Hanym Týusso muzeýi Teýlor Swiftiň bir wagtyň özünde 13 heýkelini döretdi
Hanym Týusso muzeýi dört yklymyň 13 şäherinde Teýlor Swiftiň mumdan ýasalan 13 sany täze heýkelini hödürledi. Bu muzeýiň 250 ýyllyk taryhynda iň uly taslama boldy.
Bu başlangyç aýdymçynyň aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolan The Eras Tour konsert syýahatynyň tamamlanmagyna bagyşlanýar.
Muzeýiň saýtynda habar berlişi ýaly, heýkeller...
Angliýada ilkinji gezek futbol oýny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer
“Býornli” futbol kluby taryhda ilkinji gezek futbol oýnuny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer. Synag görkezilişi 9-njy awgustda bolar, şol gün klub öýünde “Lasio” italýan toparyna garşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Taslama sport pudagynda VR tehnologiýalaryna ýöriteleşen Rezzil kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Ýaýl...
SMM-çiniň ýalňyşlygymy? Apple ýalňyşlyk bilen bäsdeşiniň smartfonyny mahabatlandyrdy
Apple-iň Hytaýyň Weibo sosial ulgamyndaky resmi akkaunty ýalňyşlyk bilen täze Samsung Galaxy Z Flip7 eplenýän smartfonynyň mahabat wideosyny hödürledi. Wideo tiz wagtdan aýryldy, ýöne ulanyjylar ýalňyşlyga üns berip ýetişdi we indi ol gülküli ýagdaýlaryň birine öwrüldi diýip, MacRumors ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, ýalňyşlyk kompaniýa...
Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy
Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi.
Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar. Bu ýylky arheologik möwsüm ozal öwrenilmedik meýdança gönükdirild...
“Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldana Cartier-iň ilçisi boldy
Cartier öýi amerikan-dominikan aktrisasy we “Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldanany özüniň täze global ilçisi diýip yglan etdi. Bu barada şaý-sepler öýüniň uly wise-prezidenti we marketing boýunça müdiri Arno Karrez WWD neşirine habar berdi.
Ol Saldananyň zehininiň, gözelliginiň we näzikliginiň kompaniýada elmydama seslenme döredendigini we t...
Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi
Vogue žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda emeli aňyň döreden modeliniň ilkinji suratlary ýerleşdirildi. Fotosessiýa Guess brendiniň mahabat kampaniýasy üçin döredildi.
Suratlarda uzyn zolakly köýnekli we gülli mawy kombinezon geýen saryýagyz gyz şekillendirilen. Suratyň aşagyndaky ýazgyda modeliň emeli aňyň kömegi bilen döredilendigini tassyk...
“Tomus, güýz, gyş, zibil...” Alymlar täze möwsümleriň dörändigini öňe sürýär
Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň we Beýik Britaniýadaky Ýork uniwersitetiniň alymlary adamzat işiniň Ýeriň tebigy sazlaşygyny düýpgöter üýtgedendigini aýdýar. Bu hem täze möwsümleriň – “tüsse” we “zibil” möwsüminiň peýda bolmagyna getirdi diýip, ylmy gözlege salgylanyp, Live Science habar berýär.
Alymlaryň nygtamagyna görä, “tüsse” möwsümi he...
Jeýms Kemeron “Awatar” älemi boýunça multserial döretmekçidigini aýtdy
Režissýor Jeýms Kemeron Empire bilen söhbetdeşlikde “Awatar” älemi boýunça animasion taslama döretmekçidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol eýýäm bu pikiri Disney-iň ýolbaşçylygy bilen maslahatlaşdy.
“Men animasion serial-antologiýa döretmek isleýändigimi aýtdym” – diýip, Kemeron gürrüň berdi. Ol formatyň “Animatrisa” golaý boljakdygyny düş...
JPMorgan ilkinji eplenýän iPhone-yň çykjak senesini we bahasyny mälim etdi
Apple kompaniýasynyň iPhone Fold atly ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň sentýabrynda çykar we onuň bahasy 1999 dollar bolar. Bu barada JPMorgan-yň içerki hatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär.
Analitikler geljekki iPhone 17 hatarynyň ultra-inçe iPhone 17 Air modeliniň peýda boljakdygyna garamazdan, ulanyjylarda uly gyzykla...
Taryhda ilkinji gezek tutuş döwleti howanyň üýtgemegi bilen baglylykda göçürýärler
Tuwalu ada-döwleti özüniň 11 müň raýatynyň ählisini deňziň derejesiniň ýokarlanmagy we deňiz harasatlaryň köpelmegi bilen bagly göçürmäge taýýarlanýar. 2023-nji ýyldan başlap, ýurduň Awstraliýa bulen howa ygtyýarnamasy esasynda göçýänleri kabul etmek barada ylalaşygy hereket edýär.
Tuwalunyň ortaça belentligi umman derejesinden bary-ýogy 2 m...
App Store kontenti has takyk kesgitlemek üçin 13+, 16+ we 18+ ýaş kategoriýalaryny girizýär
Apple App Store-da ýaş reýtingleriniň ulgamyny täzeläp, kontenti ýaşa görä has takyk kesgitlemek üçin dört kategoriýany (4+, 9+, 12+, 17+) bäş kategoriýa bilen çalyşdy.
Indi iOS 26-da, macOS 26-da we operasion ulgamlaryň beýleki täze wersiýalarynda 12+ we 17+ kategoriýalary 13+, 16+ we 18+ bilen çalşyldy. Ulanyjylar ýaş kategoriýasyna laýyk...
Ýaponiýada zenanlaryň ortaça ömür dowamlylygy 87,13 ýyla deň boldy
Ýaponiýa zenanlaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça eýýäm 40-njy gezek dünýä rekordyny täzeledi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan NHK habar berdi.
Resmi san maglumatyna görä, 2024-nji ýylda ýurtda zenanlaryň ortaça ömri 87,13 ýaş, erkekleriňki bolsa 81,09 ýaş boldy.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilend...
“Koýot vs. Akme” animasion-oýun filminiň çykjak senesi belli boldy
“Koýot vs. Akme” (Койот против „Акме“) filmi 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda ABŞ-da prokata çykar. Bu barada Comic Con konwentinde taslamanyň tanyşdyrylyşyndan soň yglan edildi diýip, Variety habar berýär.
Reliziň senesi ilkinji resmi posterde hem görkezildi, onda koýotyň silueti bilen ýerdäki jaýryk şekillendirilýär.
Film kino bilen...
Kamçatkada 8,7 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Ol 1952-nji ýyldan bäri iň ulusy
30-njy iýula geçilen gije Kamçatkanyň (Russiýa) kenaryndan 161 km uzaklykda 32 km çuňlukda 8,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitreme boldy diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geofizika gullugynyň şahamçasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Seýsmiki hadysanyň güýjüni Ýewropa-Ortaýer deňziniň seý...
Ýaponiýada Daun sindromynyň öňüni almak üçin goşmaça hromosomlary aýyrmagy öwrenýärler
Ýaponiýanyň Mie uniwersitetiniň alymlary Daun sindromyna sebäp bolýan goşmaça hromosomy aýyrmaga gönükdirilen gen redaktirleme usulyny döretdiler diýip, PNAS Nexus žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan My Modern Met onlaýn neşiri habar berýär.
Daun sindromy - 21-nji hromosomanyň (trisomiýa 21) goşmaça göçürmesiniň bolmagy sebäpli ýüze çy...
Günüň üstünde üç ýyldan bäri ilkinji gezek täze polýar deşikler emele gelip başlady
Günüň üstünde 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek polýar koronal deşikler peýda bolup başlady. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň we Sibir bölüminiň Gün-Ýerüsti fizika institutynyň web sahypasyna salgylanýan TASS habar berdi.
Çap edilen maglumatlara görä, bu gurluşlar 2021-2022-nji ýyllarda ýitirim bold...
“Supermen” we “Formula-1” $500 mln ýygnady, “Ýura eýýamynyň dünýäsi” milliarda kowalaşýar
Geçen dynç günleri Golliwudyň iki filmi dünýä prokatynda 500 mln dollardan geçdi.
Variety neşiriniň habar bermegine görä, iýulyň başynda kinoteatrlarda görkezilip başlanan Jeýms Gannyň “Supermen” filmi ABŞ-da 289,5 mln dollar ýygnady. Halkara kassa ýygymlary 213,2 mln dollar boldy we bu umumy girdejini 502,7 mln dollara ýetirdi.
Jozef...
ABŞ we ÝB söwda ylalaşygyny gazandy. Ýewropa ýurtlary üçin gümrük paçlary 15% bolar
ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigi söwda şertnamasyna gol çekdi. Onuň şertleri boýunça Waşington Ýewropa harytlarynyň, şol sanda awtomobilleriň importy üçin gümrük paçlary 15%-e çenli azaltdy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Şotlandiýada Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy diýip, Bloomberg ha...
Hytaýyň Hunan şäherindäki uniwersitetde kebap taýýarlamagy hünär hökmünde öwredip başladylar
Hytaýyň Ýueýan şäherinde (Hunan welaýaty) kebapçy aşpezleri taýýarlaýan dünýäde ilkinji kollej açyldy. Okuw jaýy ýerli hökümetiň we Ýueýan barbekýu birleşiginiň goldamagynda Ýueýanyň Açyk Uniwersitetiniň düzüminde döredildi diýip, China Daily portaly habar berýär.
Ýueýan özüniň barbekýu aşpezlik däbi bilen meşhurdyr, şäherde 2000-den gowrak...
“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy 2026-njy ýylda çykar. Ol tomsuň ahyrynda düşürilip başlanar
Oskar baýragyny alan “Godzilla: Minus bir” ýapon blokbasteriniň dowamy 30-njy awgustda düşürilip başlanar. Bu barada Consequence of Sound neşiri habar berýär.
Filmiň prokata çykmagy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär.
Ilkinji film ägirt nägehanyň uruşdan soňky Ýaponiýa hüjümi barada gürrüň beripdi. Filmiň dowamynyň sýužeti hem geçmişde bo...