Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hytaýa iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem-de Türkmenis...
Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy
“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi.
Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy. Ol 28 gol geçirdi we 18 assist etdi. “Liwerpul” bilen bilelikde Sal...
Jokowiç karýerasynda 100-nji ATP titulyny gazandy
Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Ženewada geçirilen ATP ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Ýaryşda ikinji belgi bilen ýerleşdirilen 38 ýaşly türgen finalda dünýäniň 31-nji raketkasy, polşaly Hubert Hurkaçy 5:7, 7:6 (7:2), 7:6 (7:2) hasabynda utdy.
Şeýlelikde, Jokowiç karýerasynda ýekelikde 100-nji ATP titulyny gazandy. ATP Tour-da (1990-njy ýy...
Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler
Apple TV+ režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy we döredijiligi barada dokumental serialyň çykaryljakdygyny habar berdi.
Deadline neşiriniň belleýşi ýaly, “Jenap Skorseze” atly taslama bäş bölümden ybarat bolar. Ol Skorsezeniň özi bilen açyk gürrüňdeşliklere, şeýle-de onuň ýakynlary, dostlary we awtordaşlar bilen öň neşir edilmedik söhbetdeşl...
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar
Disney studiýasy “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirildi.
Aktýorlar düzümi heniz belli däl. 2022-nji ýylda aktrisa Enn Heteueý filmiň dowam etmeginiň mümkindigine şübhe bildiripdi, ýöne şeýle taslamany...
Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar
Käbir arzan awiagatnadyjylar uçarlaryň salonynda dik durulýan orunlary hödürlemek bilen, has köp ýolagçyny ýerleşdirip biler. Daily Mail britan tabloidiniň habar bermegine görä, olar eýýäm 2026-njy ýylda gysga gatnawlarda peýda bolup biler.
Häzirlikçe gürrüň Aviointeriors italýan kompaniýasynyň Skyrider 2.0 modeli barada gidýär. Bu oturgyçla...
Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar
Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär.
Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir. Daniýada häzir pensiýa ýaşy 67 ýaş. 2030-njy ýylda ol 68 ýaş, 2035-nji ýylda 69 ýaş, 2040-njy ýy...
ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary kabul etmegi gadagan etdi
ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdi. Içerki howpsuzlyk ministrligi uniwersitete alyş-çalyş boýunça talyplary kabul etmäge mümkinçilik berýän maksatnama gatnaşmagyny haýal etmän ýatyrmak barada hat iberdi diýip, The New York Times ýazýar.
Indi Garward daşary ýurtlulara ABŞ-a talyp wi...
Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi
78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi.
“Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr. The Hollywood Reporter-iň ýazmagyna görä, sýužet eýranly re...
Hytaý Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Hytaý tarapy, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge taýýar. Bu barada Mejlisiň başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary wagtynda bellenildi diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler m...
Türkmenistanda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň günbatar we gündoga...
Türkmenistanda galla oragyna taýýarlyk görülýär
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendir...
Aşgabatda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hormatly Prezidentiň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkany geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar be...
Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak üçin raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrýar
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli raýat awiasiýasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, ýurtda ulag ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ba...
Türkmenistan we Gyrgyzystan medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär
Türkmenistanda saparda bolan Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri M.Mambetaliýew Türkmenistanyň medeniýet ministri, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory bilen duşuşdy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Türkmenistanyň medeniýet ministri bilen geçiren duşuşykda iki ýu...
Amazoniýadaky ýangynlar 2024-nji ýylda görülmedik tokaý ýitgilerine getirdi
Geçen 2024-nji ýylda howanyň üýtgemegi bilen bagly dörän giň möçberli ýangynlar dünýäde tokaýlaryň rekord derejede ýok bolmagyna sebäp boldy. Bu barada «azertag.az» neşiri habar berdi.
Şunda diňe el degmedik tropiki tokaýlaryň 6,7 million gektary ýok boldy, bu 2023-nji ýyldakydan 80 göterim köpdür we Panama döwletiniň çägine golaýdyr. Geljek...
«Turkish Airlines» Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan sergä gatnaşýar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy türkmen paýtagtynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergä gatnaşýar. Awiagatnadyjy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açýan hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini tanyşdyrdy.
Awiakompaniýanyň wekilleri serginiň dowamynda Aşgabatdan d...
Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdiler
Garward uniwersitetini daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmek hukugyndan mahrum etdiler. Bu barada ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrligine salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.
Bu çözgüt ministrligiň ýolbaşçysy Kristi Noemiň talyplary we gatnaşyjylary alyşmak – Student and Exchange Visitor Program (SEVP) maksatnamasy boýunç güwänamanyň ýaty...
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilýän 7-nji etnosport festiwalynda çykyş edýär
Türkiýäniň paýtagtynda 22-nji maýda başlanyp, 25-nji maýa çenli dowam edýän 7-nji Halkara etnosport festiwaly geçirilýär. Atatürk adyndaky howa menziliniň çäginde geçirilýän bu festiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe myhman gatnaşýar – diýip, AA agentligi habar berýär.
Festiwala «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşma...
Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Hindi ummanyndaky Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna geçirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi diýip, «BBC» habar berýär.
Arhipelag ýedi adadan ybarat. 1965-nji ýyldan bäri Diego-Garsiýa adasynda Beýik Britaniýa bilen ABŞ-nyň bilelikde ulanýan harby bazasy ýerleşýär.
Ylalaş...