Copilot çat-boty saz ýazmaga we aýdymyň sözlerini düzmäge başlady

TechCrunch-iň habaryna görä, Microsoft-yň emeli aň esasly Copilot çat-boty GenAI-yň Suno aýdym-saz hyzmaty bilen birleşmek arkaly aýdym ýazyp biler. Ulanyjylar “Maşgalaňyz bilen başdan geçirmeleriňiz hakda pop aýdymy dörediň” ýaly pikirleri Copilot-a girizip bilerler we Suno sözleri, sazlary we aýdymçylaryň sesleri bilen birlikde aýdym teklip eder....

Dowamy »

371 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Nýu-Ýorkda 4-nji dekabry repçi Jay-Z-niň güni diýip yglan etmek isleýärler

Nýu-Ýorkda amerikaly repçi Jay-Z-niň (hakyky ady Şon Kori Karter) doglan güni mynasybetli 4-nji dekabry Jay-Z-niň güni diýip yglan etmek isleýärler. Bu barada lenta.ru habar berýär.
Şeýle teklip bilen Nýu-Ýorkyň şäher geňeşiniň agzalary çykyş etdiler. Repçi Bruklinde dünýä indi we Bedford-Staýwesant etrabynda ulaldy. Ol çagalykda ejesiniň bu...

Dowamy »

340 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«PSŽ-niň» indiki möwsümde çykyş etjek köýnekçesinde Eýfel diňiniň şekili ýerleşdiriler

Internetde «Pari Sen-Žermen» toparynyň geljek möwsüm myhmançylyk duşuşyklarynda geýjek köýnekçesiniň suraty peýda boldy. Bu barada mail.ru «Footy Headlines» neşirine salgylanyp habar berýär.
Myhmançylyk köýnekçesi Fransiýanyň baýdagynyň reňklerinde bolar. Ak köýnekçede gök we gyzyl reňklerde Eýfel diňiniň uly şekili ýerleşdiriler. Bu dizaýn...

Dowamy »

342 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

SpaceX bir ýylda uçurylan raketalaryň sany boýunça täze rekord goýdy

«SpaceX» kompaniýasy şu ýyly ajaýyp netijeler bilen tamamlar. Ol 2023-nji ýylda jemi 97 sany «Falcon» raketasyny uçurdy. Bu 2022-nji ýylda uçurylan 60 raketa bilen deňeşdirilende, örän uly netije.
Işgärleriň özleri has uly maksatlarynyň bardygyny aýdýarlar – olar tamamlanyp barýan ýylda 100 uçuryş amala aşyrmagy umyt edýärdiler. Muňa garamaz...

Dowamy »

334 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

ABŞ-ly alymlar dokluk duýgusyny döredýän derman gerdejigini döretdiler

ABŞ-nyň alymlary titreme arkaly işdäni azaldýan derman gerdejigini taýýarladylar. Bu titremeli gerdejik kabul edilýän iýmiti 40 göterim azaltmak bilen horlanmaga kömek edýär.
Nahar iýlende aşgazan uzalyp, nerw ulgamy arkaly adam beýnisine signal iberilýär, şondan soň dokluk duýgusy ýüze çykýar. Alymlar tarapyndan döredilen derman gerdejigini...

Dowamy »

327 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Ýyl boýy dürli ugurlarda zähmet çekýän, dürli ugurlarda okaýan watandaşlarymyzy bereketli bir saçagyň — bir saýtyň başyna jemlemegi başaran TmCars-yň döredijilik topary şu şatlykly pursatlarda Sizi we siziň maşgalaňyzy, ähli halkymyzy Täze 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Özüňize, öý-ojagyňyza, maşgalaňyza hem-de ulus-ilimize hemişe sagly...

Dowamy »

348 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

3-nji ýanwarda Ýer Güne iň ýakyn nokadyna barar

3-nji ýanwarda Ýer Güne iň ýakyn nokadyna barar, şonuň üçin hem Günüň görünýän diametri ýylyň dowamynda aňrybaş uly bolar. Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugynyň TASS-a beren habaryna görä, Günüň diski iýul aýynyň başyndakysyndan 3% uly görner.
Şol gün planetalaryň arasyndaky aralyk 147 098 988 km (0,983296 AU) bolar.
"2024-nji ý...

Dowamy »

376 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Metacritic-iň tankytçylarynyň wersiýasyna görä, 2023-nji ýylyň iň erbet filmleri agzaldy

Meatcritic web sahypasynyň redaktorlary tankytçylaryň pikiri boýunça 2023-nji ýylyň iň erbet filmleriniň anti-reýtingini düzdüler. Ýygynda diňe tomaşaçylardan azyndan dört syn alan filmleriň düşendigini bellemelidiris.
Birinji ýer “Winni-Puh: Gan we bal” atly gorkunç filmiň paýyna düşdi. Şeýle hem ýygynda Zak Snaýderden “Gozgalaňçy Aý”, “Dur...

Dowamy »

385 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Teýlor Swift Elwis Presliniň gazanan üstünligini gaýtalady

Teýlor Swift «1989» plastinkasy bilen (Taylor's Version) yzygider dördünji hepde Billboard 200 albom sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada Daily Mail habar berýär.
12 gezek «Gremmi» baýragynyň ýeňijisi bolan aýdymçynyň üç albomy Billboard diagrammasynda ilkinji onluga girdi: Midnights plastinkasy - üçünji, Lover bolsa ýedinji ýerde. Umum...

Dowamy »

373 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Binance-y esaslandyryjy Çanpen Çžaonyň baýlygy 2023-nji ýylda 25 milliard dollar artdy

Bloomberg Billionaires Index-e görä, Binance-yň esaslandyryjysy Çanpen Çžaonyň baýlygy 2023-nji ýylda 25 milliard dollar artdy. Çžao 2023-nji ýylda baýlygy birden artan kriptotelekeçileriň sanawynda birinji orunda durýar. Ondan hem başga sanawda Coinbase-iň baş direktory Braýan Armstrong we Amerikanyň Gemini biržasyny dolandyrýan ekiz doganlar Keme...

Dowamy »

382 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Kolumbiýada aýdymçy Şakiranyň hormatyna ýadygärlik açyldy

Aýdymçy Şakiranyň dogduk şäheri bolan Kolumbiýanyň Barrankilýasynda onuň hormatyna ýadygärlik heýkeli açyldy. Dabaradan wideony şäher häkimi Haýme Pumahero Haýns Instagram-da ýerleşdirdi diýip, rbc.ru habar berýär.
Şakiranyň heýkeliniň obrazy onuň Hips Don’t Lie aýdymy üçin 2005-nji ýyldaky klibine esaslanýar. Heýkeliň beýikligi 6,5 m bolup,...

Dowamy »

364 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Akwamen hakyndaky täze film ilkinji hepdesinde Amerikanyň prokatynda birinji orna çykdy

«Akwamen we ýitirilen patyşalyk» filmi ilkinji dynç gününde ABŞ-nyň we Kanadanyň kinoteatrlarynda 28 million dollar gazanyp, Demirgazyk Amerikanyň prokatynda birinji orny eýeledi.
Hünärmenler duşenbe gününi hem öz içine alýan Roždestwo baýramynda onuň jemi 40 million dollar toplajakdygyny çaklaýarlar. 200 million dollara golaý çykdajy eden f...

Dowamy »

358 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Çeburaşka» filminiň «Çeburaşka. Dynç güni» atly ýörite bölümi çykar

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Çeburaşka» filminiň «Çeburaşka. Dynç güni» atly ýörite bölümi çykar. Bu barada TASS habar berýär.
«Çeburaşka 2-ä» ýene iki ýyl töweregi garaşmaly, ýöne Gena bilen Çeburaşkanyň täze başdangeçirmelerini häzirden görmek isleýärsiň. Biz çykalga tapdyk we halaýan gahrymanymyzyň durmuşynyň bir güni barada kiçijik f...

Dowamy »

376 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Adamzat sebäpli nesli tükenen ilkinji balyk görnüşi hasaba alyndy

Ýawa skatlary (Urolophus javanicus) Halkara tebigaty goramak bileleşigi (HTGB) tarapyndan adamzadyň işjeňligi sebäpli nesli tükenendigi resmi taýdan yglan edilen ilkinji deňiz jandary boldy. Häzirki wagtda süýji suwda ýaşaýan balyk görnüşleriniň takmynan 20%-ne şol sebäbe görä we howanyň üýtgemegi sebäpli ýitip ýok bolmak howpy abanýar.
«Süý...

Dowamy »

389 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Tăze ýyl günleri Aşgabatda garaşylýan howa maglumaty

2023-nji ýylyň ahyry, 2024-nji ýylyň başy Aşgabatda güneşli, ýöne ýeterlik derejede salkyn howa bolar. Degişli maglumatlary Gismeteo howa maglumatlar portaly hödürledi.
Şeýlelikde, geljek dynç günleri paýtagtymyzda howanyň temperaturasy +11...+14 gradus aralygynda bolar, ygal düşmez.
Anna gününden howanyň temperaturasy birden pese düş...

Dowamy »

344 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«Yonekey» mobil goşundysy Hytaýdan edilen sargytlary ähli welaýatlara mugt eltip başlady

«Yonekey» marketpleýsi Täze ýyl mynasybetli 28-nji dekabrdan başlap, Hytaýdan onlaýn sargyt edilen harytlaryň ählisini mugt eltip berýär. Ulanyjylara indi diňe harydyň puluny töläýmek galýar.
«Yonekey» marketpleýsi Türkmenistanyň ähli künjegindäki adamlar üçin Hytaýdan dürli görnüşli harytlar iň arzan bahalardan getirip berýär. «Ýönekeý» kär...

Dowamy »

340 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan dabaralara gatnaşdy

28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.
Bu ýerde geçirilýän dabara gatnaşýan çagalar Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutany ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaş...

Dowamy »

332 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Serdar Berdimuhamedow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp guralan sergi bilen tanyşdy

28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine bagyşlanyp guralan köpugurly sergi bilen tanyşdy.
Sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hema...

Dowamy »

323 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen Söwda-senagat edarasynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy

28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň uly zalynda guralan Täze ýyl baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.
Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkme...

Dowamy »

345 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Hytaýyň Bilim ministriniň orunbasary Aşgabada iş sapary bilen geldi

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň n...

Dowamy »

343 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago