Ispaniýanyň “Sewilýasynyň” goragçysy Serhio Ramos Çempionlar ligasynyň taryhynda iň netijeli goragçy boldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Toparlaýyn tapgyryň jemleýji tapgyr oýnunda Ramos “Lans” fransuz toparynyň derwezesine gol geçirdi. Indi onuň hasabynda Ýewropanyň esasy futbol ýaryşynda 17 gol bar. Bu görkeziji boýunça ol 16 gol geçiren Žerar Pikeden we Roberto Karlosdan öňe geçdi. “Sewilýa” “Lansdan” 1:2 hasabynda utuldy. Duşuşygyň 63-nji minutynda “Lansyň” oýunçysy Pşemyslaw Frankowski penaltiden hasaby açdy. 16 minutdan soň Serhio Ramos on bir metrlik urgudan hasaby deňledi, ýöne Anželo Fýulžini “Lansy” ýene öňe çykardy. B toparçanyň ýaryş jedwelinde “Sewilýa” dördünji orny eýeledi we ýewrokubokdan çykdy. “Lans” toparlaýyn tapgyry üçünji orunda tamamlady. Indi topar Ýewropa ligasynda ýeňiş ugrunda göreşer. Londonyň “Arsenaly” birinji orundan, Niderlandlaryň PSW topary ikinji orundan Çempionlar ligasynyň pleý-offuna çykdy. Ramos 2002-nji ýyldan 2005-nji ýyl aralygynda “Sewilýada” çykyş etdi. 2005-nji ýylda Madridiň “Realyna” geçdi we onda 2021-nji ýyla çenli oýnady. 2023-nji ýylda Ramos “Sewilýa” gaýdyp geldi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir