Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçiriler. Bu barada Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligine salgylanyp, Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm) habar berdi.
Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi sagat 10:00-dan 12:00-a ç...
Şweýsariýalylar 13-nji pensiýanyň berilmegi üçin we pensiýa ýaşynyň ýokarlandyrylmagyna garşy ses berdiler
3-nji martda Şweýsariýada referendum geçirildi, saýlawçylaryň 58,2%-i 13-nji pensiýany tölemek baradaky başlangyjy goldady. Bu karar köplenç çykdajylaryny ödemekde kynçylyk çekýän garry adamlaryň "taryhy ýeňşi" hasaplanýar diýip, BBC teleýaýlymy habar berýär.
Şweýsariýada aýlyk döwlet pensiýasy 2550 ýewro, ýöne ýaşuly raýatlaryň aglabasy mun...
Hindistanda toýdan öňki dabara 151 mln dollar sarp edildi. Myhmanlaryň arasynda Rianna, Bill Geýts we Mark Sukerberg bar
Hindistanda milliarder Mukeş Ambaniniň mirasdüşeri, 28 ýaşly Anant Ambani bilen hindistanly işewür Wiren Merçantyň gyzy Radhiki Merçantyň toýy mynasybetli üç günlük toýdan öňki dabara geçirildi. Ýaşlar geçen ýylyň ýanwar aýynda Gol Dhana dabarasynda adaglandylar, toý 12-nji iýulda bolar diýip, Times of India ýazýar.
Belli bolşy ýaly, bu daba...
Dünýä belli kino režissýory Dostoýewskiniň iki romanyny bir filmde birleşdirer
Kan film festiwalynyň iki “Altyn palma şahasynyň” ýeňijisi, meşhur serbiýaly kinorežissýory Emir Kusturisa Fýodor Dostoýewskiniň “Tentek” hem-de “Jenaýat we jeza” romanlarynyň sýužetlerini birleşdirjek täze “Jeza berilmesiz jenaýat” filmini yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde filmdäki wakalar häzirki döwre geçiriler diýip, TASS habar berýär.
F...
Azerbaýjan 2023-nji ýylda türkmen gazyny satyn almagyny 77% artdyrdy
Azerbaýjan 2023-nji ýylda Türkmenistandan 1,51 milliard kub metre barabar bolan tebigy gazy import etdi. Bu 2022-nji ýyldakydan (857 million kub metr) 77% ýokarydyr. Bu maglumatlary Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komiteti getirýär diýip, ORIENT habar berýär.
Bahalar babatda aýdylanda, geçen ýyl Türkmenistandan Azerbaýjana tebigy gaz...
Türkmenistanyň we Owganystanyň telekeçileri 7,7 million dollarlyk şertnamalary baglanyşdylar
Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde bir sany Ähtnama we türkmen we owgan hususy kompaniýalaryň arasynda 16 şertnama gol çekildi. Eksport ugurly şertnamalaryň umumy bahasy 7 million 721 müň dollara deň boldy.
Baglaşylan şertnamalaryň ýarysyna golaýy konditer önümlerini öndürýän türkmen firmalary, ýagny “Hasar”,...
Türkmenistanly ýetginjekler GAR-da hokkeý boýunça dünýä çempionatynda Tailandy uly hasap bilen utdular
Türkmen hokkeýçileri Keýptaunda (GAR) geçirilýän «B» toparyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatynda Tailandyň milli ýygyndysyny 7:2 hasabynda utdy.
Buz üstünde oýnalýan hokkeý halkara federasiýasynyň (IIHF) howandarlygynda geçirilýän bu ýaryşa dört topar gatnaşdy. Gonkongly, tailandly, türkmen...
Türkmenistanyň gümrük gullugynyň wekilleri ÝB-niň guran okuw maslahatyna gatnaşdylar
Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy tarapyndan Merkezi Aziýada hukuk tertibini üpjün etmek boýunça maksatnamasy (LEICA) bilen bilelikde Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleri üçin guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Metbugat gullugy habar berdi.
Adam söwdasy w...
Bezos 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýäde iň baý adam boldy
Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi. Bu Bloomberg tarapyndan neşir edilen “Milliarderleriň indeksinden” gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.
Reýtinge görä, 2024-nji ýylyň 6-njy martyndaky ýagdaý boýunça Bezosyň baýlygy 197 mlrd d...
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby "Talyp gözeli - 2024" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
5-nji martda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli — 2024» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Aşgabatdaky «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeniýet we işewürlik merkezinde geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda geçen tapgyrdaky ýeňijiler gatnaşdylar.
Jemleýji tapgyryň netijelerine görä, «Talyp gözeli — 2024»...
DNK derňewi demir asyrynda ýaşap geçen Daun sindromly çagalaryň durmuşyny aýdyňlaşdyrdy. Olara nähili garalypdyr?
Taryhdan öňki we taryhy mazarlardan alnan galyndylaryň DNK seljermesi Daun sindromly çagalaryň azyndan 5000 ýyllap dürli jemgyýetlerde ýaşandygyny görkezdi diýip, Nature neşiri ýazýar.
Dürli ýurtly paleogenetikler dürli ýurtlardan we döwürlerden alnan 10 000 galyndynyň DNK-syny seljerip, hromosomanyň artyk nusgasy bilen baglanyşykly genetiki...
ABŞ ýarym asyrdan soň Aýa gaýdyp bardy. Hususy Nova-C moduly hemranyň günorta polýusyna gondy
23-nji fewralda Intuitive Machines-niň hususy eýeçiligindäki Nova-C moduly Aýa gondy we ABŞ-da döredilen apparat 52 ýylyň içinde ilkinji gezek Aýa gondy. Bu waka hususy kompaniýalaryň kosmos gözleginde barha möhüm rol oýnaýandygyny görkezýär diýip, 3DNews habarlar gullugy ýazýar.
"Odisseý" lakamly Nova-C Aýyň günorta polýusyndan, takmynan, 3...
Ýük awtoulaglary üçin haýsy ýag ulanýaňyz? OPET motor ýagynyň resmi dileri ygtybarly önümlerini hödürleýär
Awtoulaglar üçin motor ýagyny dogry saýlap almak onuň ömrüni uzaldyp biler. Hut şonuň üçin motor ýaglary saýlananda çynlakaý çemeleşmeli. Häzirki wagtda bazarda motor hem çalgy ýaglarynyň diýseň köp görnüşleri bar. Olaryň haýsy birini saýlap alsaň hem ygtybarly, hem elýeterli bolar diýen sorag hemme sürüjide hem gabat gelýändir. Bu sowalyň jogaby —...
Ýaponiýada Toyota awtokonserni ähli zawodlarynyň işini gaýtadan dikeltdi
Ýaponiýanyň Toyota Motor awtokonserni ýurtdaky ähli önümçilik hatarlarynyň işini gaýtadan dikeltdi. Olaryň käbirleri heniz 2023-nji ýylda potratçy tarapyndan dizel hereketlendirijileriniň kuwwaty baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy bilen bagly dawa sebäpli togtadylypdy. Işlemän duran soňky iki hatar duşenbe güni işe girizildi diýip, awtokonsern...
“Titanik” filminde baş gahrymanlaryň birini halas eden gapy auksiona çykarylar
“Titanik” filminiň finalynda baş gahryman Rozany halas eden gapy ABŞ-da geçiriljek Heritage Auctions auksionyna çykarylar. Auksion 20 – 24-nji martda geçiriler, lotuň başlangyç bahasy 40 müň dollar diýip, daily.afisha.ru habar berýär.
Auksionyň saýtynda bu gapynyň 1912-nji ýylda “Titanik” gark bolandan soň saklanyp galan iň meşhur bölekleriň...
Iýmiti ter saklaýan we bakteriýalary daşlaşdyrýan örtük döredildi
Professorlar Mustafa Akbulut bilen Luis Sisneros-Zewalýos sinklenen polat üçin täze örtük döretdiler. Bu örtük azyk önümleriniň howpsuzlygyny ep-esli gowulandyrar, azyklaryň hapalanmagy bilen baglanyşykly keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini kemeldip, iýmit zaýaçylygyny azaldyp biler diýip, News Medical habar berýär.
Sinklenen polat – bu...
Alymlar ABŞ-nyň üstündäki bulutlarda täsin deşikleriň gelip çykyşyny anykladylar
NASA-nyň “Terra” hemrasy Meksika aýlagynyň üstündäki bulutlarda syrly tegelek deşikleri bellige aldy. Gädikleri ýada salýan bu emele gelmeler eýýäm birnäçe wagtdan bäri adamlary biynjalyk etmek bilen, adatdan daşary hadysalar baradaky teoriýa sebäp boldy. Emma, anyklanylyşy ýaly, olary uçarlar döredýär eken diýip, Daily Mail ýazýar.
Şeýle “d...
Emeli aňdan Star Trek-iň kapitanynyň keşbini janlandyrmak soralanda ol özüniň matematika başarnyklaryny gowulandyrdy
Amerikanyň VMware kompaniýasynyň alymlary Star Trek älemindäki gahrymanlaryň keşbinde ýüzlenilende, emeli aňly çat-botlaryň matematikada has gowy netijeleri görkezýändiklerini anykladylar.
Emeli aň modelleri grammatiki taýdan dogry we göräýmäge, baglanyşykly jogaplary öndürmekde ökde bolsa-da, takyk ylymlardaky mümkinçilikleri çäklidir. Olar...
Hytaýda elektrikli ulaglaryň islendik howa şertlerinde işlemegini üpjün etjek täze akkumulýator döredildi
Çžeszýan uniwersitetiniň (Hytaý) alymlary tarapyndan işlenip düzülen, elektrik ulaglaryna niýetlenen batareýanyň täze görnüşi gowulandyrylan elektrolit arkaly ekstremal howa şertlerinde güýjüni ýitirmezden hereket edip biler. Bu barada Nature žurnalynda geçirilen gözleglere salgylanýan TechSpot ýazýar.
Professor Sýulin Fan toparynyň täze önü...
Britaniýaly türgen ýetimlere we ýetimler öýlerine pul ýygnamak üçin Tailandyň içi bilen 2100 km aralygy ylgap geçdi
Britaniýaly Kris Rassel Tailandyň demirgazygyndan günortasyna 2100 km aralygy ylgap geçip, Run Thailand 2100 KM atly 50 günlük haýyr-sahawat işini tamamlady. Ol 10-njy ýanwarda Çiangraý welaýatyndan ylgap başlady we ony 1-nji martda Ýala welaýatynyň Betong şäherinde tamamlandy diýip, The Thaiger habar berýär.
Rassel Tailanddaky ýetimler öýle...