmi taýdan ykrar ediler.
Çözgüt Gurama agza ähli 186 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Tü...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtla...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürm...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi

UFC Las-Wegasda (ABŞ) geçen dynç günleri geçirilen UFC 317 ýaryşyndan soň iň gowy söweşijileriň reýtingini täzeledi.
Gruziýadan ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion Iliýa Topuriýa UFC-niň Pound-For-Pound (agram derejesine garamazdan) umumy reýtinginiň başyna geçdi, ol birinji orundan russiýaly Islam Mahaçewi gysyp çykardy.
Reýtingiň il...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago