Arabika kofesiniň bahasy noýabrdan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin $6250-den aşak düşdi

Dünýäde arabika kofesi üçin bahalar 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin 6250 dollardan aşak düşdi.
ICE Futures biržasynyň maglumatlaryna görä, 2-nji iýulda, çarşenbe güni, arabika üçin sentýabr fýuçersiniň bahasy 3,41% peselip, bir funt üçin 2,82 dollar boldy. Bu bolsa bir tonna üçin, takmynan, 6217 dollara deňdir.

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Bezosyň Wenesiýadaky toýy brendleri 222 mln dollar baýatdy

Jeff Bezos bilen Loren Sançesiň Wenesiýadaky toýy brendlere 222 mln dollar girdeji getirdi. Şeýle baha metbugatda, sosial ulgamlarda we mediakanallarda agzalýar diýip, Launchmetrics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, WWD habar berýär.
Hususan-da, Dolce&Gabbana moda öýi uly peýda gazandy: gelniň köýnegi brende 14,5 mln dollar...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar.
ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Ses ýazgysy tas ýedi sagat dowam...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Bentley 20 ýyldan soň ilkinji gezek nyşanyny täzeledi

Bentley ganatly nyşany bolan Winged B-niň täze görnüşini resmi taýdan hödürledi. Bu logotipiň soňky 20 ýylyň dowamyndaky ilkinji täzelenmesi bolup, brendiň 106 ýyllyk taryhyndaky bäşinji täzelenmesidir. Täze logotip ilkinji gezek 8-nji iýulda tanyşdyryljak konsept awtoulagda peýda bolar.
Täzelenen nyşanyň üstünde kompaniýanyň täze baş dizaýn...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 25-nji iýun – 3-nji iýul aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Çäräniň çäginde ummanlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahat gurady

22-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Saparyň dowamynda Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkezi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyl...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi

3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.
R.Meredow Ilham Ali...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi

Ansu Fati “Barselona” bilen şertnamasyny 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada katalon klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Täze şertnama gol çekilenden soň, 22 ýaşly hüjümçi “Monako” kärendesine berildi. Fransuz kluby oýunçyny bir möwsümlik aldy.
Žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klublaryň arasyndaky şertnamada...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi

Warner Bros. Animation “Pişik” (The Cat in the Hat) multfilminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol Doktor Sýuzyň adybir ertekisiniň ekranlaşdyrmasydyr. Kinoteatrlarda premýera 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirilýär.
Sýužetiň merkezinde iki dogana täze şähere öwrenişmäge kömek edýän gürleýän Pişik durýar. Gahrymanlara Bill Heýder (“O...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Habbl” teleskopy Sowur ýyldyzlar toplumynda mawy öwüsýän dumanlygy surata düşürdi

Astronomlar “Habble” kosmos teleskopyny ulanmak bilen, Sowur ýyldyzlar toplumynda Ýerden takmynan 480 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän yzyna serpikdiriji şöhleli GN 04.32.8 dumanlygyny surata aldylar. DG 41 diýlip hem atlandyrylýan bu ýyldyzlar topary molekulýar buludyň düzümindedir.
"Şöhläni yzyna serpikdiriji dumanlyk - beýleki dumanlykla...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

Nissan Motor Co. ýapon kompaniýasy hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli ABŞ-da 443 899 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär.
Şeýlelikde, dürli ýyllarda çykan Nissan Rogue, Nissan Altima, Infiniti QX50 we Infiniti QX55 modelleri yzyna gaýtar...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi

“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi.
Möwsüm başky üç günüň netijesi boýunça Netflix-iň iňlis dilli däl seriallarynyň arasynda meşhurlygy...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 55 mln funt sterling boldy, ýene 5 mln funty “Braýton” bonus görnüş...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär

Toyota benzin bilen işleýän meşhur Grand Highlander ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin ABŞ-da elektrik ulaglarynyň öndürilişini gijikdirýär diýip, Bloomberg habar berýär.
Ýapon awtoulag öndürijisi Jorjtaun zawodynda (Kentukki ştaty) täze elektrikli wnedorožnigiň önümçiligine badalga bermegiň möhletini 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi....

Dowamy »

112 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular

Awgust aýynda 001 şassi belgili Bugatti Bolide giperkarynyň birinji nusgasy Gooding & Company tarapyndan auksiona çykarylar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň bahasy 6 million dollara ýetip biler. Bu awtoulag diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir.
Ulag ilkinji gezek iki ýyl mundan ozal Gudwuddaky Tizlik festiwalynda çykyş ed...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

Beýik britaniýaly 21 ýaşly Zara Lahlan Atlantika ummanynyň üsti bilen Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde ýüzüp geçen taryhda ilkinji aýal boldy. Şeýle hem ol kesekiniň kömegi bolmazdan we ýolda saklanmazdan, şeýle syýahaty amala aşyran iň ýaş zenandyr diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.
Zara birnäçe tälimçiniň kömegi bilen...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar.
Sazani – Albaniýanyň iň uly adasy bolup, meýdany, takmynan, 5 km2. Ada Adriatik d...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Raşid Meredow Owganystanyň wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy

3-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäginde geçirildi diýip, Türkmeni...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi

Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär.
Kanun taslamasynyň esasy maddalary:
Sanly şahsyýet hukugy: Raýatlar özleriniň raz...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasaryny çalyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak hakynda karara gol çekdi. Döwlet Baştutany bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşiçisi M.Sapargulyýewi belledi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Täze wezipä bellen...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago