«Roma» Ýewropa ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda «Baýeri» 1:0 ýeňdi
Ýewropa ligasynyň ýarym final tapgyrynyň birinji duşuşygynda Rimde «Olimpiko» stadionynda «Roma» «Baýeri» kabul etdi.
Duşuşyk «Romanyň» 1:0 ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk goly 63-nji minutda Edoardo Bowe geçirdi.
Jogap duşuşygy 18-nji maýda Germaniýada geçiriler.
Messi Goal neşiriniň garaýşy boýunça «Altyn topa» esasy dalaşgär
Goal.com neşiri «Altyn topa» dalaşgärleriň reýtingini täzeledi. Neşiriň garaýşy boýunça baýraga esasy dalaşgär «PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi bolup durýar.
Top-10-luk şu görnüşde:
Lionel Messi (PSŽ)
Erling Holand («Mançester Siti»)
Kilian Mbappe (PSŽ)
Winisius Žunior («Real»)
Karim Benzema («Real»...
Lionel Messi ýylyň iň gowy türgeni hökmünde «Laureus» baýragyny aldy
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Laureus World Sports Academy-iň (“Laureus” Dünýä sport akademiýasy) wersiýasyna görä, 2022-nji ýylyň iň gowy türgenine diýen baýragy aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy duşenbe güni geçirildi diýip, TASS habar berýär.
Messi 2022-nji ýylda karýerasynda ilkinji gezek...
«Ýuwentus» 15 utuga derek 9 utuk ýitirip biler
Turiniň «Ýuwentus» futbol kluby maliýe galplygy sebäpli dokuz utukdan mahrum edilip bilner. Bu barada Futbol Italia habar berýär diýip, gazeta.ru ýazýar.
Galp kapital girdejisi hakyndaky iş boýunça 15-nji ýanwarda «Ýuwentusdan» 15 utuk aýrylandygyny ýatladýarys. Aprel aýynyň ahyrynda CONI kepillik geňeşi “Ýuwe”-niň arzasyny bölekleýin kanaga...
Çempionlar ligasynyň birinji ýarym finalynda «Real» «Mançester Siti» bilen deňme-deň oýnady
Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygynda «Real» öz meýdançasynda «Mançester Siti» bilen deňme-deň oýnady. «Santýago Bernabeu» stadionynda geçen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
«Realyň» düzüminde Winisius Žunior (36-njy minut) gol geçirdi. «Mançester Sitide» Kewin De Brýuýne (67) tapawutlandy.
Jogap duşuşygy 17-nji ma...
Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda «Inter» «Milandan» üstün çykdy
Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygynda «Interiň» futbolçylary 2:0 hasabynda «Milandan» üstün çykdylar. Duşuşyk çarşenbe güni geçirildi.
Duşuşykda gollary Edin Jeko (8-nji minut) we Genrih Mhitarýan (11) geçirdi.
"Inter" bilen "Milanyň" ikisi hem öz meýdançalaryndaky duşuşyklaryny şol bir stadionda — «San Siroda» geçi...
Saul Alwares boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony adyny ikinji gezek gorady
Meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde professional boksçylaryň arasynda absolýut dünýä çempiony diýen adyny gorady. TASS agentiginiň habar bermegine görä, ol ýekşenbe güni Sapopanda (Meksika) geçirilen 12 raundly söweşde eminleriň biragdan karary bilen angliýaly Jon Raýderi ýeňdi.
32 ýaşly Alwares 2011-nji ýylyň noýabr aýynd...
«Zenit» yzygider bäşinji gezek futbol boýunça Russiýanyň çempiony boldy
Sankt-Peterburgyň «Zenit» kluby Mir-Russiýanyň premýer ligasynyň (RPL) 26-njy tapgyr duşuşygynda öz meýdançasynda Moskwanyň «Spartagyny» 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşyk ýekşenbe güni «Gazprom-Arenada» geçirildi.
«Zenitiň» düzüminde gollary Klaudinýo (13-nji minut), Andreý Mostowoý (39) we Iwan Sergeýew (90+1) geçirdi. «Spartakdan» Keý...
«Napoli» 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Italiýanyň çempiony boldy
Italiýanyň futbol boýunça çempionatynyň 33-nji tapgyrynda «Napoli» myhmançylykda «Udineze» bilen duşuşykda 1:1 hasap bilen deňme-deň oýnady we möhletinden öň ýaryşyň çempiony boldy.
Duşuşykda gollary «Udinezeden» Sandi Lowriç (13-nji minut), «Napoliden» Wiktor Osimhen (53) geçirdi.
«Napoli» taryhynda üçünji gezek Italiýanyň çempiony b...
Reuters: "Al-Hilýal" Messä resmi teklip iberdi
Saud Arabystanynyň "Al-Hilýal" kluby "PSŽ" fransuz toparynyň hüjümçisi Lionel Messä resmi teklip iberdi diýip, Reuters agentligi habar berýär.
Şeýle-de, Messiniň "PSŽ" bilen türgenleşiklerden çetleşdirilmeginiň diňe bir onuň Saud Arabystanyna gitmegi bilen däl-de, eýsem argentinaly oýunçynyň "PSŽ-niň" taslamasyny tankytlandygy we klubda indi...
Kriştianu Ronaldu hormatly medal bilen sylaglanar
Lissabonyň şäher geňeşi Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Kriştianu Ronalduny hormatly baýrak bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu barada edaranyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Ronalduny Lissabonyň hormatly medaly bilen sylaglamak karary şäher geňeşiniň me...
HBS: “PSŽ” Saud Arabystanyna birugsat gidenligi sebäpli, Messini topardan çetleşdirdi
Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby argentinaly hüjümçi Lionel Messini Saud Arabystanyna gidenligi sebäpli oýunlardan iki hepdelik çetleşdirdi. Bu barada sişenbe güni Fransiýanyň RMC Sport radioýaýlymy habar berdi.
Çeşmäniň habaryna görä, Messä türgenleşige gatnaşmaga hem rugsat berilmez, oýundan çetleşdirilen döwri üçin aýlyk tölenme...
Küşt boýunça dünýä çempiony taý-breýkde kesgitlener
Russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşiý Astanada geçirilýän dünýäniň küşt täji üçin oýnuň 14-nji tapgyrynda hytaýly Din Ližen bilen deňme-deň oýnady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.
Russiýalynyň gara mallar bilen oýnan tapgyry 90-njy göçümden soň tamamlandy. Gapma-garşylykda hasap 7-7 boldy. Düzgüne laýyklykda, oýnuň ýeňijisi 30-njy apr...
Benzema Ispaniýanyň çempionatynyň taryhynda dördünji bombardir boldy
Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Karim Benzema Ispaniýanyň futbol çempionatynyň taryhynda dördünji bombardir boldy diýip, sportrbc.ru habar berýär.
35 ýaşly fransiýaly oýunçy 32-nji tapgyryň “Almeriýa” garşy oýnunyň birinji ýarymynda het-trik amala aşyrdy. Benzema bäşinji, 17-nji we 42-nji (penaltiden) minutlarda gol geçirdi.
Hüjümçi La...
Katarly şeýh “Mançester Ýunaýted” üçin $6,3 mlrd hödürled
Kataryň öňki premýer-ministri şeýh Hamad ben Jasim ben Jaber Al Taniniň ogly “Mançester Ýunaýtedi” 5 mlrd funt sterlinge (6,3 mlrd dollar) satyn almak üçin ahyrky teklibi öňe sürdi. Bu barada Bloomberg habar berýär diýip, sportrbc.ru belleýär. 28-nji aprelde topary satyn almak üçin arzalary bermegiň üçünji tapgyrynda ahyrky möhlet geçdi.
“MÝ...
Marca neşiri okyjylaryň pikirine esaslanyp, dünýäniň simwoliki ýygyndysyny düzdi
Ispaniýanyň Marca sport neşiri öz okyjylarynyň pikirine esaslanyp, dünýäniň simwoliki ýygyndy toparyny neşir etdi.
Dünýäniň iň güýçli oýunçylarynyň topary aşakdakylar:
Derwezeçi: Tibo Kurtua (“Real”);
Goragçylar: Aşraf Hakimi (“PSŽ”), Ronald Arauho (“Barselona”), Eder Militao (“Real”), Alfonso Dewis (“Bawariýa”);
Merkezi...
Türkmen dzýudoçylary Kuweýtde Aziýanyň Açyk Kubogyna gatnaşýarlar
Türkmenistandan 14 sany türgen 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçirilýän Dzýudo boýunça Aziýanyň Açyk Kubogyna gatnaşýar. Bu barada Dzýudonyň Halkara Federasiýasynyň resmi saýtynda aýdylýar.
Türkmenistanyň erkekler toparynyň düzümine: Aýbek Omirow, Mekan Ramazanow, Döwran Ýazkylyçow, Ali Agammämedow (ählisi 60 kg çenli agram derejede...
Holand «Arsenala» gol geçirip, Premýer-liganyň rekordyny täzeledi
«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand Angliýanyň Premýer-ligasynyň 33-nji tapgyr duşuşygynda «Arsenalyň» derwezesine gol geçirdi. Şeýlelikde, bu gol norwegiýaly futbolçy üçin Angliýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde hasap boýunça 33-nji boldy. Netijede Holand bir möwsüm üçin geçirilen gollaryň sany boýunça Mohammed Salahyň 2017/2018 möwsüm...
«Tottenhem» «Nýukasldan» ýeňlenden soň tälimçisini wezipesinden boşatdy
Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) «Tottenham» kluby geçen dynç güni geçen Angliýanyň çempionatynyň nobatdaky tapgyrynda «Nýukasl Ýunaýtedden» ýeňlenden soň, baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiriji Kristian Stellini işinden boşatdy  diýip, gazeta.ru habar berýär.
Londonyň topary 1:6 hasabynda ýeňildi, üstesine duşuşygyň ilkinji 20 minudynd...
«Mançester Ýunaýted» Neýmary almaga gyzyklanma bildirýär
Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) «Mançester Ýunaýted» kluby fransuz «Pari Sen-Žermeniniň» we Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar bilen gyzyklanýar. Bu barada «Footmercato» neşiri habar berýär.
Iňlis kluby entek parižlilere futbolçynyň geçirilmegi barada resmi teklip bermedi, ýöne birnäçe aý bäri oýunçynyň Liga 1 toparyn...