1990-njy ýyldan bäri semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany iki esse artdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) saýtynda ýerleşdirilen beýana görä, 1990-njy ýyldan bäri semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany ulularyň arasynda iki esse we çagalaryň hem ýetginjekleriň arasynda dört esse artdy. Dünýäde bir milliarddan gowrak adam bu keselden ejir çekýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Şeýle-de, täze gözlegde 2022-...
Ronaldunyň yzyndan: Messi Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnady
Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony Lionel Messi taryhda Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnan ikinji adam boldy. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony Kriştianu Ronaldunyň üstünligini gaýtalady diýip, gazeta.ru habar berýär.
Häzirki wagtda Ronaldu bu sosial ulgamda i...
OnePlus iki operasion ulgamly we prosessorly gibrid sagady görkezdi
«OnePlus» iki çip we iki operasion ulgamy bolan «Watch 2» gibrid akylly sagady tanyşdyrdy.
«Dual Motor» tehnologiýasy iki çipi we operasion ulgamyny birleşdirýär: «Wear OS» esasly kuwwatly «Snapdragon W5» we «RTOS» bilen üpjün edilen energiýa tygşytlaýan «BES2700». Şeýle hem sagadyň işleýşine 2 GB operatiw ýat we 32 GB goşmaça ýat jogapkärdi...
Sony “Kola” bilen “Pepsiniň” arasyndaky gapma-garşylyk barada film surata düşürer
Sony Pictures studiýasy doly metražly Cola Wars filmi üçin hukuk gazandy. Kartina 1980-nji ýyllarda ABŞ-da bolup geçen Coca-Cola bilen Pepsi brendleriniň arasyndaky göreş barada gürrüň berer. Bu barada film.ru habar berýär.
Kartinanyň ssenariýasyny Jeýson Şuman (“Akapulko” serialy) we Ben Kuin (“Ulaglar 3”) ýazar. Filmiň heniz režissýory we...
Skarlett Ýohansson doly metražly filmiň režissýory hökmünde ilkinji gezek çykyş eder
Meşhur amerikaly aktrisa Skarlett Ýohansson ilkinji gezek özüni doly metražly filmiň režissýory hökmünde görkezip, “Eleonora Beýik” filmini surata düşürer. Ol bu film üçin eýýäm artistleri hem jemledi diýip, esquire.kz habar berýär.
Filmiň baş gahrymany iň gowy jorasynyň ölüminden soň özüni ele almaga synanyşýan 90 ýaşly Eleonora Morgenşteýn...
Win Dizel “Forsažyň” soňlanyp biljekdigine yşarat etdi
Win Dizel sosial ulgamlarda “Forsaž-11-iň” franşizanyň iň soňky filmi boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada daily.afisha.ru belleýär.
“Biziň “Forsaž” babatynda ssenariýaçylar we tutuş topar bilen hepdelik duşuşygymyz tamamlandy. Bu beýik final diňe bir soňlanma däl, bu biziň bilelikde döreden ajaýyp maşgalamyzyň baýramçylygydyr. Siz maňa buýsa...
Magtymgulynyň golýazmalary hakynda dokumental filme Britan kitaphanasynyň wekilleri gatnaşar
Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen içgin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekilleriniň Beýik Britaniya saparyny gurnamak meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ý.Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar b...
Wengriýanyň parlamenti täze prezidenti saýlady
Wengriýanyň parlamenti häzire çenli Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy bolan Tamaş Şuýoky ýurduň täze prezidenti hökmünde saýlady. Ol döwlet Baştutany wezipesinde işinden çekilen Katalin Nowagyň ornuny çalşar. Bu barada TASS habar berýär.
Täze prezidentiň saýlanmagy parlamentiň saýtynda açylyşy ýaýlyma berlen ýazky sessiýanyň birinji gününde g...
Dünýäde iň güýçli pasportlaryň reýtingi düzüldi
Passport Index global reýtingine görä, şu ýyl iň güýçli pasport adyny BAE-niň pasporty aldy. Ol erkin hereket görkezijisi boýunça 179 bal gazandy. Bu barada Finprom.kz habar berýär.
Erkin hereket görkezijisi wizasyz baryp boljak, şeýle-de geleniňde wiza, eTA we elektron wiza (üç günüň içinde bermek bilen) alyp boljak ýurtlaryň sany boýunça k...
Messi, Holand we Jokowiç sport “Oskaryna” dalaş edýär
Sport “Oskary” diýlip atlandyrylýan abraýly Laureus baýragyna dalaşgärler belli boldy. Sekiz nominasiýada dalaşgärleriň sanawy guramaçylyk komitetiniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, RBK habar berýär.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 22-nji aprelde Madridde geçiriler. Ýylyň iň gowy türgeni baýragyna futbolçylar Lionel Messi (2023-nji ýylda laureat...
Honor ChatGPT funksiýasy bolan noutbugy görkezdi
Barselonada geçirilýän «Mobile World Congress (MWC) 2024» tehnologiýa sergisiniň çäklerinde «Honor» kompaniýasy emeli aň funksiýalary bolan täze «MagicBook 16 Pro» flagman noutbugyny tanyşdyrdy.
«Honor MagicBook 16 Pro» «Nvidia RTX 4060 GPU» we 32 GB operatiw ýat bilen utgaşdyrylan kuwwatly «Intel Core Ultra 7 155H» prosessory bilen işleýär....
Beýik Britaniýada Jorj Maýkla bagyşlanan şaýy pul çykaryldy
Beýik Britaniýanyň korollyk zikgehanasy merhum britan aýdymçy Jorj Maýkla bagyşlanan kolleksion şaýy pullaryny çykardy.
Şaýy puluň öň tarapynda Jorj Maýklyň meşhur Günden goraýan äýneklerini geýen portreti bar. Şaýy puluň arka tarapynda Beýik Britaniýanyň koroly Karl III-niň portreti şekillendirilipdir. Korollyk zikgehanasy altyn, kümüş we a...
Freddi Merkýuriniň Londondaky rezidensiýasy 35 million ýewro satuwa çykaryldy
Britaniýaly sazanda we aýdymçy, «Queen» rok toparynyň öňki aýdymçysy Freddi Merkýuriniň rezidensiýasy auksionda satuwa çykaryldy. Bu barada «Bloomberg» habar berýär.
Bellenilmegine görä, onuň Londondaky rezidensiýasy 30 million funt sterlinge (35 million ýewro) satuwa çykaryldy. Häzirki wagtda rezidensiýanyň eýesi sazandanyň ýakyn dosty Meri...
Alymlar ýylanlaryň ýüzlerçe görnüşiniň zäherine garşy madda tapdylar
Halkara alymlar topary ýylanlaryň 384 görnüşiniň ölüm howply zäherine garşy ählumumy madda tapdylar. Özboluşly açyş barada makala Science Translational Medicine žurnalynda neşir edildi diýip, esquire.kz habar berýär.
Alymlar öz gözleglerinde beýlekiler bilen bir hatarda şa kepjebaşyny we gara mambany öz içine alýan aspidler maşgalasyna aýrat...
“Sezar” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Ýylyň ýeňijisi “Aşak gaçyşyň anatomiýasy” boldy
Fransiýanyň Kinematografiýa sungaty akademiýasy Sezar baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. 49-njy baýrak gowşurylyş dabarasy 24-nji fewralda Parižiň “Olimpiýa” teatrynda geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär.
“Aşak gaçyşyň anatomiýasy” atly pajygaly film alty baýraga, şol sanda baş baýraga mynasyp bolup, ynamly ýeňiş gazandy.
“...
Alymlar midiýany we ýüpek gurçugyny ulanyp, hirurgiki operasiýadan soň gan akmany togtatmagyň täze usulyny tapdylar
Phohan ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Günorta Koreýa) alymlary hirurgiki operasiýadan soň gan akmany togtatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Ol midiýadan we ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan gemostatiki serişdä esaslanýar diýip, Small žurnalynyň gözlegine salgylanýan Phys.org ýazýar.
Bu material midiýanyň beloklaryndan we ýüpek fibrin...
THR: “Gladiator 2”-niň býujeti iki esse artyp, 310 million dollara ýetdi. Prodýusserler nägile
“Gladiator”-yň sikweliniň býujeti 165 million dollardan 310 million dollara çenli ýokarlandy we Paramount Pictures-iň ýolbaşçylarynyň arasynda “görlüp-eşidilmedik nägileligi” döretdi.
The Hollywood Reporter-iň çeşmeleri filmiň 49 günlük surata düşürilişiniň bahasynyň 250 million dollardanam azdygyny, Golliwudda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan no...
Iňlis alymlary hassanyň öz öýjüklerinden transplantasiýa üçin derini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny döretdiler
Surreý uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary deri transplantatlaryny 3D çap etmek üçin täze tehnologiýany döretdiler. Ol gubkalary elektrofibrizasiýa etmek usulyna esaslanýar, bu jelatin we polikaprolakton ergininden üç ölçegli gurluşlary döretmäge mümkinçilik berýär diýip, Nanomaterials žurnalyndaky gözlege salgylanýan University Of Surrey ýa...
Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletin...
Singapurly 8 ýaşly ýiti zehinli küştçi grossmeýsteri ýeňip, rekord goýdy
Singapurly 8 ýaşly Aşwat Kauşik grossmeýsterden üstün çykan taryhda iň ýaş oýunçy boldy. Ol Şweýsariýada geçirilen Burgdorfer Stadthaus Open ýaryşynda 37 ýaşly polşaly Ýasek Stopymy ýeňdi diýip, “Sport-Ekspress” ýazýar.
Duşuşyk wagtynda oglan 8 ýaş 6 aýlykdy. Şeýlelik bilen, ol rekord goýan wagty özünden bäş aý uly bolan serbiýaly Leonid Iwa...