Kazyýet Apple kompaniýasyny iPhone-yň işleýşini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara $500 mln tölemäge borçlandyrdy
Apple amerikan kompaniýasy öz gurluşlarynyň işini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara kompensasiýa hökmünde 500 mln dollar tölär. Bu barada The Messenger portalyna salgylanyp, TASS habar berýär.
HBS ABŞ-nyň kazyýetiniň kupertinoly kompaniýany käbir iPhone modelleriniň işini bilkastlaýyn haýallatmakda aýyplaýan toparlaýyn şi...
Red Bull 2024-nji ýylda ilkinji giperkaryny görkezer
Red Bull topary ilkinji giperkarynyň öndüriljek möhletini üýtgetdi. Awtoulagyň ilkinji gezek görkeziljek senesi bir ýyl öňe süýşdi, ýagny ol şu ýyl eýýäm görkeziler diýip, Red Bull Advanced Technologies bölüminiň başlygy Kristian Horner Sky Sports-a beren interwýusynda aýdandygyny auto.ru habar berýär.
Işläp taýýarlanyş prosesinde giperkary...
Sony Apple Vision Pro bilen bäsleşip biljek giňeldilen hakykat garniturasyny hödürledi
Las-Wegasda geçirilen iň uly tehnologiýa sergisinde Sony özüniň giňeldilen hakykat garniturasyny (XR) hödürledi. Gadgets360-a salgylanýan Ferra-nyň habar bermegine görä, enjam 4K durulykly iki sany OLED ekran we iki dolandyryjy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Sony-niň garniturasyny eýýäm Apple Vision Pro-nyň potensial bäsdeşi diýip atlandyrýarlar....
ABŞ-da Sonora çölünde dünýädäki iň haýal kamera – “müňýyllygyň kamerasy” oturdyldy
ABŞ-da 10 asyr dowam etjek üýtgeşik bir tejribe geçirilýär. Arizona ştatyndaky Sonora çölünde dünýäde iň haýal hereket edýän kamera oturdyldy – bu gurluşyň bir suraty düşürmegi üçin dogry 1000 ýyl gerek. Enjam “müňýyllygyň kamerasy” diýlip atlandyrylýar diýip, hi-tech.mail.ru habar berýär.
Kamera eýýäm çölüň peýzažyny surata düşürip başlady....
«Avatar 4» filmini surata düşürmek işleri 2024-nji ýylyň fewral aýynda başlar
«Awatar» filminiň dördünji bölüminiň surata düşürilip başlanjak senesi aýan edildi. Muny franşizada Jeýk Sally atly gahrymanyň keşbini janlandyran awstraliýaly aktýor Sem Wortington «People» neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, lenta.ru habar berýär
Artist «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeronyň dördünji bölümi surata düşür...
2024-nji ýylyň iň uly býujetli filmleri belli boldy
“RBK Life” neşiri 2024-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilýän iň uly býujetli filmleriň bäşligini düzdi. Sanawda birinji orny 230 mln dollar býujet bilen “Furiosa: A Mad Max Saga” (“Фуриоса: Хроники Безумного Макса”) filmi eýeledi. Awstraliýaly režissýor Jorj Milleriň bu blokbasteri “Mad Max: Fury Road” (“Безумный Макс: Дорога ярости”) lentasynyň prikw...
Bitkoiniň bahasy 2022-nji ýylyň martyndan bäri ilkinji gezek 47 müň dollardan geçdi
Söwda sessiýasynyň dowamynda bitkoiniň bahasy 2022-nji ýylyň 30-njy martyndan bäri ilkinji gezek 47 müň dollar belliginden geçdi. Bu barada Coindesk platformasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.
Aşgabat wagty bilen sagat 00:59-daky maglumatlara görä, bitkoiniň bahasy 6,33% ýokarlanyp, 47 054 dollara ýetdi, şondan soň ösüşini h...
Samsung äýnek talap etmeýän 3D monitory döretdi
Samsung kompaniýasy ýönekeý göz bilen görüp boljak 3D şekillerini göterýän oýun monitorynyň döredilendigini yglan etdi. Kompaniýa monitoryň iş prototipini CES 2024 sergisiniň açylyşyndan öň Digital Trends neşiriniň žurnalistlerine görkezdi diýip, ixbt.com habar berýär.
Displeý ulanyjynyň kellesini we gözlerini yzarlaýan ekranyň ýokarky böleg...
Ýazyjylar Microsoft-y we OpenAI-y kazyýete berdiler
Amerikaly ýazyjylar Nikolas A. Basbeýns we Nikolas Geýj Microsoft we OpenAI kompaniýalaryny emeli aňa öwretmek üçin intellektual eýeçiligi ogurlamakda aýyplap, olaryň üstünden Manhetteniň federal kazyýetine arza berdiler diýip, PCMag-a salgylanýan 3DNews habar berýär.
Toparlaýyn ýazylan täze arzada ýazyjylar milliard dollarlyk işewürlik impe...
ULA kompaniýasy Aýa Peregrine modully Vulcan raketasyny uçurdy
8-nji ýanwarda Amerikanyň United Launch Alliance (ULA) kompaniýasy Aýa ýük, şol sanda Peregrine gonuş modulyny eltjek Vulcan raketasyny uçurdy. TASS-yň habaryna görä, uçuryş kompaniýanyň web sahypasynda ýaýlyma berildi.
Täze raketanyň uçurylyşy ýerli wagt bilen sagat 02:18-de (12:18 aşg.) Kanaweral (Florida ştaty) burnunda ýerleşýän kosmod...
Alymlar Parkinson keseli bolan adamlara kömek etjek ekzoskelet döretdiler
ABŞ-nyň Garward we Boston uniwersitetleriniň alymlar topary Parkinson keseli bilen kesellänlere ýykylman we gapdaldan söýeg berilmezden ynamly ýöremäge kömek edýän “ýumşak” ekzoskelet döretdi. Bu barada 3DNews TechCrunch-e salgylanyp habar berdi.
Parkinson keseli bolan adamlar daýanç-hereket ediş agzalarynyň sökelliklerini başdan geçirýärler...
Alymlar miweleriň saklanyş möhletini uzaldýan biogel döretdiler
Russiýanyň Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri otag temperaturasynda miweleriň, gök önümleriň we ir-iýmişleriň saklanyş möhletini uzaltmaga ukyply biopolimerlerden ybarat gel döretdiler.
TASS-yň habar bermegine görä, miweleri gaplanylýan wagtynda we gönüden-göni agajyň şahasynda gaýtadan işläp bolýar.
«Biogeliň ýuk...
Ýaponiýada kämillik ýaşynyň güni döwlet derejesinde bellenilýär
8-nji ýanwarda tutuş Ýaponiýada milli baýramçylyk – kämillik ýaşynyň güni bellenilýär. Emma häkimiýetler dowam edýän ýertitremelerinden ejir çeken ýurduň köp etraplarynda resmi dabaralary we baýramçylyk çärelerini ýatyrmak kararyna geldiler diýip, TASS habar berýär.
2023-nji ýyldan başlap, baýramçylyk Ýaponiýanyň 18 ýaşyna ýeten ähli ýaşaýjy...
Mourinýo möwsümiň ahyrynda «Romadan» gidip biler
Portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýo möwsümiň ahyrynda «Romanyň» baş tälimçisi wezipesinden gitmek mümkinçiligini pikirlenýär diýip, RIA Nowosti «Foot Mercato» salgylanyp habar berýär.
Rimiň futbol topary bilen 60 ýaşly hünärmeniň häzirki şertnamasy 2024-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. «Roma» 19 tapgyrda 29 utuk gazanyp, Italiýanyň çe...
Alymlar Marsyň ýaşamak üçin ýaramly bolup biljekdigini anykladylar
Täze ylmy gözlegler Marsyň ýüzasty zolagynda ýaşaýşyň bolup bilmeginiň mümkinligi barada goşmaça maglumatlary berýär. Alymlar bu sebitiň amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek üçin möhüm komponentler bolan demir we magniý elementlerine baý tohum emele gelmelerini saklaýandygyny anykladylar. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Bu geologiki formasiýal...
Alymlar 2024-nji ýyl iň yssy ýyl bolup biler diýip belleýärler
Bu ýyl howa gözegçilikleriň tutuş taryhynda iň yssy ýyl bolup biler diýip, hünärmenlere salgylanýan Bloomberg-iň habar berýändigini RBK ýazýar.
Agentlik 2024-nji ýylda temperaturanyň ýokarlanmagynyň El-Niýo hadysasy - Ýuwaş ummanyň ekwatorial böleginde suwuň üstki gatlagynyň temperaturasynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly boljakdygyny ýazýar....
Aktýor Uillem Defo Golliwuddaky “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz aldy
Aktýor Uillem Defo Los-Anjelesdäki “Şöhrat alleýasynda” hormatly ýyldyza mynasyp boldy. Çäre “Variety” neşiri tarapyndan göni ýaýlyma berildi diýip, championat.com habar berýär.
Defo öz ýyldyzynyň öňünde dyza çökdi, ony ýerleşdirilenden soň ogşady we ýerinden turdy. Şeýle şatlykly pursatda aktýory Pedro Paskal, Mark Ruffalo, Gilýermo del Tor...
Alymlar aşa berk beton döretmek üçin kofe löderesini ulanmagy teklip etdiler
Önümçilik wagtynda düzümine kofe löderesi goşulsa, beton 30% berkleşýär. Bu önüm şeýle görnüşde ulanylsa, organiki galyndylary gaýtadan ulanmak meselesini çözüp, daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaldyp biler diýip, Melburnyň Şa tehnologiýa uniwersitetiniň (RMIT) alymlary aýtdy.
Dünýäde her ýyl 10 milliard kilogram kofe galyndylary emele gelýä...
BMW CES 2024-de iň täze awtoulag tehnologiýalaryny görkezer
IXBT.com-yň habaryna görä, Las-Wegasda Consumer Electronics Show (GES, Halkara sarp ediş elektronikasy sergisi) sergisinde BMW kompaniýasy akylly kabinalar, akylly sürmek ugrunda we beýleki ugurlarda soňky gazananlaryny görkezer.
Resmi beýanata görä, nemes awtoulag öndürijisi Amazon Alexa-nyň uly dil modeli tarapyndan üpjün edilýän emeli aň...
“Forbes” dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingini hödürledi
“Forbes” žurnaly dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň sanawyny hödürledi. Toparlara infrastrukturasy, düzümi we sport bazaryndaky täjirçilik ýagdaýy boýunça baha berildi. Bu barada championat.com habar berýär.
Şeýlelikde, birinji orny hünärmenler tarapyndan bahasy 5 mlrd 490 mln ýewro diýlip hasaplanan Madridiň “Realy” eýeledi. Ikinji orna...