Türkmenistanyň wekilleri Kazan şäherinde geçirilen maslahatda sport lukmançylygy ugrundaky tejribelerini tanyşdyrdylar
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary 21-22-nji maýda Kazan şäherinde geçirilen «Sport lukmanlarynyň Kazan kluby» atly V her ýylky bütinrussiýa ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Türkmen hünärmenleri kärdeşleri bilen sport lukmançylygy ugrundaky toplan tejribelerini we bilimlerini paýlaşdylar.
...
GDA-ly kinoçylaryň täze filminde türkmen aktýory Döwletgeldi Berdiýew surata düşýär
Belarusda «Belentlik» diýen çeper film surata düşürilip başlandy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kinoçylarynyň bilelikdäki taslamasynda öňki Sowet Soýuzynyň halklarynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky edermenligi wasp edilýär. Bu barada «MIR 24»-iň habarçysy Polina Babuk gürrüň berýär.
Filmi döredijiler 1944-nji ýylyň ahyrynda bolup g...
Aşgabatda UNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň ýaşulularynyň gatnaşmagynda geç...
Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Belujistan welaýatynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde hab...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy mynasybetli gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan Gurban baý...
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň ähli ýerlerinde metjitlerde baýramçylyk namazy okalyp, öten-geçenler ýatlanyldy. Türkmenistanlylar öňden gelýän däbe görä, janly soýup, milli tagamlary taýýarlap, yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramyny belleýärler.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halky mukaddes Gurban baýramyny milli adatlara laýykl...
ÝEAYB-de başlyklyk 2027-nji ýylda Gyrgyzystana geçer
Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginde başlyklyk geljek 2027-nji ýylda Gyrgyzystana geçer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriş Uşakow habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlyklyk Gyrgyzystana geçýär» diýip, Uşakow rus lideriniň guramanyň Gazagystanda geçjek çäresine saparynyň öňüsyrasynda...
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä hem-de Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Biz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatn...
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň dowamynda welaýatyň şäherleridir etraplary...
Argentinada Messä dünýäde iň beýik heýkel dikiler
Argentinada futbol oýunçysy Lionel Messä dünýäde iň beýik heýkel dikiler, onuň boýy 26 metr diýip, «MIR 24» habar berdi.
Heýkel toplumy milli ýygyndynyň kapitanyny dünýä kubogyny ellerinde ýokary göterip duran keşpde şekillendirýär. Heýkeli äpet göwresi üçin bölekläp ýygnaýarlar. Ony oturtmak üçin 70 tonnalyk ýük göteriji ulanylar. Heýkeliň...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Duşenbe şäherinde halkara maslahata gatnaşdylar
24 — 26-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň «Ýaşyl Merkezi Aziýa II» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen «Merkezi Aziýanyň zenan parlamentarileri — «Durnukly ösüş üçin suw» gün tertibini ilerletmekde öňdebaryjylyk» atly foruma gat...
«Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
Şu günler Türkmenistanyň sebitlerinde halk teatrlarynyň arasynda guralýan «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary guramaçylykly dowam edýär. Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi...
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Ermenistanda bolar
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio şu gün – 26-njy maýda Ermenistanda saparda bolar. Respublikanyň DIM-niň metbugat gullugynyň beýanatyna laýyklykda, Rubio Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen duşuşar, soňra taraplar metbugata ýüzlenme bilen çykyş ederler.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine g...
Russiýanyň ilçihanasy Aşgabatdaky mekdebe 20 sany guş öýjagazyny sowgat berdi
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi Aleksandr Wasilýew soňky jaň dabarasy mynasybetli geçirilen çärede Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebine howa şertlerine çydamly 20 sany guş öýjagazyny gowşurdy. Bu taslamanyň awtory 7-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapargeldiýew boldy. Bu barada Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat g...
Aşgabatda Italiýa Respublikasynyň 80 ýyllygy mynasybetli «Festa della Musica» konserti geçiriler
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» konserti geçiriler.
Çäräni Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýar. Aýdym-saz baýramy iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde...
Putin Gazagystana sapar eder
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 27-29-njy maýda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen Gazagystanda bolar. Bu barada «Gazeta.ru» habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky ählitaraplaýyn stragetik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyn...
Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär
Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtda hem-de ýurduň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, konsertler, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Bu baýramyň orta mekdepleriň uçurymlarynyň "Soňky jaň" dabarasy bilen utgaşmagynda hem özboluşly many bar. Goşa baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler egsilmez şatlyk-şowhuna besl...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gutlag hatyny iberdi.
«Report» agentliginiň habar bermegine görä, Gutlagda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösýän Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli...