Ählumumy maýlama sebäpli Demirgazyk buzly ummanynda tutuş bir ada ýitirim boldy

Demirgazyk buzly ummanyndaky Frans Iosif arhipelagynyň bir bölegi hasaplanýan, 53 gektar meýdany bolan Mesýatsew adasy ýitirim boldy. Bu barada Rus geografika jemgyýeti habar berýär.
Guramanyň web sahypasy adanyň global ýylylyk netijesinde erändigini belleýär. Moskwa awiasiýa institutynyň dosenti Alekseý Kuçikonyň aýdyşy ýaly, sputnik suratl...

Dowamy »

117 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

LEGO we Universal Pictures üç sany täze filmi anons etdiler

LEGO kompaniýasy Universal Pictures bilen hyzmatdaşlykda üç sany täze oýun filmini çykarar. Bu barada Variety habar berýär.
Geljekki filmleriň sýužeti barada maglumatlar häzirlikçe ýok, ýöne her bir taslama üçin režissýorlar eýýäm kesgitlenildi.
Filmleriň biriniň režissýory hökmünde “Jumanji” franşizasy («Джуманджи») we “Örän erbet mu...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Antarktidanyň üstündäki ozon deşigi kiçelmegini dowam edýär: alymlaryň soňky barlaglary

NASA we ABŞ-nyň Ummanlar we atmosfera barlaglary milli müdirliginiň alymlarynyň alan täze maglumatlary 2024-nji ýylda Antarktidanyň üstündäki ozon deşiginiň meýdanynyň ep-esli kiçelendigini görkezýär diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.
Güýzüň birinji ýarymynda geçirilen ölçeglere görä, ozon deşiginiň iň uly meýdany 22,4 million inedördül kilom...

Dowamy »

129 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Şondong dünýäniň iň uly gowagy hökmünde ykrar edildi: oňa Giza pramidasynyň 15 sanysy ýerleşip biler

Wýetnamdaky Şondong gowagy (Hang Son Doong) dünýädäki iň uly gowak hökmünde ykrar edildi. Live Science-iň ýazmagyna görä, onuň içinde diýseň ýer köp bolup, ol ýerde Beýik Giza piramidalarynyň azyndan 15-si ýerleşip biler.
Gowak Fongnýa-Kebang milli seýilgähinde 1990-njy ýylda ýerli ýaşaýjy aw awlaýarka tötänleýin tapyldy. Ýöne gowakdan çykan...

Dowamy »

127 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Duden sözlügi nemes dilinde iň uzyn sözi saýlady: onda 67 harp bar

Meşhur nemes sözlügi Duden nemes dilinde iň uzyn sözleriň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 67 harpdan ybarat bolan Grundstucksverkehrsgenehmigungszustandigkeitsubertragungsverordnung sözi eýeledi diýip, sözlügi düzüjileriň saýtynda habar berilýär.
Bu söz arkaly “ýer bölegi bilen şertnama rugsat berlende ýurisdiksiýany geçirmegiň dü...

Dowamy »

128 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Moldowada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Maýýa Sandu ýeňiş gazandy

Moldowanyň Merkezi saýlaw topary prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Maýýa Sanduwyň ýeňşini yglan etdi. Bu barada meduza.io habar berýär.
Sesleriň 99,73%-i gaýtadan işlenenden soň, Sandu 55,36% ses aldy, onuň garşydaşy, öňki baş prokuror Aleksandr Stoýanoglo bolsa 44,64% ses gazandy.
MST-niň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, ýurtda...

Dowamy »

112 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Türkmenistan Lihtenşteýn bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

1-nji noýabrda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gol çekmek dabarasyn...

Dowamy »

145 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Google meýilnamasyny üýtgedýär: Android 16 adatdakysyndan ir çykar

Google öz blogunda Android 16 operasion ulgamynyň 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde çykjakdygyny tassyklady. Kompaniýa adaty tertibini üýtgetmek kararyna geldi.
Öň, Google Android-iň täze wersiýalaryny, adatça, awgust aýyndan oktýabr aýy aralygynda çykarýardy. Indi ulanyjylar operasion ulgamyň indiki wersiýasyna 2025-nji ýylyň aprel, maý ýa-d...

Dowamy »

108 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

“Kalmar oýnunyň” 2-nji möwsüminiň tizeri çykdy: oňa eýýäm 12 mln gezek tomaşa edildi

Lucca Comics & Games çäresinde meşhur “Kalmar oýny” (Игра в кальмара) serialynyň ikinji möwsüminiň tizeri hödürlendi. Variety neşiriniň habar bermegine görä, täze möwsüm şu ýylyň 26-njy dekabrynda çykar.
Netflix tarapyndan YouTube-da ýerleşdirilen wideo eýýäm 12 milliondan gowrak tomaşa ýygnady.
Tizere görä, täze möwsüm baş gahryman G...

Dowamy »

142 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Şowsuz çykan "Adam-garynja we Ary: Kwantomaniýa" filmi Marvel-a 88 müň dollar girdeji getirdi: nädip?

"Adam-garynja we Ary: Kwantomaniýa (gyzykly, ajaýyp we haýran galdyryjy)" filmi kassa ýygymynda şowsuzlyga, tankytçylaryň we tomaşaçylaryň ýaramaz synlaryna duçar bolsa-da, kän bir çykdajyly bolmady. Forbes-iň habaryna görä, gülküli kino (kinokomiks) Marvel studiýasyna (Disneý media konglomeratyna degişli), takmynan, 88 müň dollar girdeji getirdi....

Dowamy »

127 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Madridiň “Realy” Ispaniýada suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň günorta-gündogaryndaky Walensiýa welaýatynda suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, “Çempionat” portaly belleýär.
“Madridiň “Realy” haýyr-sahawata 1 mln ýewro bagyş etmek bilen, kyn ýagdaýa düşen we biziň goldawymyza mätäç bolan köp sanly hojalyk...

Dowamy »

116 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Türkmenistan GDA-da dizel ýangyjynyň elýeterli bahasy boýunça birinji orny eýeleýär

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda dizel ýangyjynyň baha taýdan elýeterliligi boýunça birinji orny eýeleýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligine salgylanyp, Orient ýazýar.
Global petrol Prices (GPP) portalynyň täzelenen reýtingine görä, Türkmenistan global sanawda 7-nji orny eýeleýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda...

Dowamy »

116 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

Aşgabatda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda geçirilen «Milli ykdysadyýetimiziň häzirki zaman özgertmeleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolup geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we milli manadyň 31 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, Orient habar berýär.
Bäsleşigiň esasy maksady ykdysad...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Garažda ýarym asyrlap saklanan "Mersedes-Benz" 9,3 million dollara satyldy

Rudi Klýaýnyň onlarça ýyllap garažynda saklanýan gizlin ýygyndysy (kolleksiýasy) "RM Sotheby's" auksionynda satyldy. “Zibil” diýlip atlandyrylan lot auksionyň esasy bölegi boldy, bu 1956-njy ýylda öndürilen we seýrek gabat gelýän “Mersedes-Benz 300 SL Alloy Gullwing”awtoulagydyr.
Auksion öýüniň web sahypasynda bellenişi ýaly, bu öndürilen aw...

Dowamy »

139 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky ilçisini belledi

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti 31-nji oktýabrda degişli Permana gol çekdi.
M.Çaryýew diplomatik işini Pariž şäherindäk...

Dowamy »

135 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Serdar Berdimuhamedow Alžiri milli baýramy —Ynkylap güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna ýurduň milli baýramy —Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, aba...

Dowamy »

145 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Frensis Ford Koppola Amerikan kino institutynyň hormatly baýragyny alar

Amerikaly režissýor, “Çokundyran ata” (Крёстный отец) kinotrilogiýasyny goýan Frensis Ford Koppola Amerikan kinematografiýa institutyndan (AFI) hormatly baýragyň eýesi bolar. 50-nji ýubileý gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde Los-Anjelesde geçiriler.
AFI Life Achievement Award baýragy Koppolanyň karýera üstünlikleri üçin berl...

Dowamy »

141 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Xiaomi-niň SU7 Ultra giperkarynyň önümçilik wersiýasy indi sargyt etmek üçin elýeterli

Xiaomi kompaniýasy SU7 Ultra elektrik giperkarynyň tapgyrlaýyn wersiýasyny resmi taýdan hödürledi. Prototipi tomusda görkezilen täze awtomobil indi 814 900 ýuan (takmynan, 114 200 dollar) baha bilen sargyt etmek üçin elýeterlidir.
Üpjünçilige indiki ýylyň ýazynda başlamak meýilleşdirilýär.
Car News China neşiriniň habar bermegine görä...

Dowamy »

142 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Toyota sekizinji aý bäri önümçiligini azaldýar, ABŞ-da we Hytaýda söwda peselýär

Toyota sentýabr aýynda dünýä boýunça önümçiliginiň yzygider sekizilenji aý 826 556 ulaga çenli peselendigini mälim etdi. Bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 8 göterim az. IXBT-iň habar bermegine görä, esasy kynçylyklar ABŞ-nyň we Hytaýyň bazarlarynda ýüze çykypdyr.
Howpsuzlyk ýassyklary bilen bagly ýüze çykan näsazlyklar sebäpli Grand Highlander...

Dowamy »

138 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Geçirilen barlaglar çagalykda semizligiň geljekde dem alyş ýollaryň sökelliklerine getirip biljekdigini görkezdi

Şwesiýanyň Karolin instituty (KI) tarapyndan geçirilen barlag çagalaryň semizliginiň olaryň dem alyş ulgamynyň ösüşine ýaramaz täsir edýändigini görkezdi. Bu barada TASS institutyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Alymlar çagalarda artykmaç agramyň öýkeniň işleýşiniň peselmegine, eger ýetginjeklikden ozal agramy kadalaşdyrylmasa,...

Dowamy »

121 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago